Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy 07.05.2018 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Bu iri möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin, hakykatdan-da, strategik ähmiýete eýedir, onuň amala aşyrylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarar, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşdy 27.04.2018 Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşdy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi.

2010-njy ýylda döredilen, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy geçen ýyllarda dürli ýurtlaryň arassa ganly ahalteke atlaryny köpeltmäge, bu tohum atlary kämilleşdirmäge, olaryň ajaýyp nesil we sport häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşen atşynaslaryň gatnaşyk etmegi üçin netijeli gurama öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işleri halkymyzyň milli buýsanjy, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyz uly goşandy bolan ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi 24.04.2018 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Ýokary derejede geçirilýän nobatdaky türkmen-özbek duşuşygy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna kybap gelýän deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini esasy ugur edinýän döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň we duşuşyklaryň hem-de daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistan bilen Özbegistanyň giň möçberli hyzmatdaşlyga we ikitaraplaýyn ýakyn gatnaşyklary berkitmäge hem-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalaryny görkezýär.

TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DÖREDIJILIK PIKIRLERINIŇ MEKANY 20.04.2018 TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DÖREDIJILIK PIKIRLERINIŇ MEKANY
Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy üstünlikleri bilen diňe ýurdumyzyň  däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň taryhyna hem girer, olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hem-de milli Liderimiziň halkara giňişlikde aýratyn abraýyna şaýatlyk edýär.

Üns beriň! 16.12.2017 Üns beriň!
TÜRKMENISTANYŇ “DAÝHANBANK” DÖWLET TÄJIRÇILIK BANKY WE ÄHLI ŞAHAMÇALARY TARAPYNDAN AZYK HARYTLARY ÜÇIN PASPORT GELEŞIKLERINI RESMILEŞDIRMEK HEM-DE ZÄHMET HAKLARYNY HASAPLAŞMAK  MAKSADY BILEN DYNÇ GÜNLERINE GARAMAZDAN 2017-NJI ÝYLYŇ 31-NJI DEKABRYNA ÇENLI MÜŞDERILERI KABUL EDÝÄNDIGINI HABAR BERÝÄRIS!  
Habarlaşmak üçin: 38-03-10; 38-01-36; 38-03-57;


1 - 5 (e/a) 82
Sahypalar:


walýuta - 11.05.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy