Täzelikler

Baýdak – döwletliligiň  nyşany 18.02.2016 Baýdak – döwletliligiň nyşany

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bu ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” , Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk we hemişelik Bitaraplygymyzyň 21 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynda toýlanýar. Döwlet baýdagy Watanymyyzyň özbaşdaklygyny we özygtyýarlylygyny, şeýle-de agzybirligini hem Bitaraplygyny alamatlandyrýan döwlet häkimiýetiniň resmi nyşanydyr. Halkymyzyň milli buýsanjy we döwletliligiň nyşany bolan Döwlet baýdagymyzda halkyň ar-namysy, Watana bolan söýgisi hem buýsanjy jemlenendir. Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygynyň her ýylda uludan bellenilmegi oňa goýulýan hormatdan nyşandyr.

Baýdak baýramyňyz gutly bolsun mähriban watandaşlar! 18.02.2016 Baýdak baýramyňyz gutly bolsun mähriban watandaşlar!

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekiline seredip, ony okap bolýar. Ondaky her bir şekil ýa-da reňk türkmeniň öňden gelýän gyzyldan gymmatly mukaddesliklerini, ýaşaýyş babatdaky pähim-parasatly düşünjelerini hem-de olaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhyny inçeden yzarlaýar. Baýdak hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen halkymyzyň taryhy, ata-babalarymyzyň döwlet döretmekde we gurmakda, şonuň bilen bir hatarda halkyň agzybirligini, parahatçylygyny we rahatlygyny üpjün etmekde bitiren ägirt uly işleri, bu ugurda döreden gymmatlyklary hakydaňa düşýär.

Arkadagyň ak ýolunda, baky parla Baýdagym! 18.02.2016 Arkadagyň ak ýolunda, baky parla Baýdagym!

Ýurdumyz-Berkarar, Ilimiz-Bagtyýar, bagy-bossan Watanymyz Arkadagymyzyň paýhasyndan güller açýar. Şeýle ajaýyp zamanada ak ýollarda ýaşyl Baýdagymyz elmydama parlaýar.

Parzdepe ýadygärligi hakynda 16.02.2016 Parzdepe ýadygärligi hakynda

Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň eteginde ýerleşen  taryhy ýadygärlikleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 16.02.2016 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 15-nji fewraly ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny guramak asylly däbe öwrüldi. Şu gün ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň senagat taýdan önümçiligi boýunça iri “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyş dabarasy boldy.


46 - 50 (e/a) 93
Sahypalar:


walýuta - 02.09.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy