Täzelikler

Bitarap diýara Täze ýyl geldi! 23.12.2015 Bitarap diýara Täze ýyl geldi!

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde we ýurdumyzyň çarýanynda täze başlangyçlara, toplumlaýyn özgertmelere rowaçlyk bermegi halkymyzyň eşretli durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Geçen her bir günimiziň türkmeniň taryhyna ýatdan çykmajak ýakymly wakaly sahypany ýazýar. Täze eýýam Türkmenistanyň halkara abraýynyň günsaýyn artýandygyna, dünýä bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny giňden goldaýandygyna we ykrar edýändigine şaýatlyk edýän buýsandyryjy wakalar bilen taryha ýazylýar.

Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary 23.12.2015 Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary

Türkmenbaşy, 22-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän, kuwwaty ýylda 3 million tonna çig nebiti gaýtadan işlemäge ukyply bolan ELDAD-HT-7 desgasy hem-de umumyzawod hojalyk desgalary açylyp, ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady 23.12.2015 Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady

2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi 14.12.2015 Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

2015-nji ýylyň 13-nji dekabry Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatda sözlän sözi 14.12.2015 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatda sözlän sözi

Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary! Hanymlar we jenaplar!

Şu gün şu zalda bütin dünýäden döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri bu halkara maslahata gatnaşmak üçin ýygnandylar. Ilki bilen, gadyrly myhmanlarymyza mähirli salam bilen ýüzlenýärin.


51 - 55 (e/a) 75
Sahypalar:


walýuta - 25.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy