Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi 11.12.2015 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi

2015-nji ýylyň 10-njy dekabry Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna ýadygärlik şaýy pullary 09.12.2015 Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna ýadygärlik şaýy pullary

Şanly baýramyň – Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan her haýsysynyň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumy çykaryldy. Bu ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy 08.12.2015 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň merkezi köçeleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahaty 05.12.2015 Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahaty

2015-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisi geçirildi. Ol ýetip gelýän baýramçylyga - biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Umumymilli maslahatyň çäklerinde şanly sene mynasybetli watandaşlarymyzyň birnäçesine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy 03.12.2015 Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda gurulýan 600 baş atçylyk toplumynda we 114 hojalyk üçin ýaşaýyş jaýlary toplumynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen ýakyndan tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.


56 - 60 (e/a) 75
Sahypalar:


walýuta - 25.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy