Täzelikler

Aşgabatda pagta önümleriniň Halkara Sergi-Ýarmarkasy hem-de Halkara maslahaty geçirildi 30.11.2015 Aşgabatda pagta önümleriniň Halkara Sergi-Ýarmarkasy hem-de Halkara maslahaty geçirildi

2015-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-29-na Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Pudaklaýyn wekilçilikli iki günlik forumy “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasy hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy 24.11.2015 Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýrat Yslam Respublikasynda resmi saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy.

Durnukly ösüşiň kepili 12.11.2015 Durnukly ösüşiň kepili

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda , töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde, türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.

Durnukly manat - durnukly ösüş 09.11.2015 Durnukly manat - durnukly ösüş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösüş gazanýar. Muňa 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirip bolýar.

Milli manadymyzyň 22 ýyllygyna 04.11.2015 Milli manadymyzyň 22 ýyllygyna

2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa hökümetiň agzalary, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professorlary, mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


61 - 65 (e/a) 75
Sahypalar:


walýuta - 23.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy