Täzelikler

Durnukly manat - durnukly ösüş 09.11.2015 Durnukly manat - durnukly ösüş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösüş gazanýar. Muňa 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirip bolýar.

Milli manadymyzyň 22 ýyllygyna 04.11.2015 Milli manadymyzyň 22 ýyllygyna

2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa hökümetiň agzalary, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professorlary, mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi 26.09.2015 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi

Durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmegi bu çärä aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi 12.09.2015 Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi

2015-nji  ýylyň 10-njy sentýabrynda “Awaza”milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Ol Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm şanly waka boldy.

Şanly ýylyň möhüm taryhy wakalary 09.09.2015 Şanly ýylyň möhüm taryhy wakalary

2015-nji Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň 7-8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyp, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda “Daýanç”,”Ýelken” atly binalar, sport toplumy, söwda-merkezli ýaşaýyş jaý toplumy,. . .


66 - 70 (e/a) 77
Sahypalar:


walýuta - 07.12.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy