Täzelikler

Türkmenistan — BMG: ählumumy derejede pikirlenmek, özbaşdak hereket etmek 01.07.2018 Türkmenistan — BMG: ählumumy derejede pikirlenmek, özbaşdak hereket etmek
Ozal habar berlişi ýaly, şu aýda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki syýasy forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 28-nji iýunda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň wekiliýetiniň öňde boljak foruma gatnaşmagyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu forum BMG-ä agza döwletleriň 193-sini we halkara guramalaryň 50-den gowragyny özünde jemleýär.

Medeniýet hepdeligi — 2018: dabaraly jemlenme 27.06.2018 Medeniýet hepdeligi — 2018: dabaraly jemlenme
Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belleýär. Ahal jülgesinde, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” Medeniýet hepdeligi — 2018-iň ýapylyş dabarasy hem-de bu baýramçylyk mynasybetli sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna 27.06.2018 Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Mähriban watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbüniň tutulyş we açylyş dabaralaryna gatnaşdy 22.06.2018 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbüniň tutulyş we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak hem-de ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezinde bina edilen kiçi etrapçany ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy 20.06.2018 Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.


16 - 20 (e/a) 107
Sahypalar:


walýuta - 17.02.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy