Täzelikler

Bank ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy 09.03.2016 Bank ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy

2016-njy ýylyň 07-nji martynda «Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň «Hazar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň özge pulhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça gaznasy bilen bilelikde guran «Bank işgärleriniň özbaşdak okuwyny ornaşdyrmak» atly sebitara okuw maslahaty öz işine başlady. Oňa Germaniýadan, Gyrgyz Respublikasyndan we Täjigistan Respublikasyndan wekiller, Merkezi bankyň, ýurdumyzyň karz beriji edaralarynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar döwletiniň emiriniň arasynda gepleşikler geçirildi 09.03.2016 Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar döwletiniň emiriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2016-njy ýylyň 07-nji martynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn resmi sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen zenanlary - bagtyýarlyk döwründe 07.03.2016 Türkmen zenanlary - bagtyýarlyk döwründe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýasynda özüne mähremligi, gözelligi, näzikligi jemleýän mähriban ene-mamalarymyza we gelin-gyzlarymyza has uly sarpa goýulýar. Parasatly ýurt Baştutanymyzyň her bir il-ýurt bähbitli alyp barýan uly tutumlarynda bolsa, eneleriň rahatlygy, eneleriň bagty, nesilleriň röwşen geljegi görünýär.

Aşgabatda Eýranyň haryt öndürijileriniň mümkinçilikleri görkezildi 24.02.2016 Aşgabatda Eýranyň haryt öndürijileriniň mümkinçilikleri görkezildi

2016-njy ýylyň 23-nji fewraly paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ХII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergide goňşy ýurduň esasy pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň köp görnüşleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasaryny kabul etdi 24.02.2016 Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasaryny kabul etdi

2016-njy ýylyň 23-nji fewraly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Ol EYR-nyň XII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak maksady bilen, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.


26 - 30 (e/a) 78
Sahypalar:


walýuta - 17.02.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy