Täzelikler

Parzdepe ýadygärligi hakynda 16.02.2016 Parzdepe ýadygärligi hakynda

Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň eteginde ýerleşen  taryhy ýadygärlikleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 16.02.2016 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 15-nji fewraly ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny guramak asylly däbe öwrüldi. Şu gün ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň senagat taýdan önümçiligi boýunça iri “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyş dabarasy boldy.

MILLI TARYHYM-MEDENI MIRASYM 11.02.2016 MILLI TARYHYM-MEDENI MIRASYM

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýyl Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýen şygar astynda geçer. Biziň mirasymyz uly hem-de dürli öwüşginli  bolup, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň döwlet muzeýlerinde aýawly saklanýan genji-hazynany, arheologlar tarapyndan açylmagyna garaşýan, medeniýetiň, söwdanyň we senetleriň gülläp ösen, müňýyllyklaryň dowamynda ylham joşgunynyň hem-de bilim baýlygynyň toplanan şäherleri öz içine alýar. 

Mirasymyz milli guwanjymyzdyr 11.02.2016 Mirasymyz milli guwanjymyzdyr

Berkarar  döwletimizň  bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň  tagallalary netijesinde  taryhy-medeni  ýadygärliklerimizi goramaga, aýawly saklamaga,  öwrenmäge we  baýlaşdyrmaga  gönükdirilen  işler has giň  gerime eýe boldy.

Milli mirasymyz- Milli mertebämiz! 11.02.2016 Milli mirasymyz- Milli mertebämiz!

Ýurdumyz Arkadag Prezidentimiziň saýasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde görülip eşidilmedik belent sepgitlere ýetdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmek, ony gorap saklamak barada döredip beren giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň ruhy hem-de durmuşy ähmiýetini, umumadamzat gymmatlyklaryny öwrenmek,  gorap saklamak hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek her birimiziň borjumyzdyr.


31 - 35 (e/a) 75
Sahypalar:


walýuta - 01.07.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy