Täzelikler

Manadyň durnuklylygy barada 01.04.2016 Manadyň durnuklylygy barada

Manadyň durnuklylygyny üpjün etmek «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlarynyň biridir. Şu ugurda döwletimizde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

Täze ylham çeşmesi 30.03.2016 Täze ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  halkymyza ýene-de bir ajaýyp “Çaý - melhem hem ylham” atly kitabyny peşgeş berdi. Arkadag Prezidentimiziň täze kitaplary ýazyp, onuň bilen halkymyzy begendirip durmagy eýýäm däbe öwrüldi.

18.03.2016 Nowruz baýramy!

Pasyllaryň  soltany  baharyň  gelmegi bilen tutuş tebigat  janlanýar.  Her paslyň öz  gözelligi bar.  Ýöne bahar paslynyň  kalbyny heýjana salýan, gözelligine bendi edýän, görünmeýän, bilinmeýän  jadysy bar. Dag-dereler  ýaşyl begres geýende,  durnalar gykuwlaşyp  gelende, lemmer-lemmer gara bulutlar  süýşüp, gök  gübürdäp ýyldyrym çakanda, kükräp-kükräp bahar çagbasy ýaganda, kalbyňda üýtgeşik duýgular döreýär. Il içinde  nowruz gijesi dünýä inen perzent  üýtgeşik akylly-başly bolýar diýen ynam hem bar. Nowruzyň gelmegi bilen  zenanlaryň  teşwişi hem artyp,  Bibileriň tagamy bolan  semenini taýýarlamagyň  ugrunda bolýarlar.

18.03.2016 Ösüş ýolly Watanym

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeňleşdirmek üçin düýpli esas döredýär, raýatlaryň abadançylygy, eşretli ýaşaýşy onuň esasy ölçegi bolup durýar. Şonuň üçin hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň özeninde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak wezipeleri durýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary hakynda 18.03.2016 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary hakynda

2016-njy ýylyň 16-17-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri  Muhammad Nawaz Şarifiň  çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň  hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtda resmi saparynda boldy.


36 - 40 (e/a) 93


walýuta - 18.07.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy