Bilim karzy

Tölegli esasda ýokary okuw jaýynda, okuwyň gündizki görnüşinde okap,  bilim alýan talyplaryň  ýakyn hossarlaryna okuwyň bahasyny tölemek üçin10 müň manada çenli etrap (şäher) şahamçalaryň we Amallar Müdirligiň karz toparynda seredilýär. Karz ýokary okuw jaýyndan talybyň bilim alýandygyny tassyklaýan resminama we ýyllyk okuw töleginiň hasap-sypatnamasy esasynda nagt we nagt däl okuw synpynyň ýyllyk bahasyny tölemek üçin 1 ýyl möhlete çenli berilýär.

Talyplar boýunça ýakyn hossarlary hökmünde ata-ene, är-aýal, çagalar, baba-mama, süýtdeş doganlar we uýalar, oglunyň gelinleri we giýewleri göz öňünde tutulýar.

Talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin karzlar olar tarapyndan öňki ýyl üçin berlen karzlary üzülenden soň, indiki ýylyň okuwynyň bahasynyň  tölegi üçin berilýär we karz nagt görnüşinde berlen ýagdaýynda  karz alyjy 20 iş günüň dowamynda okuwyň bahasynyň tölenendigi baradaky tassyklaýjy resminamalary bank tabşyrmaga borçludyr.