Ipoteka karzlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary esasynda:

Gozgalmaýan emläk üçin karzy bermeklik gurluşygy alyp barýan döwlete dahylsyz kärhana, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edarasy (häkimlik) we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ýaşaýan ýeri boýunça degişli häkimliklere ýazmaça görnüşde ýüz tutan karz alyjynyň arasynda baglaşylan üç taraplaýyn şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň raýatlaryna jaýlary satyn almaga gozgalmaýan emläk üçin karzlary resmileşdirmek jaý gurlup gutarylandan soň amala aşyrylýar. Gozgalmaýan emläk üçin karz 30 (otuz) ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen berilýär. Gozgalmaýan emläk üçin karz boýunça göterimiň derejesi ýyllyk ýüzden 1 (bir) göterim möçberinde bellenilýär. Gozgalmaýan emläk üçin berilýän karzlar boýunça esasy bergi babatda gozgalmaýan emläk üçin karz serişdeleriniň berlen senesinden 5 (bäş) ýyla çenli ýeňillikli döwür (esasy bergini üzmegi gaýra goýmak) göz öňünde tutulýar. Ýeňillikli döwrüň möhletini bäş ýyldan köp möhlete uzaltmaga ýol berilmeýär. Jaý satyn alýan karz alyjy jaýyň bahasynyň 10 göterimden az bolmadyk möçberini öz hususy serişdeleriniň hasabyna tölän ýagdaýynda, gozgalmaýan emläk üçin karzyň möçberi onuň bahasynyň 90 göterimden ýokary bolmadyk möçberde bellenýär.

Durmuş guran ýaş maşgalalara täze ýaşaýyş jaýyny (öýi) satyn almak üçin gozgalmaýan emläk üçin berilýän karzlar ýaşaýyş jaýynyň (öýüniň) doly bahasynyň möçberinde berilýär.