Karz almak üçin gerek resminamalar

Sarp ediş karzy almak üçin resminamalaryň sanawy

  1. Arza;
  2. Terjimehal;
  3. Iş  ýerinden  resminamalar (häsiýetnama, zähmet depderçesiniň göçürmesi tassyklanan görnüşde, aýlyk zähmet haky barada güwänama, eline degişli bölegini görkezmek bilen;
  4. Pasportynyň  nusgasy  (sahypa 1.2.3.9.33.);
  5. Nika hatyň nusgasynyň göçürmesi, eger-de nikada durmaýan bolsa nikada durmaýandygy hakynda güwa haty;
  6. Girew emläkleriniň  resminamalary. Şol  sanda: Maşgala ýagdaýy barada güwanama Forma-3 görnüşde, maşgala agzalarynyň we girew berijileriň dil hatlary.
    • Awtoulag;
      • awtoulagyň tehpasportynyň nusgasy (4 tarapyndan suraty);
      • awtoulagyň  bahasyny tassyklaýjy haty ( IIM- kriminalistikadan);
    • Jaý;
      • jaý  (hususy eýeçilikdäki ýaşaýyş jaýy) – öý  kitaby, inwertar  işi;
      • Tükelleýiş we hasaba alyş edarasyndan (GBTI) hasapda durmaýanlygy hakynda güwa haty;
  7. Maşgala ýagdaýy barada güwanama Forma-3 görnüşde, maşgala agzalarynyň  we girew berijileriň dil hatlary;

Fiziki şahslara berilýan karzy almak üçin resminamalaryň sanawy

  1. Arza;
  2. Terjimehal;
  3. Hasaba alyş şahadatnamanyň we patentiň hem-de eger ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan bolsa, işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň nusgalary, (bar bolsa girdeýjileri baradaky salgyt beýýannamsy);
  4. Pasportyň  nusgasy  (sahypa 1.2.3.9.33);
  5. Nika hatyň nusgasynyň göçürmesi eger-de Nikada durmaýan bolsa nikada durmaýandygy hakynda güwa haty;
  6. Girew emläkleriniň  resminamalary. Şol  sanda:Maşgala ýagdaýy barada güwanama Forma-3 görnüşde;
  7. Maşgala agzalarynyň we girew berijileriň dil hatlary;
    • Awtoulag;
      • awtoulagyň tehpasportynyň nusgasy (4 tarapyndan suraty);
      • awtoulagynyň bahasyny tassyklaýandygy  barada hat (IIM- kriminalistikadan)
    • Jaý;
      • Jaý  hususy eýeçilikdäki ýaşaýyş jaýy) – öý  kitaby, inwertar  işi;
      • Tükelleýiş we hasaba alyş edarasyndan (GBTI) hasapda durmaýanlygy hakynda güwa haty;
  8. Maşgala ýagdaýy barada güwanama Forma-3 görnüşde, maşgala agzalarynyň  we girew berijileriň dil hatlary;

Zamunlyk  karzy üçin resminamalaryň sanawy

  1. Arza;
  2. Terjimehal;
  3. Iş  ýerinden  resminamalar (häsiýetnama, zähmet depderçesiniň göçürmesi tassyklanan  görnüşde, aýlyk zähmet haky barada güwänama, eline degişli bölegini görkezmek bilen; 
  4. Pasportyň  nusgasy  (sahypa 1.2.3.9.33);
  5. Nika hatynyň nusgasy eger-de nikada durmaýan bolsa nikada durmaýanlygy hakynda güwa haty;
  6. Maşgala ýagdaýy barada güwanama Forma-3 görnüşde, maşgala agzalarynyň we girew berijileriň dil hatlary;
  7. Zamun durujynyň pasportynyň nusgasy (sahypa 1.2.3.9.33.);
  8. Zamun durujylaryň iş ýerinden zähmet haky barada güwanama;
  9. Zamun durujylaryň  dil hatlary;

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 12890-njy “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” karary boýunça berilýän karz üçin  resminamalaryň sanawy.
  1. Karz almak üçin arza;
  2. Fiziki şahslar üçin - şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ýer eýeler üçin salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
  3. Karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum taslamalaryň iş meýilnamasy;
  4. Karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgalary.
  5. Ýer eýelerine we ýerden peýdalanyjylara ýere eýelik etmek ýa-da ulanmak üçin berlen ygtyýarnamanyň we resminamalaryň bellenilen tertipde tassyklanylan göçürme nusgalary;
  6. Girewine hödürlenilýän emläkleriň we eýesini tassyklaýjy resminamalarynyň göçürmesi;
  7. Bank tarapyndan karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin   goşmaça maglumatlar.

Öý  goşlaryny wehojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlary almak üçin  resminamalaryň sanawy:

  1. Karz almak üçin arza;
  2. Pasportynyň nusgasyny;
  3. Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy;
  4. Girdejisi hakynda güwanama (ähli tutumlar tutulandan soňra galan sap girdejisi görkezilen). Hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;
  5. Ýazga alnandygyny anyklamak üçin maşgalanyň düzümi we olaryň ýaşaýan ýeri hakynda güwänama;