"Sarp ediş" karzy

Raýatlara sarp ediş maksatlary üçin karzlary boýunça 20 müň manatdan ýokary bolmadyk möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalaryna etrap şahamçalarynda, 30 müň manatdan ýokary bolmadyk möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalaryna welaýat şahamçalarynyň we Amallar Müdirliginde, 30 müň manatdan ýokary möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalara T “Daýhanbank” DTB-nyň merkezi karz toparynda seredilýär.

Raýatlara nagt we nagt däl görnüşinde 14% derejesinde, 3 aý ýeňillikli döwür bilen2 ýyl möhleti bilen karz berilip bilner.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky 13513 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin 50 müň manatdan ýokary bolmadyk möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalaryna etrap (şäher), welaýat şahamçalarynyň we Amallar Müdirliginiň, 50 müň manatdan ýokary möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalara T “Daýhanbank” DTB-nyň merkezi karz toparynda seredilýär.

Raýatlara nagt we nagt däl görnüşinde 8% derejesinde, 1 ýyl ýeňillikli döwür bilen 3 ýyla çenli karz berilip bilner.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 11817 belgili kararyna laýyklykda, Durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlar öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin 6 müň manat möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalaryna etrap (şäher), welaýat şahamçalarynyň we Amallar Müdirliginiň karz toparlarynda seredilýär.

Karzlar nagt we nagt däl görnüşinde 1% derejesinde, ýeňillikli  döwür berilmezden 3 ýyla çenli karz berilip bilner.