Karz almak üçin gerek resminamalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky 12446 belgili  “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” karary esasynsa gerek resminamalar sanawy.

  1. Karz almaklyga arza ýa-da ýüztutma;
  2. Karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum taslamalaryň iş meýilnamasy;
  3. Hususy telekeçi bolan adamyň  girdejileri we salgyt boýunça beýannamasy;
  4. Karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň nusgalary;
  5. Hasaba alyş şahadatnamanyň we patentiň hem-de eger ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan bolsa işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnama;
  6. Girewine hödürlenilýän emläkleriň we eýesini tassyklaýjy resminamalarynyň göçürmesi;
  7. Bank tarapyndan karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin goşmaça maglumatlar;