Bank kartlary

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynda “Altyn Asyr” bank kartynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz. Bu bank kartlary nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guralydyr. Bu bank kartynyň üsti bilen zähmet haklarynyň berilmegi töleg kartlarynyň giňden peýdalanylmagyna amatly şertler döredýär. Şeýle hem ygtybarly pul geçirimleriniň, ilata Lomaý we bölekleýin söwda nokatlarynda harytlary satyn almaklyga, ýurdumyzda içerki pul serişdelerini ugratmaklyk ýaly hyzmatlary üçin tölegleriň gysga wagtda nagt däl görnüşinde örän amatly amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. 

Altyn asyr plastik kartynyň üsti bilen:

  • nagt pullaryňyzy islän wagtyňyz bankomatlardan alyp bilersiňiz;
  • puluňyz hemişe bankyň goragynda bolar;
  • hasabyňyzdaky puluň mukdaryny elmydama görüp bilersiňiz;
  • nagt puluňyzy ýanyňyzda götermek zerurlygy aradan aýrylýar;
  • bank amallaryny amala aşyrmak üçin wagtyňyz tygşytlanar;
  • bankdan alan karzyňyzy we oňa degişli göterim tölegleriňizi nagt däl görnüşinde geçirip bilersiňiz;
  • telefon hyzmatlary üçin bankomatlardan töleg geçirip bilersiňiz;
  • söwda merkezlerinde satyn alan dürli harytlaryňyz üçin tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.
Bank kartlaryny ulanmak döwrebap ygtybarly we her bir raýat üçin örän amatlydyr! Bankomatlar we terminallar biziň şahamçalarymyzda gurnalan! Täze Bank kartlaryny almaga çagyrýarys!


walýuta - 16.07.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy