Karz almak üçin gerek resminamalar

Edara görnüşindäki tarap üçin:

  1. Karz almaklyga arza ýa-da ýüztutma;
  2. Iş meýilnama ýa-da tehniki ykdysady esaslandyrma;
  3. Soňky hasabat senesi üçin balans we geçen üç ýylyň balansy;
  4. Peýdalar we ýitgiler hakynda hasabat;
  5. Karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň nusgalary;
  6. Anketa (geçen üç ýyly hasaba almak bilen);
  7. Girewine hödürlenilýän emläkleriň we eýesini tassyklaýjy resminamalarynyň göçürmesi;

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 12890-njy “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” karary boýunça berilýän karz üçin  resminamalaryň SANAWY.

  1. Karz almak üçin arza;
  2. Ýuridiki şahslar üçin- döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň we  salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
  3. Karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum taslamalaryň iş meýilnamasy; 
  4. Karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgalary;
  5. Ýer eýelerine we ýerden peýdalanyjylara ýere eýelik etmek ýa-da ulanmak üçin berlen ygtyýarnamanyň we resminamalaryň bellenilen tertipde tassyklanylan göçürme nusgalary;
  6. Girewine hödürlenilýän emläkleriň we eýesini tassyklaýjy resminamalarynyň göçürmesi;
  7. Bank tarapyndan karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin goşmaça maglumatlar;