Oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak

Oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak

Daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk ylmy barlag institutlaryna oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we abzallary hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin berilýän karzlar: 

Möçberi:

 karza ukuplylygyna görä

Göterimi:  ýyllyk 1 göterim
Möhleti:

 ulanyş möhletine laýyklykda we her ýylda deňpaýlarda gaýtarmak şertinde 10 ýyla çenli;

Üpjünçiligi:  pul serişdeleri, girew üpjünçiligi;