OBA HOJALYGY: MÖHÜM ÖZGERTMELER

03.04.2019

OBA HOJALYGY: MÖHÜM ÖZGERTMELER

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan  “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda”, “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” we “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” ýaly birnäçe kararlaryň kabul edilmegi oba hojalyk pudagynda önümçilik gatnaşyklarynyň has-da kämilleşdirilmegine, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine uly mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýan özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen kabul edilen wajyp kararlaryň biri hem  Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky kararydyr. Resminama laýyklykda, Türkmenıstanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslary hem-de raýatlary üçin                  117 774,90  gektar möçberinde oba hojalyk maksatly ýerler bölünip berildi.
Şu karar boýunça döredilen ýörite ýer gaznasyndan ýer alan önüm öndürijileriň ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa, ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.
Ýer bölekleriniň döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirilmeli böleginde ekin dolanyşygynyň girizilmegi we ýer eýeleriniň öz islegine görä, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilmegi ýerleriň gurplanmagyna hem-de önüm öndürijileriň goşmaça girdejileri almaklaryna oňyn şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň  oba hojalygyny ösdürmek  babatynda edýän aladalary netijesinde, ýerleriň 99 ýyla çenli uzak möhletleýin peýdalanmaga berilmegi bolsa, indi önüm öndürijileriň özlerini ýeriň hakyky eýesi hökmünde duýmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda  özleriniň gujur-gaýratlaryny görkezip,  önümiň möçberini  hem-de girdejilerini artdyrmaklaryna  örän amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini goldamak we  olaryň girdejilerini has-da artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýerleriň ilkinji nobatda, öz işini bes edýän daýhan birleşiklerinde kärende usulynda işlap, soňky 3 ýylyň dowamynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren kärendeçilere we daýhan hojalyklaryna olaryň ýüztutmalary esasynda berilmegi göz öňünde tutuldy.
Miweli baglaryň we üzümiň ekilen meýdanlaryndan maksatly niýetlenişine laýyklykda peýdalanan önüm öndürijilere, olaryň ýüztutmasy esasynda, ozalky ýerleri berilýär.
Şeýle hem döredilen ýörite ýer gaznasyndan döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren kärendeçiler we daýhan hojalyklary ýer böleklerini almaga isleg bildirmedik ýagdaýynda, maliýe we tehniki üpjünçilik ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, bäşleşik esasynda beýleki isleg bildirýän önüm öndürijilere ýerler uzak möhletleýin peýdalanmaga berilýär.
Eger-de önüm öndürijileriň ýörite ýer gaznasyndan alan ýer bölekleri özleşdirilmäge degişli bolsa, ol ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin 3 ýylyň dowamynda degişli işler geçirilýär  hem-de soňra bellenen tertipde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ýola goýulýar.
Önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça meýilnamalar welaýat häkimleri tarapyndan bellenilýär  we gözegçilikde saklanylýar.
Ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň topragyň gurplylygyna laýyklykda kesgitlenip berilmegi hem wajyp meseleleriň biridir. Önüm öndürijiler Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Türkmenýertaslama” döwlet taslama instituty tarapyndan geçirilen toprak-barlag işleriniň netijeleri boýunça, topragyň gurplulygyna berlen ykdysady bal baha görkezijilerini ekin meýdanlaryň hasyllygyny kesgitlemekde peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, ýörüte ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan önüm öndürijileriň döwlet tabşyrygyna girýän  oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndüren önümleri, olaryň isleglerine görä, öz ygtyýarynda galdyrylýar ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyrylýar.
Şertnamalaýyn borçnamadan artyk önümleriň, olaryň öz islegine görä, erkin bahalardan özbaşdak ýerlenilmegine ygtyýaryň berilmegi önüm öndürijileriň girdejilerini artdyrmaklary üçin iň ygtybarly çeşmeleriniň biridir.
Egerde pagta hasylyndan ortaça 35 göterim süýümiň, 1 tonna pagtanyň gaýtadan işlenilmeginden ortaça 56-58 göterim pagta çigidiniň, 1 tonna pagta çigidiniň gaýtadan işlenilmeginden ortaça 168 kg ösümlik ýagynyň, 468 kg künjaranyň, 293 kg şulhanyň we ýene-de birnäçe goşmaça önümleriň, şeýle hem gaýtadan işlenenýän bugdaýdan 75 göterim unuň we 22 göterimden gowrak kepegiň alynýandygyny bellesek, onda önüm öndürijileriň öz girdejilerini artdyrmaklaryna döwlet tarapyndan nähili amatly şertleriň döredilendigine göz ýetirmek kyn bolmasa gerek.
Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň we abzallarynyň agrotehniki möhletlerde netijeli peýdalynylmagy we ekin meýdanlaryna  suwaryşyň  tygşytlaýjy usullary, ýagny “ýagyş ýagdyrýan”, damjalaýyn ýa-da beýleki görnüşleriniň ornaşdyrylmagy ekinleriň hasyllylygyny 2-3 esse ýokarlandyrmaga, ulanylýan suwuň möçberini  50 göterim azaltmaga hem-de önümçilik harajatlaryny tygşytlamaga uly mümkinçilik berýär.
Oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlaryň we buldözerleriň içerki suwaryş we zeýkeşkeş ulgamlaryny,  hojalygara suwaryş hem-de toplaýjy  zeýkeş ulgamlaryny arassalamakda  ýerine ýetirýän işleri bolsa ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdaky möhüm işleriň biridir.  
Hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Karary bilen Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridiki şahslara oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde ýeňillikli karzlary bermeklige ygtyýar berildi.
Şeýle hem, ýokarda görkezilen ýeňillikli karzlaryň girewi hökmünde şol karzlaryň hasabyna satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň  we abzallarynyň hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlaryň hem-de buldozerleriň, suwy tygşytlaýjy tehnikalaryň, enjamlaryň, suwaryşda ulanylýan geçirijileriň bahasynyň 70 göterime çenli bölegini hem-de galan bölegi üçin bolsa karz alyjylaryň aljak girdejileriniň kabul edilmegi bellenildi.
Munuň özi hem ýurdumyzyň önüm öndürijilerine döwlet tarapyndan edilýän goldawyň ýene bir mysalydyr. Bu bolsa karzlaryň girewi hökmünde satyn alynýan serişdeleriň bahasynyň 70 göterimine çenli böleginiň hem-de galan bölegine karz alyjylaryň girdejileriniň alynmagy, karzlaryň girew bilen üpjün edilmeginde önüm öndürijilere uly ýeňillikleri döredýär.
Milli Liderimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada edýän aladalary netijesinde, döwlet tarapyndan döredilýän  amatly şertleri  netijeli peýdalanmak arkaly önüm öndürijilerimiziň ýene-de sanlyja ýyldan ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrjakdyklaryna  tüýs ýürekden ynanýarys.
Bu ýagdaý ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine we ýokary hilli oba hojalyk önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaklyga uly mümkinçilik döredilýär.    


Gurbanmuhammet Çaryýew,
Türkmenistanyň “Daýhanbank”
döwlet täjirçilik bankynyň
Karz syýasaty müdirliginiň
başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň at gazanan
ykdysatçysy.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 13.10.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy