Önümçilik maksatly karzlar barada BILDIRIŞ!

16.04.2019

Önümçilik maksatly karzlar barada BILDIRIŞ!

HORMATLY MÜŞDERILER!

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçalary müşderilere berilýän önümçilik maksatly karzlaryň ugurlary, banka tabşyrylmaly resminamalaryň sanawy, müşderileriň kabul edilýän wagtlary we degişli hünärmenleriň telefon belgileri baradaky maglumatlary Size hödürleýär:

Önümçilik maksatly karzlaryň ugurlary: Senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek, bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi-önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary, furnituralary satyn almak, infrastruktura obýektleriniň gurluşygyny goşmak bilen, gurluşygy ösdürmek, gurluşyk materiallar senagatyny ösdürmek, transporty, aragatnaşygy we maglumatlar tehnologiýasyny ösdürmek, serwis hyzmatlaryny we ilata durmuş taýdan hyzmat etmegi ösdürmek, saglygy goraýyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmek, oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek, öz oba hojalyk önümçiligiňi ösdürmek we giňeltmek, gaýtadan işläp taýýarlanylýan önümiň göwrümini artdyrmak, şol sanda oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal ýataklary, fermalary, kiçi-önümçiligi gurmak,mallary, öý guşlary, ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdeleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak, halk çeperçilik senetleriniň we amaly sungatyň önümlerini öndürmek we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik, telekeçilik işiniň, şol sanda innowasiýa işiniň beýleki görnüşleri.
Bellik: Önümçilik maksatly karzlar telekeçileriň maliýe goýum taslamasyna 15%-den az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär. 
Karzyň möçberi: çäklendirilmedik.
Ýeňillikli döwri: Maýa goýum taslamasy esasynda kesgitlenilýär.
Göterim derejesi: ýyllyk 5% göterim.
Möhleti:
- Dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli
- Maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli 
Girew üpjünçiligi: Girew goýmak. Girew emlägi hökmünde, karz serişdeleriniň hasabyna satyn alnan (satyn alnan mallardan we guşlardan gaýry) we Türkmenistana getirilen emläk hyzmat edip biler. 
Gerekli resminamalaryň sanawy:
- Karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
- Karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
- Soňky hasabat senesi üçin balans we geçen 3 ýyl üçin balans;
- Peýdalar we ýitgiler hakynda hasabat;
- Karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri, hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk hatlarynyň göçürme nusgalary;
- Dörediş resminamalarynyň, edara görnüşindäki tarapyň hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň hem-de Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň göçürme nusgalary;
- Gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan petek;
- Hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;
- Hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiň (eger ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan bolsa), şeýle hem, işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň göçürme nusgalary;
- Karz alyjy tarapyndan karzyň üpjünçiligi hökmünde hödürlenýän girew emlägiň degişli resminamalary.
- Bank karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda goşmaça maglumatlary talap edip biler.

Önümçilik maksatly karzlaryň ugurlary: 
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak. 
Göterim derejesi: ýyllyk 1 göterim.
Maldarçylyk we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümleri öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak. 
Göterim derejesi: ýyllyk 5 göterim.

Karzlaryň möçberleri: çäklendirilmedik
Ýeňillikli döwüri: Maýa goýum taslamasy esasynda, her ýylda deň paýlarda yzyna gaýtarmak 
Möhletleri: ulanyş möhletlerinden ugur alyp 10 ýyla çenli 
Girew üpjünçiligine: İşleriň ähli görnüşinde alýan girdejileri ýeňillikli karzyň hasabyna satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň we abzallarynyň hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskowatorlaryň, buldozerleriň, suwy tygşytlaýjy tehnikalaryň, enjamlarynyň bahasynyň 70 göterimine çenli bölegini hem-de galan bölegi üçin karz alyjylaryň aljak girdejileri; 
Daýhan hojalyklary, mülkdarlary, kärendeçileri, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara-dahyllylara girew, bank kepilligi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy. 
Bellik: Karzlar ýokarda agzalan işjeňligi maliýeleşdirmek üçin telekeçileriň maliýe goýum taslamasyna 15%-den az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär. 
Gerekli resminamalaryň sanawy:
- karz almak üçin arza;
- fiziki şahslar üçin- şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ýer eýeleri üçin salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
- ýuridik şahslar üçin-döwlet tarapyndan bellige alnandygy we salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamalaryň nusgalary;
- karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum taslamalaryň iş meýilnamasy;
- karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgalary;
- ýer bölegine eýeçilik hukugyny ýa-da ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namalarynyň, ýerlere kärende hukugy barada Şertnamanyň göçürme nusgalary;
- daýhan birleşikleri, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we oba hojalyk ylmy-barlag institutlary soňky üç ýyl boýunça ýyllyk maliýe hasabatlylygyny we işleriň ähli görnüşlerinden alýan girdejileri barada maglumatlary;
- daýhan hojalyklaryň, kärendeçileriň, mülkdarlaryň, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçileriň we döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň-dahyllylaryň soňky iki ýylyň girdejileri barada tassyklanan maglumatlary;
- Karz alyjy tarapyndan karzyň üpjünçiligi hökmünde hödürlenýän girew emlägiň degişli resminamalary.
- Bank karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda oba hojalyk önümlerini öndürijilerden goşmaça maglumatlary talap edilip biler.

Önümçilik maksatly karzlaryň ugurlary: Önümçilik maksady bilen melleginde (kömekçi hojalygyndaky, ýaýladaky ýer böleginde) ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmek maksady bilen oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek üçin nagt däl görnüşinde mikrokarzlar berilýär.
Karzyň möçberi: 30000 (otuz müň) manatdan ýokary bolmadyk möçberde
Ýeňillikli döwri: 6 (alty) aý
Göterimi derejesi: 
- Ekerançylyk üçin ýyllyk 9 göterim;
- Maldarçylygy ösdürmek üçin ýyllyk 12 göterim
Möhleti: 3 (üç) ýyllyk.
Girew üpjünçiligine: Bir ýa-da birnäçe tölege ukyply raýatlaryň zamunlygy we müşderiniň islegine görä durnukly bolan edara-kärhanalaryň kepil haty ýa-da girew. 
Gerek resminamalaryň sanawy:
- Karz almak üçin arza;
- Karz alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
- Karz alyjynyň girdejisi barada güwänama;
- Karz alyjynyň maşgala ýagdaýy barada G-3 güwänama; 
- Nika hatynyň nusgasy (nikada durmaýan bolsa, nikada durmaýanlygy barada güwänama);
- Karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek tehniki ykdysady esaslandyrmasynyň iş meýilnamasy;
- Karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgasy, eger-de bank kartynyň üsti bilen töleg amala aşyrylsa harydy almak-satmak baradaky şertnamanyň göçürme nusgasy;
- Ýer eýelerine we ýerden peýdalanyjylara ýere eýelik etmekligiň resminamalarynyň göçürme nusgalary;
- Zamunçylaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
- Zamunçylaryň girdejisini tassyklaýan güwanama we zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürme nusgasy;
- Bank karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin goşmaça maglumatlary müşderiden talap edip biler.

Önümçilik maksatly karzlaryň ugurlary: Ekerançylyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin tohumlary satyn almak üçin nagt däl görnüşinde berilýän karz:

Karzyň möçberi: 10 000 (ön müň) manatdan ýokary bolmadyk möçberde
Ýeňilliki döwri: 3 aý 
Göterim derejesi: ýyllyk 10 göterim
Möhleti: 1 (bir) ýyllyk.
Girew üpjünçiligine: 2 raýatyň zamun durmagynda
Gerek resminamalaryň sanawy:
- Karz almak üçin arza;
- Karz alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
- Karz alyjynyň girdejisi barada güwänama;
- Karz alyjynyň maşgala ýagdaýy barada G-3 güwänama; 
- Nika hatynyň nusgasy (nikada durmaýan bolsa, nikada durmaýanlygy barada güwänama);
- Girdeji çeşmesi;
- Zamunçylaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
- Zamunçylaryň girdejisini tassyklaýan güwanama we zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürme nusgasy;
- Bank karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin goşmaça maglumatlary müşderiden talap edip biliner.

Ýokarda görkezilen önümçilik karzlar boýunça etrap şahamçalaryň karzlaşdyryş bölümleriniň başlyklary we hünärmenleri tarapyndan iş günleri sagat 9-00-dan 13-00 çenli we 14-00-dan 18-00 çenli müşderileriň bökdençsiz kabul edilýändigini dykgatyňyza ýetirýäris. 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Merkezi diwan: 38-03-65; 38-03-79; 38-03-78; 38-03-70; 38-03-62; 38-01-05;

Ruhabat etrap şahamçasy: 24-44-55; 24-52-85;

Ahal welaýat şahamçasy boýunça:
Amallar geçiriş bölümi: (8-00-137) 34-6-27, 36-8-67;
Babadaýhan etrap: (8-00-136) 3-07-02;
Bäherden etrap: (8-00-131) 2-08-04;
Gökdepe etrap: (8-00-132) 4-70-53;
Tejen şäheri: (8-00-135) 4-03-05;
Sarahs etrap: (8-00-134) 2-17-89;
Kaka etrap: (8-00-133)-3-11-81.

Balkan welaýat şahamçasy boýunça: (800246) 5-21-51
Amallar bölümi (8-00-246) 5-15-48;
Balkanabat şäher şahamçasy (8-00-222) 7-72-89, 7-07-24;
Bereket etrap şahamçasy (8-00-247) 3-14-93;
Esenguly etrap şahamçasy (8-00-245) 3-21-51; 3-29-00;
Etrek etrap şahamçasy (8-00-242) 4-05-54; 4-05-50;
Magtymguly etrap şahamçasy (8-00-248) 4-09-06; 4-09-05;
Türkmenbaşy etrap şahamçasy (8-00-243) 7-99-71; 7-97-31.

Daşoguz welaýat şahamçasy boýunça: 
Amallar bölümi (8-00-322) 9-31-71;
Akdepe etrap şahamçasy (8-00-344) 3-07-02; 
Boldumsaz etrap şahamçasy (8-00-346) 3-13-39;
Görogly etrap şahamçasy (8-00-340) 3-28-26;
Gubadag etraby (8-00-345) 3-14-42;
Gurbansoltan eje adyndaky etrap (8-00-343) 3-14-48;
Köneürgenç etrap (8-00-347) 3-14-19; 
Ruhubelent etrap şahamçasy (8-00-342) 3-10-20; 
S.Nyýazow adyndaky etrap şahamçasy (8-00-348) 3-14-71;
S.Türkmenbaşy etrap şahamçasy (8-00-349) 3-22-32. 

Lebap welaýat şahamçasy boýunça:
Amallar geçiriş bölümi - (8-00-422) 9-08-90, 9-19-30
Darganata etrap şahamçasy – (8-00-445) 22-0-98, 2-24-54 
Dänew etrap şahamçasy - (8-00-446) 51-2-42, 51-2-73
Çärjew etrap şahamçasy - (8-00-422) 5-72-77, 5-63-51 
Farap etrap şahamçasy - (8-00-448) 21-2-35, 21-4-60
Sakar şäher şahamçasy - (8-00-447) 5-05-38, 5-00-68
Saýat etrap şahamçasy - (8-00-447) 21-2-44, 22-0-71
Garabekewül şäher şahamçasy – (8-00-441) 61-3-61, 61-0-19
Halaç etrap şahamçasy - (8-00-441) 20-7-87, 20-9-82
Kerki etrap şahamçasy - (8-00-444) 2-02-05, 2-01-99
Döwletli etrap şahamçasy - (8-00-434) 2-00-07
Köýtendag etrap şahamçasy – (8-00-440) 2-06-66, 2-05-45
Hojambaz etrap şahamçasy – (8-00-442) 2-11-00 

Mary welaýat şahamçasy boýunça: (8-00-522) 6-07-72, 6-76-40
Amallar geçiriş bölümi (8-00-522) 6-08-62, 6-76-28
Serhetabat etrap şahamçasy (8-00-561) 4-04-35
Sakarçäge etrap şahamçasy (8-00-566) 5-09-04
Oguzhan etrap şahamçasy (8-00-553) 6-55-07, 6-70-94
Murgap etrap şahamçasy (8-00-565) 4-00-50, 4-00-42
Baýramaly etrap şahamçasy (8-00-564) 6-07-68, 6-08-62
Mary etrap şahamçasy (8-00-557) 4-08-59
Ýolöten etrap şahamçasy (8-00-560) 6-01-50
Türkmengala etrap şahamçasy (8-00-522) 6-36-71, 31-0-61
Wekilbazar etrap şahamçasy (8-00-522) 6-32-27,6-71-69
Tagtabazar etrap şahamçasy (8-00-568) 5-17-56, 6-30-60


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 26.08.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy