Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň ornaşdyrylyşy.

17.04.2019

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň ornaşdyrylyşy.

     Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky “Türkmenistan- rowaçlygyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde «Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnama laýyklykda bank ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, şol sanda halkymyz üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
     Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň sany yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň karz edaralary bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde köpugurly söwda merkezlerinde we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary we hyzmatlary satyn almaga, aragatnaşyk, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awtoulaglaryň ýangyjy, döwlet ätiýaçlandyryş, demir ýol petekleri üçin tölegleri tölemek, karzyň esasy bergisini we göterimini tölemek boýunça bankomatlar we töleg terminallary ornaşdyryldy.
   Töleg terminaly –bu töleg kartlaryndan, çipli we magnit ýazgyly şeýle-de kontaktsyz kartlaryndan töleg geçirmäge mümkinçilik bolan tehniki-programmaly elektron enjamdyr.Häzirki döwürde töleg terminallary ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ornaşdyrylýar. Söwda merkezleriniň we hyzmat ediş nokatlarynyň eýeleri töleg terminalyny almak üçin, öň hasaplaşyk hasaby açylan bankyna ýüz tutýar we öz anketasyny dolduryp hyzmat edýän bankyna tabşyrýar.
Müşderiler haryt satyn alanynda hasaplaşygy nagt däl görnüşinde geçirmek amatly bolup durýar. Indi ýanyňda nagt pul götermekligiň zerurlygy ýok.
    Biz hünärmenlere innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly halkymyza hyzmatlary ýerine ýetirmäge, işlemäge şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Mähriban halkyny asuda, agzybir we eşretli durmuşda ýaşadýan, Türkmenistan döwletimiziň günsaýyn pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, beýik tutumlary elmydama rowaç alsyn.


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 31.08.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy