Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň görküne görk goşulýar.

14.05.2019

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň görküne görk goşulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Döwlet Baştutanymyz “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäklerinde guruljak täze oba “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn tutumly işlerimiziň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu döwrebap obanyň gurluşyk işleriniň birinji tapgyry 2019-2022-nji ýyllarda amala aşyrylyp, ikinji tapgyryna 2022-nji ýylda başlap, ol 2025-nji ýylda doly tamamlamak bellenildi.
Birinji tapgyrda bu ýerde oba geňeşiniň, Polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 260 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, Saglyk merkezi, içerki ýollar hem-de gaz, agyz suwy, lagym we elektrik geçiriji ulgamlar, suw süýjediji desga gurlar. Şeýle hem kuwwaty 10 MWt bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik stansiýasy, seýilgäh, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki we daşarky eltiji inžener ulgamlary, ýangyç guýujy beket, balykçylyk hojalygy, azykdyr senagat harytlary dükany bina ediler.
Şonuň ýaly-da, birinji tapgyrda 60 sany bir gatly 4 otagly, 20 sany bir gatly 3 otagly, ikinji tapgyrda bolsa, 44 sany bir gatly 4 otagly, 88 sany hem bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem jaýlaryň öňünde mellek ýerleri, hojalyk zerurlyklary üçin telärler, garaž we zerur bolan beýleki inžener- tehniki desgalar ýerleşdiriler.
Guruljak bu ýaşaýyş jaýlary we beýleki medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly döwrebap desgalar sebitiň howa şertlerine doly laýyk geljek binalar gurular. Olarda oba ilatynyň we türkmen durmuşynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutular. Täze obada ýaşajak adamlaryň iş üpjünçiligine, durmuş goraglylygyna aýratyn üns berler.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen birnäçe Döwlet bähbitli kararlar hem kabul edildi. Olardan biri hem Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýerli gurluşyk kärhanalaryna hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin hem-de Türkmenistanyň raýatlaryna gurlup ulanylmaga taýýar edilen hususy ýaşaýyş jaýlary we jaýlardaky öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup satyn almaga karzlary bermek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda» 2014-nji ýylyň 8-nji awgustynda çykaran 13792 belgili kararyny aýtmak bolýar.
Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýurdumyzyň kärhanalaryna raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin şol jaýlaryň taslama çenlik ylalaşylan bahasynyň 90 göterimine çenli karzlary ýyllyk 1 (bir) göterim bilen, karz ugruny açmak arkaly, banklar karz şertnamanyň esasynda üçtaraplaýyn şertnamanyň hereket edýän möhletine karz ugry açylýar.
Türkmenistanyň raýatlaryna üçtaraplaýyn şertnama esasynda öň berlen ýa-da täze berlen ýer böleklerinde gurlup, ulanylmaga taýýar edilen Jaýy ýa-da Öýi satyn alýan raýat Jaýyň ýa-da Öýüň bahasynyň 10 göterimden az bolmadyk möçberini tölän ýagdaýynda, gozgalmaýan emläk üçin karzyň möçberi Jaýyň ýa-da Öýüň bahasynyň 90 göteriminden ýokary bolmadyk möçberde, 30(otuz) ýyldan köp bolmadyk möhlete, ýyllyk 1(bir) göterim derejesinde, esasy bergini üzmek boýunça karz şertnamasynyň baglaşylan senesinden 5 (bäş) ýyla çenli ýeňillikli döwür bilen berilýär.
Umuman, täze oba döwrebap şäher bilen bäsleşip, onda adamlaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli amatlyklar dörediler. Garagum sährasy özgerip, bu ýerlerde bagtyýar durmuş gaýnap joşar. Bu bolsa biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene-de bir mysalydyr.
Garaşsyz Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan täze obadyr şäherçeleriň, welaýat merkezleriniň döwrebap keşbi, ulanmaga berilýän döwrebap binalar we desgalar güneşli Diýarymyzyň görküne görk goşar.


Ykdysady seljerme we maliýe
müdirliginiň başlygy
Myradow M.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 26.06.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy