Türkmenistanyň Konstitusiýasy– döwletiň Esasy kanuny

Türkmenistanyň Konstitusiýasy– döwletiň Esasy kanuny 16.05.2019

Türkmenistanyň Konstitusiýasy– döwletiň Esasy kanuny

Geçen asyryň ahyrynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň esasy Kanuny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Şol Esasy Kanunyň esasynda döwletimizde şondan soňky geçen çärýek asyr döwrüň içinde häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň düýpli özgermelere sezewar bolandygy hem-de şol döwürde jemgyýetçilik ösüşiniň belent sepgitlerine çykandygy şübhesizdir. Muny Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda sözlän çuňňur manyly sözünde getiren anyk maglumatlary bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Şol gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler bolsa bäş müňýyllyk şöhratly taryhy bolan türkmen jemgyýetini hil taýdan ýokary derejelere çykardy. Türkmeniň täze taryhy şertlerde şeýle belent derejelere ýokary göterilmeginde onuň berkarar döwletiniň kanun binýadynyň berkden tutulmagynyň, oňa esas bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryhy ösüşiň talaplaryna laýyk kämilleşdirilip gelinmeginiň ähmiýetiniň iňňän uludygy bellemäge mynasypdyr.

Döwrüň talabyna laýyklykda, halkymyzyň ädimme-ädim gazanyp gelýän üstünlikleri nazarda tutulyp, 1995-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly şol ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde, 1999-njy ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň IX Halk Maslahatynyň, Ýaşulular Maslahatynyň we Umumymilli Galkynyş Hereketiniň bilelikdäki mejlisinde ýurdumyzda jeza çäresi hökmünde ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly,            2003-nji ýylyň 14-15-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň XIV Halk Maslahatynyň, Ýaşulular Maslahatynyň we Umumymilli Galkynyş Hereketiniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek bilen baglanyşykly we beýleki birnäçe düýpli özgertmeler berkarar döwletimiziň konstitusiýasyna girizilipdi.

Şeýlelikde häzirki zaman türkmen jemgyýeti we ony dolandyryjy kämil döwlet berkarar boldy hem-de şol ýyllaryň içinde uzak möhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde geçiş döwrüniň çylşyrymly meseleleri üstünlikli çözüldi. Ine şonuň üçinem Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen dessine türkmen jemgyýetini täze hil derejesine çykarjak düýpli özgertmeleri başlady hem-de şol özgertmeleriň maksadaokgunly öňe gitmegine esas bolup hyzmat eden Konstitusion özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrdy.

Şeýlelikde jemgyýetiň ösüşine laýyk gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen XXI Halk Maslahatynda kabul edildi. Bu Esasy Kanun Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyran durmuş-ykdysady özgertmeleriniň bedew bady bilen öňe gitmegine uly itergi berdi. Hut şonuň üçinem bu Esasy Kanunyň täze redaksiýasynyň kabul edilen gününden bäri geçen sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyz dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasyna aralaşmaga mümkinçilik tapdy. Türkmenistanyň amal edýän işleri, Hormatly Prezidentimiziň umumyadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlary, olary durmuşa geçirmekde gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Esasy Kanunyny häs kämilleşdirmegi, ýurdumyzyň kanunçylygynyň jemgyýetiň ösüşinden has ilerleýji häsiýetde bolmagyny üpjün etmegi talap etdi. Hut şonuň üçinem Hormatly Prezidentimiz bu wezipäni amal etmek üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topary döretdi, şol toparyň ilkinji mejlisini geçirip, onuň öňünde duran anyk wezipeleri kesgitläp berdi, şol esasda işlenip düzülen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda halk tarapyndan edilen teklipleri nazarda tutmak bilen düzülen bu taslamanyň many-mazmuny barada çuňňur manyly söz sözledi hem-de dili senaly ýaşulular bilen ara alyp maslahatlaşdy. Şonda Hormatly Prezidentimiziň öňe süren wezipelerini durmuşa geçirmek bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar ilatdan gowuşýan teklipleri nazarda tutup, taslamany işläp düzmegi dowam etdirdi hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň geçirilen mejlisinde, Hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça ol taslama halk arasynda giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin metbugatda çap edildi. Ahyrky netijede halk bilen giňden ara alnyp maslahatlaşylan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyna 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça Türkmenistanyň Mejlisi nobatdaky maslahatynda garady hem-de ony kabul etdi. Şol Ýaşulular maslahatynyň barşynda-da Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna gol çekdi.

Şeýlelikde Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen işlenip düzülen häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we biziň ýurdumyzyň has belent sepgitlere ýokary göterilmegine esas bolup hyzmat etjek Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi güýje girdi. Özem, sözüň doly manysynda, bu Esasy Kanun tutuş halkymyzyň gatnaşmagynda döredildi diýsek ýalňyşmarys. Muny Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň                                14-nji sentýabrynda bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda söz sözlände: “Bu taslama bütin halkymyz tarapyndan taýýarlandy diýsek, dogry bolar diýip pikir edýärin” diýmegi hem tassyklaýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bu konstitusion özgertmeleriň ösüşiň täze döwründe hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň özenini hasyl edýändigini nygtamak bilen, Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrda bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Esasy Kanunymyzyň bu rejelenen görnüşiniň ähmiýetiniň iňňän uludygyny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze kabul edilen rejelenen görnüşinde öňki hereket eden Konstitusiýadan düýpli tapawutlydygyny, oňa täze maddalaryň girizilendigi we täze girizilen bir bölümi öz içine alýandygy hem aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň bu rejelenen görnüşinde döwletimiziň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, hukuk, dünýewi we demokratik häsiýeti baradaky we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy beýleki düzgünleri üýtgewsiz galýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Şonuň üçinem döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini Esasy Kanunymyzda berkitmek maksady bilen, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky gaýtadan kabul edilen taryhy Rezolýusiýa aýratyn möhüm ähmiýet bermek bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýy täze, aýratyn maddada, ýagny 2-nji maddada beýan edildi.

Şunuň bilen baglanyşykly, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda: “Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary we alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty giňden goldanylýar. Biz beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we bütin dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek ýaly daşary syýasatymyzyň möhüm ýörelgelerini Konstitusiýamyzda beýan etdik” diýip aýratyn belledi. Şonda Hormatly Prezidentimiziň: “Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygy baradaky düzgünleriň beýan edilendigine aýratyn üns bermek isleýärin” diýen sözleri döwletimiziň kanunçylygyny dünýäde dowam edýän umumy kabul edilen kada-kanunlar bilen baýlaşdyrmagyň esasynda biziň berkarar döwletimiziň diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem tutuş adamzada hyzmat edýän döwlet bolmagyny üpjün etmäge uly yhlas siňdirilýandiginiň subutnamasydyr.

Şeýlelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň şeýle kämil derejede rejelenen görnüşini tassyklamak barada Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň taryhyna şanly sene hökmünde girdi. Bu Konstitusiýa esaslanmak bilen, Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda halkymyz ösüşiň täze belentliklerine ynamly ädim äder diýsek hakykatdan daş düşmeris.

 

Türkmenistanyň “Daýhanbank”döwlet täjirçilik 

bankynyň Hukuk müdirliginiň 

başlygynyň orunbasary M.Ataýewa


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 24.05.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy