Ak şäherim Aşgabat

Ak şäherim Aşgabat 24.05.2019

Ak şäherim Aşgabat

Ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri türkmen halkynyň kalbynda mermer şäher hökmünde orun aldy iň bir ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp görke giren ak mermerli gözel Aşgabat maddy we ruhy medeniýetiň beýik-beýik ýadygärliklerinde geçmişiň ỳaňy ỳaňlanỳan gadymy türkmen topragynyň hakykatda gaỳtadan galkynmagynyň äşgär nyşanyna öwrüldi.
Parahatçylygy söýüji bitarap syýasatynyň nusgasyna öwrülen Aşgabat şäheri dünýäde ösen binagärlik keşbi, täzelikleri ornaşdyryjy, täze başlangyçlar bilen çykyş edýän deňli-derejeli şäher hökmünde özüni tanadỳar. Türkmen paýtagtynda geçirilýän ỳokary derejedäki duşuşyklara, halkara maslahatlara, dürli ähmiýetli gurluşyk işlerine dünỳä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirýär.
Häzirki wagtda şäher gurluşygyna milli we dünýäniň dürli ýurtlaryndan öz işiniň ussatlary çekilen, Aşgabadyň gurluşyk işlerinde ussat türkmen binagärleri bilen bir hatarda Türkiỳäniň, Fransiýanyň we ençeme beýleki döwletleriň tejribeli binagärleri uly göwrümli işleri alyp barỳarlar. Bu bolsa örän gysga möhletiň içinde şäheriň keşbini düýpli özgertmäge şert döretdi. Paýtagtyň diňe bir daşky keşbi özgerdilmän, onuň içki gözelligi hem uly ösüşlere eỳe boldy. Bu bolsa ỳurtda binagärlik gurluşygyna dünýäniň tejribeli hünärmenlerini çekmekde uly tagallalaryň edilýändigine şaýatlyk edỳär.
Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan gülläp ösýän, bu gün sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat biziň buýsanjymyz. Ol özüniň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, suw çüwdürimlerine baýlygy bilen göreni özüne maýyl edýär. Gyşyn-ýazyn gök baglara, ter güllere, beslenip, göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň taryhy merkezinde gurlan “Ak şäherim Aşgabat’’ binasy bolsa türkmeniň ruhunyň belentligini, döwletiniň berkararlygyny, halkymyzyň paýtagt şäherine söýgüsini beýan edip, alyslardan öwşün atýar. Ýaşyl baglaryň gurşawunda ýerleşen bu ajaýyp desgadan göterilýän aýdymlaryň owazy bolsa biziň bagtyýarlygymyzy älem-jahana buşlaýar.
Berkararlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan gözel paýtagtymyzy synlanyňda göwnüň göterilýär. Ak mermere we güllere beslenen Aşgabat dünýäniň gursagynda täsin bir öwüşginli ak nur bolup lowurdaýar. Belentden seredeniňde, owadan binalaryň toplumy Aşgabadyň sanlyja ýylda gazanan gözellik keşbini aýyl-saýyl görkezýär. Ak bagtdan görk alan gül mekanyň çar künji özgerşiň we täzelenişiň nurly ýalkymy bilen öwüşgünlenýär. Paýtagtymyza görk berip oturan binalar ýurdymyzyň asudalygynyň, parahatçylyksöýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan galan erkanalyk, agzybirlik ýörelgelerine wepalylygynyň binagärlik sungatdaky aýdyň şöhlelenmesidir.
Aşgabat mermer öwüşginli merjen şäher. 2013-nji ýylyň 25-nji maýy ähli halkymyz üçin ýatdan çykmajak taryhy seneleriň biri. Şol gün maslahatlar köşgünde Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek bile bagly maslahata Aşgabadyň ak mermere beslenen paýtagt hökmünde Ginnesiň rekortlar kitabyna girizilmegi hem-de Hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy, Aşgabat şäheriniň gününiň esaslandyrylmagy her bir türkmenistanlynyň göwnüni joşdurdy, türkmen paýtagtynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterdi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her bir täze binada ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan, töwereginde täze ýollar gurlup, güldür baglar bilen jäheklenen, suw çüwdürimleri bilen bezelen binalar bize buýsanç bagyşlaýar. Belent ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatlarynda hem-de iki jaýyň aralygynda durmuş hyzmaty desgalarynyň gurulmagy ähli işleriň, ilkinji nobatda, halk bähbidinden gözbaş alýandygyny alamatlandyrýar. Olara milletimiziň ruhy dünýäsine, milli ýörelgelerine bap gelýän owadan atlaryň dakylmagy bolsa göwnüňi ganatlandyrýar. Öz raýatlarynyň abadan durmuşy, ruhubelent ömür sürmegi, döretmegi, gurmagy, saglygyny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy, gözelliklerden lezzet almagy barada yzygiderli alada edýän Hormatly Prezidentimiz halkynyň ýagty geljeginiň rowaçlygy üçin yhlasyny zehinini gaýgyranok.
Sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabat şäherinde gurlan ertekilerdäki ỳaly ajaýyp köşkler, bir-birinden gözel ymaratlar, beýik binalar, has oňaỳly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent gurlan ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp seýilgähler, täsin suw çüwdürimleri, iki gyrasy bagy bossanlyga bürenýän şaỳollary görenleri haỳran galdyrỳar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen olaryň gurluşygy has giň gerime eýe boldy. Dürli maksatly ajaýyp desgalaryň gurluşygyna Döwlet baştutanymyz türkmen Lideriniň hut özi ak pata berdi.
Demirgazykdan Garagumyň çägeligi, günortadan bolsa Köpetdagyň gerişleri gurşap oturan Aşgabat şäheri öz ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda mähirli duýgulary oýarýar. Şonuň üçin hem onuň ýaşaýjylary öz şäherlerini aýratyn hyjuw bilen söýýärler, oňa aýratyn duỳgy bilen buýsanýarlar.

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň
 Hükuk müdirliginiň baş hünärmeni                                                                                   H.Komekow

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 04.06.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy