SANLY YKDYSADYÝET: DÖWREBAP ÖSÜŞE TARAP

SANLY YKDYSADYÝET: DÖWREBAP ÖSÜŞE TARAP 17.06.2019

SANLY YKDYSADYÝET: DÖWREBAP ÖSÜŞE TARAP

Döwür ähli ugurlarda döwrebap özgertmeleriň zerurdygyny talap edýär. “Türkmenistanyň Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” görkezilen maksatlara ýetmegiň anyk ugurlary we gurallary kesgitlenende, milli ykdysadyýeti, hususy pudagy durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly derejede herekete girizilmegi, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi, biržanyň we gymmatly kagyzlar bazarynyň iş depginini ýokarlandyrylmagy esasy wezipe hökmünde bellenildi.   

       Milli Liderimiz ykdysadyýeti sanlaşdyrmak, bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda we hyzmatlar bazarynda, şol sanda bank ulgamynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

         Sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmekde işgärler kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Islendik ýurduň geljegi bilime baglydyr. Adam diňe bir bilimleri göteriji, hünär endiklerini toplaýjy bolmak bilen çäklenmän, düýpli öňegidişlikleriň başyny başlaýjy hem olara tizlik beriji güýje öwrülmelidir. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam kapitalyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar.

    Häzirki döwürde Türkmenistanyň ilaty döwletiň hemmetaraplaýyn aladasy bilen gurşalandyr. Geljekde bu üns-alada bazar häsiýetini bermek döwrüň talabyna öwrüler. Munuň şeýle edilmegi, bir tarapdan, bazar gatnaşyklarynyň erkin hem doly suratda berkarar bolmagyna, sagdyn bäsdeşligiň emele gelmegine we bahalaryň ykdysady taýdan esaslandyrylan ýagdaýda bellenilmegine ýardam berse, beýleki bir ta­rapdan, ilatyň girdejileriniň artmagyna, şeýlelik bilen hem, adamlaryň sarp ediş islegleriniň ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagyna getirer.

Ykdysady ösüş möçberiň artmagynyň (ekstensiz) we hiliň ýokarlanmagy (intensiw) sebäplerine esaslanýandygyny bellemeli. Ekstensiw sebäpler diýip, önümçilikde ulanylýan serişdeleriň – işçi güýjüniň, maddy serişdeleriň, ýeriň we beýlekileriň möçberiniň artmagyna, intensiw diýip bolsa – sarp edilýän serişdeleriň hiliniň ýokarlanmagyna we olaryň ulanylmagynyň yzygiderliligine düşünilýär.

Ykdysady sazlaşyk üçin intensiw sebäpler möhüm ähmiýete eýe bolýar. Öz gezeginde, işgärleriň hünär derejesiniň we zähmet öndürijiliginiň, materiallaryň we enjamlaryň netijeliliginiň ýokarlanmagy ylmyň we tehnikanyň gazananlary, öňdebaryjy tejribe we olary hojalykda ulanmagyň derejesi, ýagny täze girizilenleriň ýaýradylyşy bilen kesgitlenýär. Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşlerini (“Internet-banking”, “Mobil-banking”) hödürlemäge, harajatlary we wagty tygşytlamaga ýardam berýär.   

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi bermek bilen, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde, ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmekde we bank hyzmatlarynyň häzirki zaman tehnologiýalary arkaly alnyp barylmagynda bank ulgamynyň ösüşi möhümdir.  

Hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, ösen kompýuter tilsimatlarynyň tehniki taýdan programma üpjünçiligini kämilleşdirmek maksady bilen, bankyň işini talabalaýyk guramak öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn wagtda ylmyň soňky gazananlary esasynda bank hyzmatlarynyň has-da kämilleşdirilmegine, täze bank hyzmatlarynyň çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine giň mümkinçilikleri açar.

     Türkmenistanyň “Daýhanbank”

     döwlet täjirçilik bankynyň

     Hukuk müdirliginiň

     başlygynyň orunbasary                                  M.Ataýewa


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 02.07.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy