Kiçi we orta telekeçilik: bank karzlarynyň ýeňillikleri

Kiçi we orta telekeçilik: bank karzlarynyň ýeňillikleri 11.06.2019

Kiçi we orta telekeçilik: bank karzlarynyň ýeňillikleri

Ykdysadyýetiň hususy böleginiň emläk mümkinçiliklerini ösdürmek we ýurduň jemi içerki önüminde onuň paýyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň çig mal däl böleginiň eksport edilýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy bölegine aýratyn üns berilmegi, ýardam kömekleriň berilmeginiň netijesinde ykdysadyýetiň hususy bölegi uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümiň ep-esli bölegi döwlete degişli bolmadyk kärhanalardyr telekeçileriň zähmeti bilen öndürilýär. Munuň özi ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy bölegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, ýeňillikleriň hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesidir.
Hususy telekeçiligi goldamak bilen baglanyşykly kabul edilen il-ýurt bähbitli resminamalardan gelip çykýan wezipeleri doly we dogry berjaý etmek üçin bank tarapyndan ähli zerur çäreler amala aşyrylýar.
Ýeňillikli karz almaga isleg bildirip, banka ýüz tutan ykdysadyýetiň hususy bölegi bilen karz almagyň şertleri, bankdan karz pul almagyň hereket edýän tertip-düzgünleri barada giňişleýin düşündiriş we maslahat beriş işleri geçirilýär.
Bankyň karz topary, gatnaşmagynda alnan resminamalaryň bukjasyna laýyklykda, telekeçileriň maýa goýum taslamalarynyň wajyplygyna, maksadalaýyklygyna, önümçiligiň netijeliligine, iş bilen üpjünligine baha berýär.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky we onuň şahamçalary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran 12446-njy “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Kararyna laýyklykda, karzlaryň ugurlary, zerur bolan resminamalaryň sanawy, degişli hünärmenleriň kabul edýän sagatlary we telefon belgileri barada maglumatlar hödürlenýär:
Senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek, bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi-önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary, furnituralary satyn almak, infrastruktura obýektleriniň gurluşygyny goşmak bilen, gurluşygy ösdürmek, gurluşyk materiallar senagatyny ösdürmek, transporty, aragatnaşygy we maglumatlar tehnologiýasyny ösdürmek, serwis hyzmatlaryny we ilata durmuş taýdan hyzmat etmegi ösdürmek, saglygy goraýyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmek, oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek, öz oba hojalyk önümçiligiňi ösdürmek we giňeltmek, gaýtadan işläp taýýarlanylýan önümiň göwrümini artdyrmak, şol sanda oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal ýataklary, fermalary, kiçi-önümçiligi gurmak,mallary, öý guşlary, ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdeleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak, halk çeperçilik senetleriniň we amaly sungatyň önümlerini öndürmek, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik, telekeçilik işiniň, şol sanda innowasiýa işiniň beýleki görnüşlerini amala aşyrmak üçin, ýyllyk 5 göterim bilen dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla we maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli berilýär.
Bellik: Karzlar ýokarda agzalan işjeňligi maliýeleşdirmek üçin telekeçileriň maliýe goýum taslamasyna 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär.
Girew üpjünçiligi: girew goýmak bilen berilýär. Girew emlägi hökmünde, karz serişdeleriniň hasabyna alnan (satyn alnan mallardan we guşlardan gaýry) we Türkmenistana getirilen emläk goýulyp bilner.
Gerekli resminamalaryň sanawy:
- karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
- karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
- soňky hasabat senesi üçin balans we geçen 3 ýyl üçin balans;
- peýdalar we ýitgiler hakynda hasabat;
- karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri, hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk hatlarynyň göçürme nusgalary;
- dörediş resminamalarynyň, edara görnüşindäki tarapyň hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň hem-de Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň göçürme nusgalary;
- gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan petek;
- hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;
- hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiň (eger ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan bolsa), şeýle hem, işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň göçürme nusgalary;
- karz alyjy tarapyndan karzyň üpjünçiligi hökmünde hödürlenýän girew emlägiň degişli resminamalary.
Bank karzyny bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda goşmaça maglumatlary talap edilip bilner.

Ýokarda görkezilen önümçilik karzlary boýunça Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna we ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz. Karzlaşdyryş bölümleriniň başlyklary we hünärmenleri tarapyndan iş günlerinde sagat 9-00-dan 13-00 çenli we 14-00-dan 18-00 çenli müşderileriň bökdençsiz kabul edilýändigini habar berýäris.

Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:

Merkezi diwan: 38-01-73; 38-01-66; 38-03-65; 38-03-79;
38-03-78; 38-03-70; 38-03-62; 38-01-05.
Ruhabat etrap şahamçasy: 24-44-55; 24-52-85.

Ahal welaýat şahamçasy boýunça:
Amallar geçiriş bölümi: (8-00-137) 34-6-27, 36-8-67;
Babadaýhan etrap: (8-00-136) 3-07-02;
Bäherden etrap: (8-00-131) 2-08-04;
Gökdepe etrap: (8-00-132) 4-70-53;
Tejen şäheri: (8-00-135) 4-03-05;
Sarahs etrap: (8-00-134) 2-17-89;
Kaka etrap: (8-00-133)-3-11-81.

Balkan welaýat şahamçasy boýunça: (800246) 5-21-51
Amallar bölümi (8-00-246) 5-15-48;
Balkanabat şäher şahamçasy (8-00-222) 7-72-89, 7-07-24;
Bereket etrap şahamçasy (8-00-247) 3-14-93;
Esenguly etrap şahamçasy (8-00-245) 3-21-51; 3-29-00;
Etrek etrap şahamçasy (8-00-242) 4-05-54; 4-05-50;
Magtymguly etrap şahamçasy (8-00-248) 4-09-06; 4-09-05;
Türkmenbaşy etrap şahamçasy (8-00-243) 7-99-71; 7-97-31.

Daşoguz welaýat şahamçasy boýunça:
Amallar bölümi (8-00-322) 9-31-71;
Akdepe etrap şahamçasy (8-00-344) 3-07-02;
Boldumsaz etrap şahamçasy (8-00-346) 3-13-39;
Görogly etrap şahamçasy (8-00-340) 3-28-26;
Gubadag etraby (8-00-345) 3-14-42;
Gurbansoltan eje adyndaky etrap (8-00-343) 3-14-48;
Köneürgenç etrap (8-00-347) 3-14-19;
Ruhubelent etrap şahamçasy (8-00-342) 3-10-20;
S.Nyýazow adyndaky etrap şahamçasy (8-00-348) 3-14-71;
S.Türkmenbaşy etrap şahamçasy (8-00-349) 3-22-32.

Lebap welaýat şahamçasy boýunça:
Amallar geçiriş bölümi (8-00-422) 9-08-90, 9-19-30;
Darganata etrap şahamçasy (8-00-445) 22-0-98, 2-24-54;
Dänew etrap şahamçasy (8-00-446) 51-2-42, 51-2-73;
Çärjew etrap şahamçasy (8-00-422) 5-72-77, 5-63-51;
Farap etrap şahamçasy (8-00-448) 21-2-35, 21-4-60;
Sakar şäher şahamçasy (8-00-447) 5-05-38, 5-00-68;
Saýat etrap şahamçasy (8-00-447) 21-2-44, 22-0-71;
Garabekewül şäher şahamçasy (8-00-441) 61-3-61, 61-0-19;
Halaç etrap şahamçasy (8-00-441) 20-7-87, 20-9-82;
Kerki etrap şahamçasy (8-00-444) 2-02-05, 2-01-99;
Döwletli etrap şahamçasy (8-00-434) 2-00-07;
Köýtendag etrap şahamçasy (8-00-440) 2-06-66, 2-05-45.
Hojambaz etrap şahamçasy (8-00-442) 2-11-00;



Mary welaýat şahamçasy boýunça: (8-00-522) 6-07-72, 6-76-40;
Amallar geçiriş bölümi (8-00-522) 6-08-62, 6-76-28;
Serhetabat etrap şahamçasy (8-00-561) 4-04-35;
Sakarçäge etrap şahamçasy (8-00-566) 5-09-04;
Oguzhan erap şahamçasy (8-00-553) 6-55-07, 6-70-94;
Murgap etrap şahamçasy (8-00-565) 4-00-50, 4-00-42;
Baýramaly etrap şahamçasy (8-00-564) 6-07-68, 6-08-62;
Mary etrap şahamçasy (8-00-557) 4-08-59;
Ýolöten etrap şahamçasy (8-00-560) 6-01-50;
Türkmengala etrap şahamçasy (8-00-522) 6-36-71, 31-0-61;
Wekilbazar etrap şahamçasy (8-00-522) 6-32-27,6-71-69;
Tagtabazar etrap şahamçasy (8-00-568) 5-17-56, 6-30-60.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 24.06.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy