Ýurdumyzyň bugdaý hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär

Ýurdumyzyň bugdaý hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär 01.07.2019

Ýurdumyzyň bugdaý hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär

          Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan edilýän ýadawsyz aladalaryň netijesinde ýurdumyzda her ýylda uly zähmet üstünlikleri gazanylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy almagy maksat edinýän merdana babadaýhanlarymyz ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bolçulygyny döretmekde ýokary işjeňlik bilen zähmet çekýärler.
          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumuzyň oba hojalyk pudagyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatynda     il-ýurt bähbitli uly-uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini we oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçilerini döwlet tarapyndan goldamak barada Türkmenistanyň 1-nji Halk Maslahatynda birnäçe wajyp kararlar kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda” 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-ne çykaran kararyna laýyklykda 2019-njy ýylyň bugdaý hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 800 manat möçberinde bellenilmegi bolsa bugdaý öndürijilerde uly zähmet joşgunyny döredip, olaryň  başyny göge ýetirdi.
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan  2019-njy ýylyň bugdaý hasylynyň önümçilik harajatlaryny maliýeleşdirmeklik üçin döwletiň ýeňillikli karz ugryndan bugdaý hasylynyň ösdürilip ýetişdirilýän döwründe ýerine ýetirilen işler we alnan haryt gymmatlyklar üçin  hyzmat ediji edara-kärhanalara tölegleriň öz wagtynda geçirilmegi ýola goýuldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2019-njy ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda”      2019-njy ýylyň maý aýynyň 24-ne çykaran kararyna laýyklykda, şu ýylyň galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz  ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek bellenildi    hem-de galla öndürjiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň ýola goýulmagy bolsa bugdaý hasylyny ýetişdirýän kärendeçilerimiziň gaýratly zähmet çekip, bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalmagyna uly goldaw berdi.
         Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji maýynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, orak möwsümini gysga wagtyň içinde guramaçylykly geçirmek maksady bilen Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi.
        Bellenilen möhletlerde galla oragyna girişilmegi bilen bir hatarda Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça 2019-njy ýylyň bugdaý hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi  bugdaý öndüriji kärendeçilerimiziň ýyl boýy arman-ýadaman zähmet çekip gazanan halal zähmet haklarynyň olara hiç bir bökdençsiz öz wagtynda berilmegi doly ýola goýuldy we munuň özi her bir türkmen daýhanynyň öýünde uly şatlyk döretdi hem-de kärendeçilerimiziň halal zähmede bolan howeslerini has-da ýokarlandyrdy.
Daýhan birleşikleri bilen içerki kärende şertlerinde işleýän kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň bank kartlarynyň üsti bilen geçirilmegi üçin bugdaý öndüriji kärendeçileriň ählisi Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan bank kartlary bilen doly üpjün edildi we bugdaý hasylynyň hasaplaşygy bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Hasaplaşyklaryň bank kartlarynyň üsti bilen geçirilmegi bolsa bugdaý öndüriji kärendeçilere zerur bolan hasaplaşyklary nagt däl görnüşinde geçirmeklige we belli bir derejede öz pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilikleri döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna berýän goldawlarynyň netijesinde  ýurdumyz  boýunça bugdaý, pagta hasyllarynyň öndürilişi ýyl geldigiçe artýar we şonuň netijesinde bolsa oba hojalyk önümlerini öndüriji babadaýhanlarymyzyň  girdejileri has-da köpelip, olaryň durmuş-ýaşaýyş ýagdaýlary ýyl geldigiçe barha gowulanýar.
    “Türkmenistan-Rowaçlygyň Watany” ýyly  diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň bugdaý öndüriji kärendeçileriniň gaýratly zähmet çekmek bilen ýokary sepgitlere ýetip, Watan öňündäki borçnamalaryny uly abraý bilen ýerine ýetirmekleri Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir raýatyny çäksiz begendirýär.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin oba hojalyk önümlerini öndüriji  kärendeçilerimiziň ählisiniň türkmen halkyny gün kibi çoýýan Milli Liderimize çyn ýürekden çykýan minnetdarlyklarynyň we hoşallyklarynyň çägi ýok.
Goý, türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda bolçulykly ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


Gülnar Gapbarowa,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Karz syýasaty müdirliginiň oba hojalyk önümçiligini
karzlaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 11.07.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy