Bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri.

Bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri. 04.07.2019

Bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri.

Bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna berýän goldawlarynyň netijesinde  ýurdumyz  boýunça bugdaý, pagta hasyllarynyň öndürilişi artýar we şonuň netijesinde oba hojalyk önümlerini öndüriji babadaýhanlarymyzyň girdejileri has-da köpelip, olaryň durmuş-ýaşaýyş ýagdaýlary barha gowulanýar.
Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky kärendeçileriň oba hojalyk önümlerini öndürmekden alýan girdejilerini bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl töleg hyzmatlaryndan peýdalanmaklyga çagyrýar we bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklaryň hyzmatlarynyň görnüşlerini hödürleýär:
- Ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň töleglerini tölemek;
         -  Bankomatlardan, bir kartdan başga karta dessin pul geçirmek;
-  Töleg terminallarynyň üsti bilen  söwda merkezlerinde satyn
    alynan harytlar  üçin tölegleri amala aşyrmak;
        -   Bankomatlardan, ipoteka we beýleki karzlaryň esasy bergilerini
             hem-de hasaplanan göterimleri gaýtarmak;
-  “Altyn asyr” öýjükli telefonlara tölegleri geçirmek;
-  Bank kartlarynyň üsti bilen  gaz, suw, elektrik energiýa,
   PÝGG-ne we beýleki hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak;
-  ýangyç beketlerinde ýangyç üçin  tölegleri  tölemek;  
-    “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryndan peýdalanyp, Internet ulgamyna birikdirilen kompýuter ýa-da ykjam enjamlary arkaly ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini tölemek, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, awiapetekleri, şäher telefon ulgamy hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek, bank karty boýunça göçürmeleri almak we beýleki bank hyzmatlaryndan peýdalanmak.


Bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklardan peýdalansaňyz Siziň çykdajyňyz we wagtyňyz tygşytlanar!
                        Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:  
   Merkezi edarasy: 38-01-19, 38-02-85;   Aşgabat şäheri: 38-01-43, 38-03-59;
   Ruhabat şahamçasy: 24-49-24;              Ahal welaýaty: 8-00137-34-6-08;
   Balkan welaýaty: 8-246-5-27-92;            Daşoguz  welaýaty: 8-00322-9-36-71;
   Lebap welaýaty: 8-422-9-17-34;             Mary  welaýaty: 8-00522-5-76-30.  

Ýerine ýetiriji:Pul dolanyşygy müdirligi
Tel:38-02-85

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 13.07.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy