Nagt däl hasaplaşyklary geçirmekligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ähmiýeti.

Nagt däl hasaplaşyklary geçirmekligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ähmiýeti. 19.08.2019

Nagt däl hasaplaşyklary geçirmekligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ähmiýeti.

   Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durnukly ykdysady ösüşe eýe bolan bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan milli ykdysady özgertmelerinde bank we maliýe ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler aýratyn orun tutýar.
   Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmekde, durnukly ösüşini üpjün etmekde bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek we innowasion tehnalogiýalary hödürlemek ýaly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.
   Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ulgamy tarapyndan bankomatlar 1029 sanysy, olaryň 512 sanysy ýurdumyzyň daýhan birleşiklerinde, arçynlyklarynda, töleg terminallarynyň 7312 sanysy olardan 2296 sanysy oba ýerlerinde ornaşdyryldy, şeýle hem bank kartyndan peýdalanyjylaryň jemi sany 1 421 581 bolup, olardan 405 520 sanysy oba hojalyk önümlerini öndüriji kärendeçilerdir we maşgala karty 2 886 sany, goýum bank karty 21 898 sany bolup durýar.
   Häzirki wagtda döwrebap tehnalogiýalaryň ösmegi bilen bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryna hödürlenilýän hyzmatlaryň sany yzygiderli artýar. Ýurdymyzyň karz edaralary bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde köpdürli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almaga, aragatnaşyk, saglygy goraýyş edaralaryň hyzmatlary, awtoulaglaryň ýangyjy, döwlet ätiýaçlandyryş, demir ýol we awiýapetekler üçin tölegleri tölemek, karz bergilerini we onuň göterimlerini tölemek boýunça töleg terminallarynyň hem-de bankomatlaryň üsti bilen amalar aşyrylýar.
Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara köpçülikli ýaşaýyş ýerlerinde elýeterli we amatly nokatlarda gurnalan. Bankomatlaryň hem-de Internet we Mobil-banking hyzmatyndan peýdalanyp olaryň üsti bilen degişli edaralara gitmezden saglyk ätiýaçlandyrma hyzmaty, “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompanýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, öýjikli telefonlaryň hyzmaty, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölegleri tölemek, karzlary gaýtarmak hem-de olaryň göterimlerini tölemek, bank kartyny saklaýjylara kart hasabyndaky serişdeleriniň hereketine bolan gözegçiligi alyp barmak üçin ýörite “SMS habar beriş” hyzmaty hödürlenýär. Bu bolsa töleg ulgamyny kämilleşdirmek ykdysadyýetdäki nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmekde özüniň oňyn netijesini berýär. Häzirki wagtda bank kartlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek we bank kartlary arkaly hyzmatlary kämilleşdirmek, bank kartlaryny saklaýjylaryň müşderi binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgini yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär.
Bank ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň kemala gelmegine we düýpli ykdysady ösüşlere ýakyndan gatnaşýar hem-de “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamalary” netijeli durmuşa geçirilýär. Banklar ylymyň täze gazanan üstünlikleri we täze döwrebap usullary peýdalanyp, ýurduň ähli ýerlerinde töleg kartlarynyň giň mümkinçiliklerini halka hödürleýär. Bu hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýan ilat üçin dürli ýeňillikleri döredýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi ykdysadyýetimiz üçin uly ähmiýete eýedir. Bularyň esasylaryny şeýle görkezmek bolar:
- ýurdumyzda pullary ýasamak, gaplamak, daşamak we saklamak üçin çykdajylaryň tygşytlanmagy;
- pul serişdeleriniň dolanşygynyň çaltlanmagy;
- pul dolanşygynyň gözegçiligini ýokarlandyrmak;
- hasaplaşyklary geçirmek üçin wagtyň tygşytlanmagy;
- pul geçirimleriniň ýeňilleşdirilmegi;
- bir wagtyň dowamynda birnäçe tölegleriň geçirilmegi;
- karz amallaryny ýerine ýetirmek üçin täze mümkinçilikleriniň döredilmegi;
Kesgitlenen ugurlaryň biri hem hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, töleg ulgamyny kämilleşdirmek bolup durýar. Bu babatda birnäçe işler amala aşyryldy. Töleg ulgamyny kämilleşdirmekde ösen ýurtlarda giňden ulanylýan hasaplaşygyň nagt däl görnüşleri ornaşdyrylýar. Nagt däl hasaplaşyk ulgamyny kämilleşdirmek barada alnyp barylýan işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bank kartlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl töleginiň gerimini giňeltmek we bank kartlar arkaly hyzmatlary kämilleşdirmek, bank kartyny saklaýjylaryň müşderi binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgini ýokarlandyrylýar. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň ösüşine we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hem-de ykdysady sowatlylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirine eltýär. Şeýle hem nagt däl hyzmatlaryň ähmiýetini şeýle görkezmek bolar:
tölegleri çalt we howpsyz amala aşyryp bolýar;
pul serişdeleriň dolanşygy çaltlanýar;
ýurduň ykdysady we maliýe taýdan berkemegine itergi berýär.
Bank kartlary bilen geçirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak üçin bankomatlaryň we töleg terminallarynyň ulanylyşynyň giňeldilmegi boýunça häzirki wagtda köp ilatly, gelim-gidimli ýerlerde töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri depginli dowam etdirilýär. Söwda we hyzmatda döwrebap töleg terminallaryny ornaşdyrylmagyň netijesinde, bank kartlaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap ulgamy döredilýär.
Netijede ýurdymyzda nagt däl hasaplaşyklaryň we töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi, häzirki zaman maliýe gatnaşyklarynda döwrebap tehnalogiýalaryň nagt däl hasaplaşyklary geçirmekde we töleg gatnaşyklarynda giňden peýdalanylmagy bank işiniň kämilleşmegi hem-de halkara bank ulgamynda sazlaşykly gatnaşyklara ýol açar.

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Mary welaýatynyň şahamçasynyň Bughalter hasaby
we hasabaty bölüminiň başlygy S.T.Aşyrow
Tel: 800522-6-06-93

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 07.09.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy