Birinji Hazar ykdysady forumy – möhüm syýasy wakadyr

Birinji Hazar ykdysady forumy – möhüm syýasy wakadyr 26.08.2019

Birinji Hazar ykdysady forumy – möhüm syýasy wakadyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen gününden beýläk ähli döwletler bilen goňşuçylyk gatnaşyklarynyň binýadyny berkden tutmaga aýratyn uly ähmiýet berip gelýär. Munuň özi biziň berkarar döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň iň esasy talaplarynyň biridir. Döwletimiziň daşary syýasatynda Hazaryň onuň kenarynda ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky    dostluk-doganlyk gatnaşyklaryň deňzi bolmagyny üpjün etmek aýratyn orun eýeleýär. Munuň bolsa diňe bir sebitde däl, eýsem tutuş dünýäde pugta parahatçylygy, ähliumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan tutumly işlerine biziň döwletimiziň mynasyp goşant goşýandygynyň subutnamasydyr. Bu wezipäniň üstünlikli amal edilmegi bolsa Hazar deňziniň halkara hukuk derejesiniň kesgitlenmeginiň oňyn çözgüdiniň gözlenmegine hem-de tapylmagyna köp derejede bagly bolup geldi.
Hormatly Prezidentimiz birinji Hazar ykdysady forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen ykjam taýýarlyk işlerini ýola goýdy. Şeýle ykjam taýýarlyk bilenem, birinji Hazar ykdysady forumy                             ýaňy-ýakynda, has takygy üstümizdäki, “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň ekologiki taýdan arassa kenarynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz 12-nji awgustda “Awaza” Kongresler merkezinde “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri” diýlip atlandyrylýan dabaraly maslahatda çuňňur manyly taryhy söz sözledi. Bu taryhy çykyşda forumyň ähmiýeti, onuň geljekde diňe Hazarýaka döwletleriň arasynda däl, eýsem Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän ähli döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giň gerimde ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döretjekdigi beýan edildi hem-de umumyadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlaryň, teklipleriň birnäçesi öňe sürüldi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Hazar deňziniň tebigaty goramak ulgamynda ylmy barlaglaryň geçirilmegini talap edýän gaýtalanmajak ekologiýa ulgamly täsin tebigy toplumdygyna, umumy gymmatlyklara esaslanýan hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen birleşen halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljegi uly giňişliginiň döreýändigine ýygnananlaryň ünsüni çekmek bilen, Hazar gün tertibiniň dürli meseleleriniň bu forumda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, şonda ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, innowasiýalar we tehnologiýalar meselelerine aýratyn üns berilmelidigini nygtady.  
Hormatly Prezidentimiz iň esasy zadyň kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmegi bilen baglanyşykly meselelerden ybaratdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Hazar kontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka ýurtlaryň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen we soňra demirgazyk ugurda Baltika deňziniň kenarýakasyna göni çykmak ýoluna eýedir. Şeýle ýagdaý bolsa geografik azimutlaryň dördüsi boýunça hem durnukly ugurlary döretmek mümkinçiliklerini açýar. Ýöne olaryň kadaly hereket etmegi üçin, Hazar döwletleri, ilkinji nobatda, öz aralarynda ulag gatnawlarynyň ygtybarly ulgamyny ýola goýmalydyrlar, döwrebap port düzümini gurmalydyrlar, netijeli logistikany üpjün etmelidirler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda amala aşyrylmaly işler we anyk möhletler takyk beýan edilen meýilnamalaryň üstünde has işjeň işlemek gerekdigine, Hazar sebiti logistika merkezini döretmäge hemmeleriň ünsüni çekip, munuň Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we netijeli peýdalanmak ulgamynda bilelikdäki işleri utgaşdyrýan düzüme öwrülmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynda Hazaryň asyrlar boýy                 dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ylalaşygyň deňzi bolup gelendigine uly sarpa goýulýar. Şonuň bilen birlikde Hazar hormatly Prezidentimiz tarapyndan täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup durýandygy hem iňňän ähmiýetlidir.  
Hormatly Prezidentimiz ylma daýanmagyň bäsdeşlige ukyply we geljegi uly gatnaşyjy hökmünde Hazaryň ykdysady ösüşiniň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ýakynlaşmagynyň üstünlige eýe bolmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup durýandygyny nygtamak bilen, bu babatda möhüm teklipleri öňe sürdi.
Çünki hormatly Prezidentimiz häzirki wagtdaky okgunly tehnologik öňegidişligiň geoykdysadyýetiň adaty keşbini, dolandyryş çözgütleriniň hilini we derejesini, ählumumy ykdysady prosesleriň mazmunyny üýtgedýändigini nazarda tutup, sebitde olara täsir etmek wezipesine Hazar ýakasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalmalydygyny, bu ýerde tehnologiýa ulgamyny döretmäge uly üns bermelidigini, munuň üçin zerur serişdeleri bölüp bermelidigini, intellektual, guramaçylyk kuwwatyny gönükdirmelidigini, şeýlelikde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstüni innowasion mazmunlar bilen yzygiderli baýlaşdyrmalydygyny, munuň bolsa sebitiň geljekki ösüşiniň, onuň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ugurlaryny kesgitlemelidigini nygtaýar.
Şunuň bilen baglanyşyklykda hormatly Prezidentimiz tehnologik we innowasion badalga üçin anyk binýatlaýyn meýdançany döretmegiň maksada laýyk boljakdygyny nazarda tutup, halkara innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmegi, onam “Hazaryň innowasion şäheri” diýip atlandyrmagy teklip etdi, pikirleriň bu özboluşly laboratoriýasynda bolsa Hazarýaka ýurtlardan we beýleki döwletlerden alymlaryň, hünärmenleriň, düýpli we amaly ylymlaryň wekilleriniň Hazar üçin täze tehnologik ýörelgäniň üstünde bilelikde işläp, innowasion hyzmatdaşlygyň nusgalaryny, Hazar meselesiniň köp ugurlary – energetika, senagat, logistika, düzümleýin, ekologiýa ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütleri taýýarlap biljekdiklerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz, şeýlelikde, biziň Hazarda alyp barýan işlerimiziň ylmy barlaglara esaslanyp, tehnologik işler bilen utgaşdyrylmalydygyny, şeýle-de  “Hazaryň innowasion şäheriniň” ýanynda “sanly ykdysadyýet” bölümini döretmelidigini, munuň bolsa geljek üçin badalga boljakdygyny, Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy ulgamlarynyň işiniň sanly ulgama geçirilmegini üpjün etjekdigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda, ähli babatda bolşy ýaly, Hazaryň ekologiýa deňagramlylygyny, deňziň täsin biologik köpdürlüligini saklamak ileri tutulýan ugurlaryň biri. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz Hazar sebitinde ykdysady taslamalaryň ählisiniň ýokary halkara ekologiýa standartlarynyň esasynda amala aşyrylmalydygyna, Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmeginiň derwaýysdygyna ünsi çekip, bu Maksatnamanyň Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlaryň hökümetlerine degişli maslahatlary berip biljekdigini, şunuň bilen baglylykda, Hazar üçin “ýaşyl diplomatiýanyň” netijeli ýollarynyň ýola goýulmagynyň, bu işe döwletleriň, halkara agentlikleriň, ekologiýa merkezleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň çekilmeginiň wajypdygyny aýtdy.  
Birinji Hazar Ykdysady forumynda çykyş eden Hazarýaka ýurtlaryň wekiliýetleriniň baştutanlaram, şeýle-de forumyň plenar mejlisinde, onuň özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň dürli ugurlaryny, has takygy Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, Hazar sebitinde ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi, Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri, Hazar sebitinde senagatyň ösdürilmegi, Hazar üçin “ýaşyl ykdysadyýet”, Hazar deňzinde ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň tutuş toplumyny ara alyp maslahatlaşan bölümlerinde çykyş edenleriň ählisi hem hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli bu syýasatyna iňňän ýokary baha berip, Onuň öňe sürlen başlangyçlarynyň ählisini goldaýandyklaryny aýtdylar hem-de öz wekilçilik edýän döwletleriniň, işewür toparlarynyň bu forumda garalýan meseleleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerni uly ynam bilen aýtdylar. Forumda öňe sürlen başlangyçlardyr teklipler bolsa Birinji Hazar Ykdysady forumynyň jemleri boýunça kabul edilen Beýannamada öz  anykdan-aýdyň beýanyny tapdy. Şol başlangyçlaryň we teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş dünýäniň sazlaşykly hem durnukly ösüşine ýardam etjekdigi şübhesizdir.
    
     M.Ataýewa
     Türkmenistanyň “Daýhanbank”
     döwlet täjirçilik bankynyň
     Hukuk müdirliginiň başlygy                    

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 26.08.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy