Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleriniň ýurdumyzyň Hazarýaka sebitiniň ykdysadyýetine ähmiýeti

29.08.2019

Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleriniň ýurdumyzyň Hazarýaka sebitiniň ykdysadyýetine ähmiýeti

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda Halkara Hazar innowassion tehnologiýalar sergisi we “Türkmen sährasy - 2019” atly halkara awtosergisi geçirildi. Forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ähliumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty esasynda Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Hazar sebitini ösdürmek boýunça Hazarda halkara hyzmatdaşlygynyň geljegini kesgitlemek boýunça köpugurly şeýle-de yzygiderli gatnaşyklaryň geçirilmegi muňa şaýatlyk edýär. Hazar häzirki döwürde sebit ösüşiniň möhüm geosyýasy we geoykdysady taýdan orny ulydyr, diňe bir kenarýaka ýurtlarynyň däl-de, beýleki ýurtlaryň hem bähbitleri jemlenendir. Hazar sebitiniň uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, ulag-üstaşyr merkezi, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Geçen ýyl Gazagystanyň Aktau şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikalynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi şu işiň netijesi boldy. Bu resminama hyzmatdaşlar üçin uly ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Geçen ýyllaryň dowamynda Hazarda işiň anyk ugurlary boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi.
Türkmenistanyň Hazar ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli hem-de uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar. Hazar deňziniň düýbündäki we oňa ýanaşyk çäklerdäki uglewodorod çig malynyň uly gorlary netijeli ulanylanda, kenarýaka ýurtlaryň hem-de olaryň goňşy döwletleriň milli ykdysadyýetleriniň okgunly ösmegi üçin kuwwatly itergi bermäge, täze önümçilikleri döretmek, senagat desgalaryny gurmak üçin şertleri üpjün etmäge ukyplydyr.
           Milli  Liderimiziň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan indi ençeme gezek möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olar köp halatda dünýä syýasatynda düýbünden täze möhüm ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrüldi. Düýpli gepleşikleriň geçirilmegini höweslendirýär, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslarynyň düýbüni tutýar.
         Sebitiň diňe bir kontinental däl, eýsem dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu täsin deňziň ekologiýa ulgamynyň hem ähmiýeti barada forumda bellendi. Ekologiýa meseleleri bolsa häzirki döwürde umumy dünýä meseleleriniň öň hataryna çykýar, çünki olar siwilizasiýanyň geljegi, halklaryň köpüsi üçin bu geljegiň mümkinçiligi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ekologiýa diplomatiýasy halkara syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Türkmenistan ähli işlerde özüniň parahatçylyk dörediji ornuna wepaly bolup galýar we gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda möhüm ykdysady wezipeleri çözmekde ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär.
           Hormatly Prezidentimiziň Hazar ykdysady forumynda çykyşynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berilmegi, goňşy döwletleriň ykdysadyýetleriniň hem ösmegine itergi bermäge ukyplydygyny belledi. Ulag ulgamy Hazarýaka hyzmatdaşlygynyň örän wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýagny, bäş ýurduň arasynda hereket edýän yzygiderli gatnawlaryň bolmagy hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň netijeli işledilmegi barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz Hazar sebit logistika merkezini döretmek pikiri barada nygtap geçdi. Döwlet baştutanymyz bu teklibi öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryny birleşdirýän täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, dolandyrmak boýunça bilelikdäki işi utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu gatnaşyklar durnukly, syýasylaşdyrylan, düşnükli  hem-de aç-açan ýörelgelerde işlemegi üçin milli Liderimiz degişli halkara, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen komissiýalary, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly sebit birleşikleri bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny belledi.
           Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi hem-de “Türkmen sährasy-2019” halkara awtosergisi gerimler boýunça has iri çäreler boldy. Giň gerimli sergiler Hazarýaka ýurtlaryň we olaryň hyzmatdaşlarynyň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklarynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini giňden görkezip, täze tehnologiýa işlerini peýdalanmak, hyzmatdaşlygy berkitmek we ýola goýmak boýunça işjeň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
            Birinji Hazar ykdysady forumynda tehnologik we innowasion badalga almagyň binýatlaýyn meýdançasy hökmünde halkara innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmek barada Hormatly  Prezidentimiziň teklibi Hazar ykdysady forumy - 2019-yň wekilleriniň giň goldawyna mynasyp boldy.
           Hormatly Prezidentimiz Hazaryň strategik geljegini kesgitlemek bilen: “Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýaris” diýip belledi.

Ykdysady seljerme we maliýe
         müdirliginiň başlygy                                             M.Myradow.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 01.09.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy