Türkmenistan we Singapur ykdysady gatnaşyklary.

Türkmenistan we Singapur ykdysady gatnaşyklary. 04.09.2019

Türkmenistan we Singapur ykdysady gatnaşyklary.

        Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 26-27-nji awgustynda Singapur Respublikasynda döwlet saparynda bolup, ýurduň Prezidenti hanym Halima Ýakob şeýle-de Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen duşuşyklar geçirdi. Bu saparyň iki ýurtlaryň arasynda aýratyn ähmiýet berilýän döwletara gatnaşyklaryň köp ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarydyr.
    Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, ikitaraplaýyn işewürler forumynyň, türkmen eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle-de iki ýurduň hökümet wekilýetleriniň agzalarynyň duşuşyklary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirip, oňa ministrlikleriň, iri kompaniýalaryň we maliýe düzümleriniň şeýle hem telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligiň we beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
    Duşuşykda Türkmenistanda geçirilýän iri möçberli ykdysady özgerişler, ilkinji nobatda ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň ortaça 6-7 göterim derejede durnukly ösüş depginini gazanmagyny hem-de ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerine eýe bolmak bilen, geografiýa taýdan amatly ýerde ýerleşmek ýagdaýy, şeýle-de “Açyk gapylar” syýasatynyň gyşarnyksyz alnyp barylmagy, ýurdumyzda bähbitli maýa goýumlar üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy barada bellenildi. Türkmenistanda dürli pudaklar boýunça halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertler döredildi. Şolaryň hatarynda nebitgaz toplumyny, elektrik energetikasyny, ulag we aragatnaşygy, obasenagat toplumyny, dokma senagatyny, düýpli ylmy barlaglaryň we innowasion önümçilikleriň ösdürilmegini, döwrebap düzümleriň gurluşygyny, elektronika, kompýuter we logistika hyzmatlary ýaly ulgamlarda kärhanalaryň döredilmegini görkezmek bolar. Şunuň bilen birlikde, döwletimiz maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyrma we beýleki ýeňillikler görnüşinde düýpli goldawlary üpjün edýär. Şonuň netijesinde, tutuş milli önümleriň önümçiligine goýulýan maýanyň paýy yzygiderli artýar, maýa goýum taslamalarynyň sany köpelýär, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi artýar.
Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportyň möçberini artdyrmak üçin uly kuwwata eýedir. Ägirt uly “Galkynyş” gaz känini munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.
    Hormatly Prezidentimiz golaýda işe girizilen döwrebap gazhimiýa toplumlaryny – Gyýanlydaky polipropilen we polietilen öndürýän, Garabogazdaky karbamid çykýan zawodlary, şeýle hem Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän toplumy muňa mysal hökmünde getirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: “Biz nebitgaz ulgamynda uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin iri düzümleýin desgalary gurmak babatda iň täze işläp taýýarlamalara eýe bolan dünýäniň esasy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys” diýip, Hormatly Prezidentimiz aýdyp geçdi.
    Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Singapuryň ulag we logistika ulgamlarynda üstünlikli gatnaşyklary edip biljekdigi, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda, Hazaryň kenarynda täze Halkara deňiz portunyň ulanmaga berlendigini, awtomobil ýollarynyň döwrebap-laşdyrylýandygyny, sebit we yklymlaýyn ulag geçelgeleriniň möhüm bölekleri bolup durýan täze awtobanlaryň we köprüleriň gurulýandygyny, uçarlaryň, deňiz gämileriniň, demir ýol tehnikasynyň yzygiderli satyn alynýandygyny belläp geçdi.
Ileri tutulýan ulgamlaryň ýene-de biri oba hojalygydyr. Türkmenistan özüni bugdaý bilen doly üpjün etmekden hem başga ony daşary ýurtlara hem iberýär. Pagtanyň döwrebap gaýtadan işlenilmegi ýola goýuldy, taýýar dokma önümleriniň köp görnüşleri öndürilýär.
    Şähergurluşyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň şäherleriniň gülläp ösýändigi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygyny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyp, Singapur kompaniýalaryny ýurdumyzyň paýtagtynda täze ägirt uly taslama – “Smart City” (“Akylly şäher”) tasslamasy barada aýdyp geçmek bilen, şol taslamany durmuşa geçirmeklige gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, geçirilen birinji işewürler maslahatynda gazanylan ylalaşyklaryň geljekki bilelikdäki netijeli işler üçin esas boljakdygyna ynam bildirdi. “Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde kärhanalary döretmäge we olaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we halkara gatnaşyklaryň bu usulynyň örän netijeli häsiýete eýedigini belledi.
      Iş saparynyň dowamynda Milli Lidermiz Singapuryň esasy gözellikleriniň birine – Aziýanyň siwilizasiýalar muzeýine-de baryp gördi. Bu ýerde toplanan Aziýanyň taryhynyň soňky bäş müň ýyldaky köp sanly gyzykly we seýrek duşýan gadymy gymmatlyklary maglumatlary almagyň örän köp sanly interaktiw mümkinçilikleriniň ýanynda ýerleşýär. Dürli mazmundaky galereýalaryň on birisinde ajaýyp gadymy gymmatlyklaryň 1300-e golaýy, şol sanda taryhy ýazgylar, kitaplar, milli lybaslar hem-de durmuşda ulanylan zatlar, saz gurallary we bu sebitde ýaşan dürli halklaryň wekillerine degişli bolan bezeg şaý-sepler ýygnalypdyr. Milli Liderimiz gyzykly we mazmunly tanyşlyk gezelençde, türkmen halkynyň örän baý ruhy we maddy medeniýeti bolan milli halyçylyga bagyşlanan “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” diýen öz kitaplary barada gürrüň berip, muzeýe ajaýyp el halylaryny sowgat berdi. Muzeýiň işgärleri bahasyna ýetip bolmajak sowgat üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de sergi önümleriniň arasynda el halylarynyň mynasyp orny eýelejekdigini bellediler.
    Günüň ikinji ýarymynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakobyň baştutanlygyndaky wekilýetleriň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-singapur gepleşikleri geçirildi. Milli Liderimiz hanym Halima Ýakoba minnetdarlyk bildirip, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň laýyk gelýänligini belläp geçdi. Iki taraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, özara hyzmatdaşlygyň ileri tutylýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda, aýratyn-da, söwda, ýangyç energetika toplumy, himiýa we dokma senagaty, ulag we aragatnaşyk babatda iri taslamalary amala aşyrmak boýunça uly mümkinçilikleriň bardygy barada nygtalyp geçildi. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin anyk çäreleriň görülmelidigi barada belläp geçdi.
     Hormatly Prezidentimiziň belläp geçmeginde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň gurallaryny döretmek, esasan-da işewürler maslahatlaryny, sergileri we bilermenleriň duşuşyklaryny yzygiderli esasda guramagy bellenilip geçildi. “Özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we birek-biregiň tejribesini öwrenmek maksady bilen iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bähbitli bolar. Biziň şu saparymyzyň dowamynda üstünlikli geçirilen türkmen-singapur işewürler geňeşini mysal hökmünde getirip bolar” diýip Hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
     Bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak bilen Türkmenistan bilen Singapuryň degişli edaralarynyň arasynda alyşmak maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak mümkinçiligine seredip bolar diýip, Hormatly Prezidentimiz aýdyp geçdi. Milli Liderimiz Aşgabatda ikinji türkmen-singapur işewürler maslahatyny geçirmegi teklip etdi, şeýle-de Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoby özi üçin amatly wagtda Türkmenistana iş sapary bilen gelmäge çagyrdy.
      Soňra şol ýerde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Singapur Respublikasynyň Premýer-ministri Li Sýan Lunyň baştutanlygynda ýurtlaryň resmi wekilýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Döwlet baştutanymyz iki ýurduň arasynda köpugurly, özara bähbitli hem-de uzak möhletli geljegi nazarlanýan hyzmatdaşlygyň ýola goýuljaklygyna umyt bildirýänligi barada aýdyp geçdi.
Hormatly Prezidentimiziň Singapur Respublikasyna iş saparynda jemi 12 ylalaşyga gol çekildi. Olardan, Singapuryň maliýe edaralary bilen korrespondentlik gatnaşyklaryny, söwdany maliýeleşdirmek we dokumentar işewürlik, taslamalary maliýeleşdirmek hem-de maýa goýumlar ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürmegi meýilleşdirýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Singapuryň Banklar assosiasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Singapuryň “DBS Bank Ltd.” (Singapuryň ösüş bankynyň) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga ikitaraplaýyn gol çekildi.
    Duşuşygyň jemleri boýunça hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda, şeýle hem wiza taraplaryny özara ýatyrmak hakynda ylalaşyga gol çekildi. Iki gezek salgyt salmagy aradan aýyrmak hakynda giň gerimli Ylalaşyk serhetüsti söwdany güýçlendirmäge, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmaga ýardam berer.
Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň hemmesi iki ýurduň gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejelere çykjakdygyna berk ynam döredýär.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi hemişe belent bolsun!




Ykdysady seljerme we maliýe
müdirliginiň esasy hünärmeni
G. Berkeliýewa


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 07.09.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy