Ýurdumyzda pagta hasylyny ýygnamaklyga girişildi

Ýurdumyzda pagta hasylyny ýygnamaklyga girişildi 13.09.2019

Ýurdumyzda pagta hasylyny ýygnamaklyga girişildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň oba senagat toplumyny ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hasabyna ösdürmek, ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny döretmek we oba senagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak barada ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy awgustynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 18-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Şeýle hem Milli Liderimiz “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda edermen pagtaçylarymyza milli baýlygymyz bolan “ak altynyň” bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny arzuw etdi.

Şoňa laýyklykda, bereketli türkmen ýaýlasynda, ak altyna beslenen gowaça meýdanlarynda merdana babadaýhanlarymyzyň ýyl boýy der döküp kemala getiren pagta hasylyny ýygnamaklyga ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 11-nji sentýabrda uly dabara bilen guramaçylykly girişildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda” 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-däki 935 belgili kararyna laýyklykda, pagta hasylynyň el bilen ýygylmagy üçin nah pagtanyň bir kilogramyna 0,60 teňňe we ýüpek pagtanyň bir kilogramyna 0,80 teňňe möçberinde karz ugrundan hakujy hökmünde serişdeleriň geçirilmegi bellenildi.

Bu karara laýyklykda, 2019-njy ýylyň pagta hasyly pagta öndürijilerimizden ýokarlandyrylan döwlet satyn alyş bahalary boýunça, ýagny nah pagtanyň bir tonnasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 1500 manatdan, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1430 manatdan, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1365 manatdan, şeýle hem ýüpek pagtanyň bir tonnasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 2000 manatdan, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1910 manatdan, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1820 manatdan kabul ediler.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň pagta hasylynyň el ýygymy boýunça hasaplaşyklaryň pagta ýygymynyň bütin dowamynda guramaçylykly geçirilmegi üçin, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ähli etrap şahamçalarynda ýeňillikli karz ugurlary açyldy we pagta hasylyny öndürijilere pagtanyň el ýygymy üçin hakujy hökmünde serişdeleriň öz wagtynda hem-de hiç bir bökdençsiz geçirilmegi ýola goýular.

2019-njy ýylyň pagta hasylynyň el ýygymy boýunça hasaplaşyklar pagta ýygymynyň bütin dowamynda guramaçylykly alnyp barylmagy hem-de pagtanyň el ýygymy boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bolsa pagta öndürijilerimiziň gaýratly zähmet çekip, pagta hasylyny öz wagtynda ýitgisiz ýygnamaklaryna uly goldaw berer.

Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň öňdebaryjy belli kompaniýalaryndan dünýä ülňelerine laýyk gelýän täze oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlaryny yzygiderli satyn alyp bermegi netijesinde, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda we gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak işleri her ýyl hem guramaçylykly ýola goýulýar hem-de pagta hasylynyň kombaýnlar bilen ýygylýan möçberi barha artýar.

Häzirki wagtda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulan döwletimiziň pul-karz syýasatyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň bank ulgamynda dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryny, öňdebaryjy tejribelerini durmuşa ornaşdyrmaklyk boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Şoňa laýyklykda hem, bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmekligi     has-da kämilleşdirmek we ýurdumyzda nagt däl tölegleriň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, bankymyz tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileri amatly ýerlerde bankomatlar, bank terminallary hem-de bank kartlary bilen üpjün edilýär.

Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň beýleki raýatlary bilen bir hatarda oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hem bankomatlaryň we bank terminallarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär we öňki ýyllarda bolşy ýaly şu ýylyň pagta hasylynyň el ýygymynyň hasaplaşygy hem pagtaçy kärendeçilerimiziň gazanan girdejilerini olaryň bank kartlaryna serişdeleriň geçirilmegi arkaly amala aşyrylar.

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ulgamynda pagta hasylyny öndürijileriň süýşürintgilerini bank goýumlaryna çekmek maksady bilen “Pagtaçylara sowgat” atly goýumyň hereket edýändigini hem pagta öndürijilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.

“Pagtaçylara sowgat” atly goýumyň şertlerine laýyklykda, bu goýuma pagta öndürijileriň serişdeleri çäklendirilmedik möçberde we bir ýyl möhleti bilen ýyllyk 10 göterimden kabul edilýär hem-de pagta öndürijiler öz serişdelerini bu goýum hasabyna zähmet çekýän ýerlerindäki daýhan birleşigiň töleg tabşyrygy esasynda geçirip bilýärler.

“Pagtaçylara sowgat” atly goýuma goýum goýan pagta öndürijiler pul serişdesiniň 50 göterimine çenli möçberini möhletinden öň yzyna alyp we üstüni dolduryp bilerler.

Umuman, pagta öndürijilerimizi özleri üçin amatly bolan “Pagtaçylara sowgat” atly goýuma pul serişdelerini goýmaklyga çagyrýarys, çünki olaryň bu goýuma öz serişdelerini goýmaklary pul serişdelerini tygşytlamaga we goşmaça girdejileri almaklaryna mümkinçilikleri döreder.

Harmanyňyza bereket eziz pagtaçylar!

Ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin pagta öndürijilerimiziň ählisiniň türkmen halkyny gün kibi çoýýan Milli Liderimize çyn ýürekden çykýan minnetdarlyklarynyň we hoşallyklarynyň çägi ýok.

Goý, türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda bolçulykly ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

 

Gurbanmuhammet Çaryýew

 

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet

täjirçilik bankynyň Karz syýasaty

müdirliginiň başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy.


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 14.09.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy