Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy ýolunda

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy ýolunda 26.10.2019

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy ýolunda

      Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasy» kabul edildi. Şeýle möhüm syýasy waka Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletler üçin erkinlik strategik ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dürli wajyp taslamalary durmuşa geçirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge giň ýollar açyldy. Türkmenistan döwletiniň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek ugrunda saýlanan ösüş ýolunyň Döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan syýasatynyň bu ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.    
 Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, açyk gapylar syýasatyny alyp barýan Türkmenistan döwletimizde 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen sammitinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçirilen mejlisiniň çäginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulmagynyň ugrunda kabul edilen möhüm taslamalarynyň biri bolan «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasydyr». Onuň kabul edilmegine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň arasynda birnäçe döwletara maslahatlar geçirilip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň her biriniň we tutuş Arkalaşygyň durmuş-ykdysady kuwwatyny has doly peýdalanmaga, olaryň deňhukuklylygyny, özara ykdysady aragatnaşyklary durnukly giňeltmäge, milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, dünýä çökgünlikleri bilen bagly töwekgelçiliklere we howplara garşy durmaga, ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmagy üpjün etmäge, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň dünýä ykdysadyýetindäki orunlaryny güýçlendirmäge, raýatlaryň hal-ýagdaýynyň derejesiniň ýokarlandyrmagyna ýardam etmek maksatlaryna gönükdirilendir.
Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere kybap bolmagyna, şol ýagdaýlara öz wagtynda täsir etmek, umumydünýä ykdysady işleri babatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döwletleriň bäsleşige ukyplygyny ýokarlandyrmak zerurdyr. Aşgabat sammitinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Milli Liderimiziň başlyklygynda, strategik ykdysady hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrunyň çäginde «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasy» 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň on sany agza ýurtlarynyň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edildi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygynyň çäklerini diňe ykdysady baglyly bolan meseleler bilen çäklendirmän şeýle-hem guramanyň iri ulag we energetika taslamalarynyň amala aşyrylýan, häzirki zaman amatlyklarynyň, kommunikasiýalaryň, halkara ulag geçelgeleriň, sebitara we ählumumy derejelerde logistik merkezleriň döredilýän giňişligi hökmünde dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna goşulmagy onuň esasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň her biriniň netijeli ösmegi we durnukly ykdysady ösüşi üpjün ediljek, şol sanda garyplygy aradan aýyrmagy, işsizlik meseleleriniň çözülmegini üpjün edýän Arkalaşygyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem artdyrmaga, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, birek-biregiň üstüni ýetirmek we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny halklaryň bähbidi üçin netijeli peýdalanmak maksatlaryny öz içine aldy.
Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri emele getirmek, maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, infrastruktura, iri-ulag logistika, sanly tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak, innowasion tehnologiýalary, energetika, senagat-kommunikasiýa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy we mundan başgada birnäçe meseleleri Jarnamada giňişleýin görkezildi. Bütindünýäde ýüze çykýan töwekgelçiliklerini, ýagny terrorizm, kiberhowpsuzlyk, korrupsiýa, betbagçylykly hadysalaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, globallaşmagyň ýüze çykarýan meselelerini bilelikde çözmekde aňrybaş netijeliligi gazanmak, olaryň zyýanly täsirini azaldyp ýok etmek baradaky ugurlary şol wajyp resminamada öz beýanyny tapdy. Geňeşiň mejlisinde Döwlet Baştutanymyz parahatçylyk ýoluny saýlamak bilen döwletiň howpsuzlygyny, ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek ugrunda bilelikde işlemegiň, häzirki zamanyň çylşyrymly meselelerinde netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hem möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
«Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasynda» Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlary bilen şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, bioköpdürlüligi saklap galmak, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bien hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagynyň ýollary aýratynlykda öz beýanyny tapdy.
Syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleriň çözülmegine «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryndan ugur alyp, umumydünýä ähmiýetli Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde strategik esasda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, taryhly dostluk we doganlyk däplerine esaslanan halkara gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä çykarmaga ýardam eder.
“Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýylynda hem bank işgärleri Arkadag Prezidentimiziň bank ulgamyny kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatynda öňde bellän möhüm wezipelerini durmuşa geçirmekde jan aýaman zähmet çekerler.
Goý, türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda bolçulykly ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


Türkmenistanyň “Daýhanbank”    
döwlet täjirçilik bankynyň     
Hukuk müdirliginiň başlygynyň orunbasary                                           Hudaýberdi Komekow


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 08.03.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy