BANK GOÝUMLARY HALKYŇ HYZMATYNDA

BANK GOÝUMLARY HALKYŇ HYZMATYNDA 25.11.2019

BANK GOÝUMLARY HALKYŇ HYZMATYNDA

        Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary her ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem  ajaýyp zähmet üstünliklerini gazandylar.
        Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy alan merdana babadaýhanlarymyzyň ýadawsyz zähmediniň netijesinde 2019-njy ýyl üçin pagta öndürmek boýunça bellenilen meýilnama welaýatlarymyzyň ählisinde üstünlikli ýerine ýetirildi.
        Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky öz işinde ilatyň erkin serişdelerini bank goýumlaryna çekmek işlerini yzygiderli alyp barmak bilen, ýurdumyzyň pagta hasylyny öndürijileriiň alýan girdejilerinden artan serişdelerini bank goýumyna çekmek maksady bilen “Pagtaçylara sowgat” atly goýumyň  görnüşini pagtaçy kärendeçilere hödürleýär. Bu goýum pagta hasylyny öndüriji kärendeçiler üçin niýetlenendir we onuň esasy maksady  kärendeçileri maliýe taýdan höweslendirmeklige gönükdirilendir.
        “Pagtaçylara sowgat” atly goýuma pul serişdelerini goýmak isleýän kärendeçiniň goýum hasaby onuň pasporty  ýa-da  şahsyýetini tassyklaýan resminamasyna laýyklykda baglaşylan şertnama esasynda açylýar.
        Kärendeçi goýum hasabyna pul serişdelerini zähmet çekýän  daýhanbirleşiginiň töleg tabşyrygy esasynda geçirýär.Şertnama goýum hasabyna pul serişdeleriniň gelen gününden başlap,  bir ýyl möhlete hereket edýär.
        “Pagtaçylara sowgat” atly goýum bir ýyl möhlete, ýyllyk 10 göterim bilen nagt däl görnüşinde açylýar we goýumyň möçberi çäklendirilmeýär. Bank tarapyndan goýum boýunça göterimler her aýda (her aýyň soňky gününde) hasaplanylýar. Hasaplanyp çykarylan göterimler esasy galyndysynyň üstüne goşulman aýratyn hasaba geçirilýär. Pul serişdesiniň 50 göterimine çenlisini möhletinden öň yzyna alyp we goýumyň üstüni dolduryp bolýar.
Goýumyň möhleti tamamlanandan soňra bank tarapyndan goýum  nagt däl görnüşinde yzyna gaýtarylyp berilýär.  
       Şeýle hem, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan
“Talap edilýänçä”, “Gadamy beýik gahryman”, “Gojalara hemaýat” “Galkynan daýhan”, “Altyn asyryň altyn daýhany”, “Möhletli”, “Ruhubelent nesiller”, “Altyn asyra daýhan gadamy” we “Rowaçlyk” goýumlaryň görnüşleri hyzmat edilip, goýumlar nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
        Milli Liderimiziň  halal zähmetleri bilen öz girdejilerini artdyrýan önüm öndürijileriň sanyny barha artdyrmak we oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak barada öňde  goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen  Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan bank goýumlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça işler dowamly alnyp barylar.
Türkmenistan döwletimiziň günsaýyn pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun we  il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç alsyn!

                      Çaryýew Gurbanmuhammet -Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň,
                      Karz syýasaty müdirliginiň başlygynyň orunbasary

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 24.10.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy