Türkmenistanyň “Daýhanbank”döwlet täjirçilik banky banky birnäçe görnüşli karzlary hödürleýär

Türkmenistanyň “Daýhanbank”döwlet täjirçilik banky banky birnäçe görnüşli karzlary hödürleýär 03.12.2019

Türkmenistanyň “Daýhanbank”döwlet täjirçilik banky banky birnäçe görnüşli karzlary hödürleýär

Raýatlara berilýän mikrokarzlary:

Möçberi 30 000 manada çenli, nagt däl görnüşinde;
Möhleti 3 ýyla çenli;
Göterimi ekerançylyk maksadyna ýyllyk 9 göterim;
maldarçylyk maksadyna ýyllyk 12 göterim.
Ýeňillik möhleti 2 aý;
Üpjünçiligi raýatlaryň zamunlygy, edaralaryň kepilligi, girew.

Gerekli resminamalaryň sanawy:
- Karz almak üçin arza;
- Karz alyjynyň pasportynyň nusgasy;
- Karz alyjynyň girdejisi barada güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçürme nusgasy;
- Karz alyjynyň maşgala ýagdaýy barada güwänamanyň asyl nusgasy №3;
- Nika hatynyň nusgasy (nikada durmaýan bolsa, nikada durmaýanlygy barada güwanamanyň asyl nusgasy);
- Karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek tehniki ykdysady esaslandyrmasynyň iş meýilnamasy;
- Karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgasy;
- Ýer eýelerine we ýerden peýdalanyjylara ýere eýelik etmekligiň resminamalarynyň göçürme nusgalary;
- Eger-de karz alyja iri ýa-da ownuk şahly mallary satyn almak üçin berlende mal satyjynyň mallaryň hakykatdan hem özüne degişlidigi barada arçynlygyň ýa-da geňeşligiň kepilnamalary, weterinariýa gullugyndan mallaryň sagatlygy barada haty;
- Zamunçylaryň pasportlarynyň nusgasy;
- Zamunçylaryň girdejisini tassyklaýan güwänama we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçürme nusgasy;
- Eger-de üpjünçiligine girew emlakleri hödürlenýän bolsa, onda karzyň üpjünçiligine hödürlenýän emlägiň eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi;
- Girewine hödürlenýän emlägiň tussag we gadaganlyk ýazgyda hasapda durmaýandygy barada resminama;

Raýatlara sarp ediş maksadyna berilýän karzlar:

Möçberi 40 000 manada çenli, nagt däl görnüşinde;
Göterimi ýyllyk 16 göterimli, 2 aý ýeňillikli döwür bilen,
Möhleti 6 000 manat - 1 raýatyň zamun durmagynda 2 ýyla çenli,
12 000 manat - 2 raýatyň zamun durmagynda 3 ýyla çenli,
18 000 manat - 3 raýatyň zamun durmagynda 3 ýyla çenli
Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-da hyzmat edilýän müşderilerine degişli.
10 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde 2 ýyla çenli hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynyň zamunlyk şertnamasy esasynda, ondan ýokary girew almak bilen.

Gerekli resminamalaryň sanawy:
- Karz almak üçin arza;
- Karz alyjynyň we Zamun bolup çykyş edýän taraplaryň pasportlarynyň göçürme nusgasy;
- Karz alyjynyň we Zamun bolup çykyş edýän taraplaryň girdejisi barada güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçürme nusgasy;
- Hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;
- hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiň göçürme nusgalary.
- Zamun bolup çykyş edýän taraplaryň razylygy barada dil hatlary;
- Karz alyjynyň (zamun bolup çykyş edýän taraplaryň, girew hödürleýjiniň) hemişelik ýaşaýan ýeri barada güwänama (Forma 3);
Eger-de üpjünçiligine girew emlakleri hödürlenýän bolsa, onda karzyň üpjünçiligine hödürlenýän emlägiň eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi;
- Girewine hödürlenýän emlägiň tussag we gadaganlyk ýazgyda hasapda durmaýandygy barada resminama;
- Eger-de bank kartynyň üsti bilen töleg amala aşyrlmaýan bolsa, haryt satyjy bilen alyjynyň arasyndaky harydy almak-satmak baradaky şertnamanyň we hasap fakturanyň göçürme nusgalary.

Ýokary okuw jaýlarynda gündizki görnüşinde bilim alýan talyplaryň okuwynyň bahasyny tölemek üçin berilýän “Talyp karzy”:

Möçberi       42 000 manada çenli, nagt däl görnüşinde;

Göterimi      ýyllyk 8 göterim;

Möhleti         2 aý ýeňillik döwür bilen, 3  ýyla çenli.

Üpjünçiligi   10 000 manada çenli iki raýatyň zamun durmagynda we ondan  ýokary girew almak; 


Gerekli resminamalaryň sanawy:

-         Karz almak üçin arza;

-         Karz alyjynyň pasportynyň nusgasy we nikadan geçen adamsynyň (aýalynyň) pasportynyň nusgasy;

-         Nika hatynyň nusgasy;

-         Ýaşaýan ýerinden (karz alyjynyň, zamun bolup çykyş edýän taraplaryň, girew hödürleýjiniň) Forma-3 güwänamasynyň asyl nusgasy;

-         Iş ýerinden zähmet hakyny tassyklaýan güwänamasynyň asyl nusgasy we onda ýolbaşçynyň, baş hasapçynyň gollary we möhüri bolmaly;

-         Ýokary okuw jaý bilen baglaşylan şertnamasynyň nusgasy;

-         Hasap faktura;

-         Okaýandygy barada tassyklaýan güwänamanyň asyl nusgasy;

-         Zamun bolup çykyş edýän tarapyň pasportlarynyň nusgasy;

-         Zamun bolup çykyş edýän tarapyň iş ýerlerinden girdeji çeşmesini tassyklaýan güwänamasynyň asyl nusgasy we onda ýolbaşçynyň, baş hasapçynyň gollary we möhüri bolmaly;

-         Zamun bolup çykyş edýän tarapyň razylygy barada dil haty;

-         Eger-de karzyň üpjünçiligine girew hödürlenýän bolsa, onda emlägiň eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi;

-         Girewine hödürlenýän emlägiň tussag we gadaganlyk ýazgyda hasapda durmaýandygy barada resminamasynyň asyl nusgasy;

 

*Talyplar boýunça ýakyn garyndaşlary hökmünde ata we ene, baba we mama, (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alanlar), agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar göz öňünde tutulýar;

 *Ýokary okuw jaýynyň gündüzki görnüşinde okap, bilim alýan talyplara maksatlaýyn bilim karzy diňe okuwyň bahasyny tölemek üçin berilýär we öňki ýyl üçin berlen karz serişdesini doly gaýtarandan soň, indiki ýylyň okuw tölegini gaýtadan resmileşdirilýär.

Durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýeňillikli berilýän karzlar:

 

Möçberi                         6 000 manada çenli, nagt we nagt däl görnüşinde;

Göterimi                        1 göterim;

Möhleti                         3 ýyla çenli;

Üpjünçiligi                     zamunlyk;

 

Gerekli resminamalaryň sanawy:

-         Karz almak üçin arza;

-         Pasportynyň nusgasy;

-         Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy;

-         Raýat ýagdaýlarynyň namalarynyň ýazgysy bölüminden Nikada durmaýanlygy hakynda delil hat (Forma 38, adamsy hem-de aýalyndan aýratynlykda);

-         Karz alyjynyň girdejisi barada güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçüme nusgasy;

-    Hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;

    - Ýazga alnandygyny anyklamak üçin maşgalanyň düzümi we olaryň ýaşaýan ýeri          hakynda güwänamanyň asyl nusgasy (Forma 3).

Zamun bolup çykyş edýän taraplaryň pasportlarynyň göçürme nusgasy;

-         Zamunçylaryň razylygy barada dil hatlarynyň asyl nusgasy;

-         Zamunçylaryň girdejisi hakynda güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçüme nusgasy;

-          Hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;

 

           Durmuş guran ýaş maşgalalara täze ýaşaýyş jaýyny (öýi) satyn almak üçin gozgalmaýan emläk üçin ýeňillikli berilýän karzlary:

 

Möçberi                          Satyn alynýan ýaşaýyş jaýynyň (öýi) doly bahasy,

                                        nagt däl görnüşinde;

Göterimi                        1 göterim;

Möhleti                         5 ýyl ýeňillikli döwür bilen, 30 ýyla çenli;

Üpjünçiligi                     Satyn alynýan jaýy (öýi).

 

Gerekli resminamalaryň sanawy:

        _   Karz almak üçin arza;

−       Karz alyjynyň pasportynyň nusgasy;

−       Karz alyjynyň nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy, çagalaryň dogulyş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;

−       äriniň (aýalynyň) gozgalmaýan emläk üçin karz almaga, satyn alnan jaýy (öýi) soňra girewine (gozgalmaýan emläk üçin berlen karzyň deregine) bermäge (goýmaga) ýazmaça razylygy bilen birlikde, jaýyň (öýüň) täze eýesi tarapyndan jaýy (öýi) boşatmak hakynda talap bildirilende, talabyň bildirilen senesinden başlap 30 günüň dowamynda jaýy (öýi) boşatmaklygy barada Karz alyjynyň we onuň maşgala agzalarynyň boçnamalary;

−       ýazga alnandygy anyklamak üçin maşgalanyň düzümi we olaryň ýaşaýan ýeri hakynda güwänamanyň asyl nusgasy;

-         eýeleýän wezipesini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen Karz alyjynyň özüniň, äriniň (aýalynyň) iş ýerlerinden güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçürme nusgasy;

−       edara görnüşli tarap bolup durmaýan telekeçiler bellige alyş şahadatnamasynyň, hereket edýän patentiniň (ygtyýarnamasynyň) we soňky hasabat döwri üçin girdejileri (arassa peýdasyny hökmany görkezmeli) hakyndaky jarnamasynyň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgalaryny bermelidirler;

-         zamun bolup çykyş edýän taraplaryň ýazmaça razylygy we olaryň pasportlarynyň nusgalary (ähli zerur sahypalary), hem-de eýeleýän wezipelerini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen, iş ýerinden güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçürme nusgasy;

−       raýata hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini bermek barada ýerli häkimiýet edaralarynyň çözgüdiniň nusgasy (Türkmenistanyň Prezidentiniň     2008-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran 9361-nji kararyna, şeýle hem, 2010-njy ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 11179-njy kararyna laýyklykda gurulan ýaşaýyş jaýlaryndan satyn almaklyga degişli);

−       Jaýyň gurluşygy barada üç taraplaýyn şertnamanyň nusgasy (Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran 9361-nji kararyna, şeýle hem, 2010-njy ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 11179-njy kararyna, laýyklykda gurulan ýaşaýyş jaýlaryndan satyn almaklyga degişli);

−       Karz alyjy bilen satyjynyň (gurluşyk edarasy, häkimlik) arasyndaky jaýy (öýi) satyn almak-satmak hakynda baglaşylan şertnamanyň nusgasy (zerur bolan ýagdaýynda – jaýyň (öýüň) hakyky bahasy barada hasap-faktura).

  Satyn alynýan Jaýyň ýa-da Öýüň hususy ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugynyň  şahadatnamasynyň, tükelleýiş işiniň nusgasy;

Türkmenistanyň raýatlaryna gurlup ulanylmaga taýýar edilen hususy

ýaşaýyş jaýlary we jaýlardaky öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde

girewe goýup satyn almak üçin berilýän karzlar:

 

Möçberi                         jaýyň bahasynyň 90 göterimine çenli, nagt däl görnüşinde;

Göterimi                        ýyllyk 1 göterim;

Möhleti                         30 ýyla çenli;

Ýeňillik möhleti            5 (bäş) ýyla çenli;

Üpjünçiligi                    satyn alynýan ýaşaýyş jaýy;

 

Gerekli resminamalaryň sanawy:

-         karz almak üçin arza;

-         Raýatyň pasportynyň nusgasy (zerur bolan sahypalary);

-         Karz alyjynyň girdejisi barada güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçürme nusgasy;

-         Jaýyň ýa-da Öýüň bahasynyň 10 göteriminden az bolmadyk ilkibaşdaky töleg möçberiniň geçirilendigini tassyklaýan resminamalar;

-         nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy ýa-da nikada durmaýanlygy barada Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edaralarynyň güwänamasy;

-         äriniň (aýylynyň) we kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň satyn alýan             Jaýyny ýa-da Öýüni girewe goýmaga ýazmaça razylygy bilen birlikde, Jaýy ýa-da Öýi boşatmak hakynda talap bildirilende, talabyň bildirilen senesinden başlap              30 günüň dowamynda Jaýy ýa-da Öýi boşatmak barada Raýatyň we onuň maşgala agzalarynyň borçnamalary;

-         raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri barada güwänamanyň asyl nusgasy;

-         Raýatyň we zerur halatda onuň bilen bir ýerde ýaşap, umumy hojalygy ýöredýän äriniň (aýalynyň) we kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň eýeleýän wezipeleri we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen iş ýerinden güwänamalar hem-de beýleki bar bolan girdeji çeşmelerini tassyklaýan resminamalar (telekeçileriň girdejiler we çykdajylar kitaby we kärendeçileriň girdejilerini tassyklýan resminama);

-         Zamun bolup çykyş edýän taraplaryň ýazmaça beren razylygy we olaryň pasportlarynyň nusgalary (zerur bolan sahypalary) eýeleýän wezipelerini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen, iş ýerinden güwänamalar hem-de beýleki bar bolan girdeji çeşmelerini tassyklaýan resminamalar (telekeçiler we kärendeçiler);

-         Hususy telekeçiler salgyt töleýji hökmünde salgyt edaralarynda hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasynyň, hereket edýän patentiniň (ygtyýarnamasynyň) we soňky hasabat döwri üçin girdejileri (arassa peýdasyny görkezmek bilen) hakyndaky jarnamasynyň göçürme nusgalaryny hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Baş salgyt müdirliginiň ýerli bölümleri tarapyndan girdejisini tassyklaýan kepilnama;

-         Jaýlary gurmak üçin ýer böleginiň berlendigi (şol sanda öň berlen ýer bölegi) barada namanyň nusgasy;

-         Üçtaraplaýyn şertnamanyň nusgasy;

-         Raýat bilen Satyjynyň arasyndaky Jaýy ýa-da Öýi satyn almak-satmak barada baglaşylan şertnamanyň nusgasy (zerur bolan ýagdaýynda – Türkmenistanyň Gurluşyk we Binagärlik ministrliginiň Usulyýet, Nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň Jaýyň ýa-da Öýüň bahasyny tassyklaýan netijenamasy);

-         Satyn alynýan Jaýyň ýa-da Öýüň hususy ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugynyň şahadatnamasynyň, tükelleýiş işiniň nusgasy;

Önümçilik maksatly oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin tohum satyn almaklyga berilýän karz:

 

Möçberi                       10 000 manada çenli, nagt däl görüşinde;

Möhleti                        2 aý ýeňillikli döwür bilen, 1 ýyla çenli.

Göterimi                       ýyllyk 10 göterim;

Üpjünçiligi                   2 raýatyň zamun durmagynda.

 

Gerek resminamalaryň sanawy:

-         Karz almak üçin arza;

-         Karz alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy (pasportyň);

-         Karz alyjynyň girdejisi barada güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçüme nusgasy;

-         Karz alyjynyň maşgala ýagdaýy barada güwänama №3;

-         Nika hatynyň nusgasy (nikada durmaýan bolsa, nikada durmaýanlygy barada güwänamanyň asyl nusgasy);

-         Karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek tehniki ykdysady esaslandyrmasynyň iş meýilnamasy;

-         Karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgasy;

-         Ýer eýelerine we ýerden peýdalanyjylara ýere eýelik etmekligiň resminamalarynyň göçürme nusgalary;

-         Zamunçylaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;

-         Zamunçylaryň girdejisi barada güwänamanyň asyl nusgasy we zähmet depderçesiniň tassyklanan (işgärler bölüminden) göçüme nusgasy;



← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 20.02.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy