Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, bank kartlaryňyzyň üsti bilen “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, bank kartlaryňyzyň üsti bilen “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny hödürleýär
Hormatly raýatlar !Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, bank kartlaryňyzyň üsti bilen “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryndan peýdalanmaklyga çagyrýar we internet ulgamyna birikdirilen kompýuter ýa-da ykjam enjamlary arkaly öýjükli aragatnaşyklaryň üsti bilen islendik ýerden internet, IP-telewideniye, şäher we öýjükli telefon ulgamy hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek, ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini tölemek, bank karty boýunça göçürmeleri almak we beýleki bank hyzmatlaryny hödürleýär.
“Internet-bank” we ‘Mobil-bank” hyzmatlaryny birikdirmek üçin Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna hem-de onuň ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
“Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary Siziň wagtyňyzy tygşytlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 38-02-13, 38-02-49, 38-02-07.