Bitaraply mekanyň täze belentlikleri

23.01.2020

Bitaraply mekanyň täze belentlikleri

“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny ýokary derejelere ýetirmäge gönükdirilen başlangyçlary belentlige beslenýär. Bu şygar bilen şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Ak mermerli Aşgabat şäherimiziň Oguzkent myhmanhanasynda Parasatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan we halkara guramalary: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň           12-nji dekabrynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasyny kabul edendigini we onuň ýurdumyza dünýä tejribesinde ilkinji gezek halkara hukuk derejesini berendigini belleýärler. Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goň¬şuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi.                    2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamany biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine goldaw, şeýle hem onuň sebitde we dünýä gi¬ňişliginde möhüm orna eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň                 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bitaraplygyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biragyzdan kabul edilen Kararnamada, hususanda, bitaraplyk syýasatynyň sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändir.
2015-nji ýylyň oktýabrynda BMG-niň agentlikleri bilen Türkmenistanyň Ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda                ge¬ňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça Bilelikdäki iş toparynyň düzümi tassyklanyldy. Olaryň netijeleri boýunça Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 150-ä golaýy we görkezijileriň 200-e golaýy seçilip alyndy hem-de olar Hökümet derejesinde tassyklanyldy. Şeýlelikde, BMG-niň baha bermegine görä, Türkmenistan Gündogar Ýewropa we GDA sebitinde soň¬ky 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurt hökmünde ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileri Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna sazlaşykly goşuldy. Bu maksatnamany Durnukly ösüş maksatlaryna utgaşdyrmagyň ykdysady bölegi ilatyň elýeterli, ygtybarly we öz wagtynda energiýa üpjünçiligine, durnukly ykdysady ösüşe bolan ählumumy hukugyny, iş bilen üpjünçiligini ýola goýmak, çeýe düzümi döretmek, durnukly senagatlaşdyrylmagyna goldaw bermek we täze ýörelgeleri höweslendirmek ugurlaryna gönükdirilendir. Munda ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn sanly ulgama geçirilmegi ähmiýetli hasaplanylýar.
“Türkmenistan we halkara guramalary: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynda hormatly Prezidentimiziň nygtap geçmeginde,  ýurdumyzda halkara guramalary bilen bilelikde birnäçe milli we sebit maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirilýär. Hususan-da, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy, Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi.
“Türkmenistan we halkara guramalary: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň gün tertibinde bellenilen möhüm meseleleriň birnäçesi ara alyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň tutuşlygyna bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini maksat edinýändigini bellemek bilen, Strategiýalary, konsepsiýalary we beýleki toplumlaýyn hem-de uzak möhletleýin halkara resminamalaryny durmuşa geçirmek wezipeleri, halkara düzümleriniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen maksatnamalaýyn-taslama işleri arkaly amala aşyrylýandygy barada belläp geçdi.
Halkara guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm ugry bolan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamalary  kabul edildi.
«Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň barşynda jemi 12 resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda:
- Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çaganyň hukuklary babatda kämilleşdirilen kanunçylyk» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Kiçi ýaşly çagalaryň sagdyn we abadan durmuşy» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Irki ýaşda ýokary hilli we inklýuziw bilim» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çagalar üçin durmuş goragynyň kämilleşdirilen ulgamy» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Ýokary hilli maglumat toplumyna elýeterliligi gi¬ňeltmek» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çaganyň hukuklaryny utgaşdyrmak we gözegçilik etmek» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çaganyň hukuklarynyň goragy we ilerledilmegi» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deň¬ligini ilerletmek ulgamyny we usullaryny berkitmäge ýardam» we «Nesil saglygy barada bilime ýaşlaryň elýeterliligini artdyrmak» atly taslamalary ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Nesil saglygy boýunça sazlaşykly işleýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak» we «Durnukly milli ösüş üçin dezagregirlenen maglumatlar» atly taslamalary ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Nesil saglygy barada bilime ýaşlaryň elýeterliligini artdyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deň¬ligini ilerletmek ulgamyny we usullaryny berkitmäge ýardam» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- «Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy bar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň halkara düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!


G.Berkeliýewa     
Hukuk we işgärler bilen işleýän müdirliginiň
Işgärler bilen işleýän bölüminiň
baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 23.01.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy