Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy 30.01.2020

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Size mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde biz konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry barada yglan etdik. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça başlangyjy öňe sürdük.

Biziň bu başlangyjymyzyň baş maksady jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de şundan ugur alyp, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmekden ybaratdyr.

Jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup, biz Konstitusion topary döretdik hem-de degişli resminama arkaly onuň düzümini tassykladyk.

Geçen döwrüň içinde biz Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň iki mejlisini geçirdik. Onuň birinji mejlisi 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda we ikinji mejlisi hem 4-nji dekabrynda geçirildi.

Toparyň birinji mejlisinde biz iş meýilnamasyny tassykladyk hem-de Konstitusion toparyň agzalarynyň öňünde anyk wezipeleri goýduk. Şeýle hem, Toparyň işiniň guramaçylyk meselelerini kesgitledik. Onuň mejlislerinde Toparyň iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary hem diňledik.

Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça anyk işleriň edilendigini bellemek isleýärin.

Türkmenistanyň Mejlisiniň hem taslamanyň üstünde işlenen döwürde Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolandygyny aýtmak gerek. Ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalaryndan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri we pikirleri jemlemek hem-de deslapdan seljermek boýunça netijeli işleri alyp barandygyny bellemek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, bu işler ýurdumyzyň degişli ministrliklerinden, pudak we ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden hem-de raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak bilen geçirildi. Alnyp barlan işleriň netijesinde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlandy.

Geçirilen işleri hasaba almak bilen, biz şu gün ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy makul bildik. Toparyň şu günki mejlisinde ýokarda agzalan Konstitusion Kanunyň deslapky taslamasyna seretmek teklip edilýär. Bu taslama öňde goýlan wezipeleriň esasynda we gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak bilen taýýarlandy.

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Biziň şu günki mejlisimiziň esasy maksady «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny deslapdan ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Bu taslama ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşyny üýtgetmek, ygtyýarlyklaryny giňeltmek we alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreleriň çäklerinde işlenip taýýarlandy. Munuň özi bolsa, Konstitusiýamyzyň has-da netijeli bolmagyna getirer, jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň maksatlaryna üstünlikli ýetmäge mümkinçilik berer.

Garaşsyz ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek, durmuşymyzyň ähli taraplaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak biziň esasy maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň öňe süren başlangyçlarymyzyň anyk kanunçylyk namasynyň, ýagny Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynda öz aýdyň beýanyny tapandygyny bellemek guwandyryjydyr.

Bu kanun döwletimiziň konstitusion gurluşyny berkitmäge we has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Biz bu kanuny ähli halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşanymyzdan soň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlemegi göz öňünde tutýarys. Bu kanunyň kabul edilmeginiň ata Watanymyz hem-de mähriban halkymyz üçin taryhy waka öwrüljekdigini ynam bilen aýdyp bileris. Ýatdan çykmajak bu waka Garaşsyz döwletimiziň Konstitusion gurluşygynda täze we örän möhüm tapgyra öwrüler. Döwleti dolandyrmakda demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny aňladar.

Geçen gysga döwrüň dowamynda Konstitusion toparyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň ýurdumyzyň raýatlary bilen bilelikde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri hasaba almakda zerur işleri geçirendiklerini kanagatlanmak bilen bellemek isleýärin.

Türkmenistanyň Mejlisinde, beýleki döwlet häkimiýet edaralarynda, syýasy we jemgyýetçilik birleşiklerinde döredilen iş toparlaryna dürli edaralardan we kärhanalardan, guramalardan hem-de raýatlardan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada köp sanly teklipler gelip gowuşdy.

Şeýle hem, ýygnaklarda biziň başlangyjymyzy goldap çykyşlar edildi. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasyny hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçirmek hakyndaky başlangyjymyzy doly goldaýandygyna şaýatlyk edýär.

Gelip gowuşýan bu teklipler Iş toparynda seljerilýär. Toparyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, alymlar, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, şeýle hem tejribeli hünärmenler girýär. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň kanunçylyk namalarynda beýan edilmegi üçin anyk şertleri we mümkinçilikleri döredýär.

Bu ugurda toplanan oňyn halkara tejribesini öwrenmek we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek düzgünleri kanunçylyk namalary görnüşinde anyklaşdyrmak halkymyzyň asyrlardan-asyrlara geçip gelýän demokratik kadalaryna doly laýyk gelýär

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Indi bolsa, men Esasy Kanunymyza girizilmegi göz öňünde tutulýan anyk düzgünler barada durup geçmek isleýärin.

Gelip gowuşýan köp sanly tekliplere laýyklykda, wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýet bolup durýan iki palataly edaranyň bütewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek hakyndaky başlangyjymyz gyzgyn goldaw tapdy. Şoňa görä-de, siziň garamagyňyza hödürlenen resminamada Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan 61 belgili maddany aýyrmak teklip edilýär.

Konstitusion topara gelip gowuşýan köp sanly teklipler bilen baglylykda we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, biz Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny – Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa – Halk Maslahaty diýip atlandyrsak, maksadalaýyk bolar diýen netijä geldik

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Biz Halk Maslahatynyň düzümi kesgitlenende ilatymyzdan gelip gowşan teklipleriň ylmy esasda geçirilen seljermesinden we halkara tejribesinden ugur alynsa, dogry bolar diýip pikir edýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sany 56 adamdan ybarat bolmaly diýlip kesgitlense, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýarys.

Şonuň ýaly-da, Esasy Kanunymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede, ýagny 8 adam Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlanýandygyny görkezmeli. Şeýle hem, baý durmuş tejribesi bolan hem-de döwlet we jemgyýetçilik işleriniň dürli ugurlarynda aýratyn hyzmatlary bitiren, uly abraýly raýatlaryň arasyndan bu düzüme 8 agzanyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýändigi görkezilse, dogry bolar diýip hasaplaýarys.

Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň şeýle tertibi welaýat hem-de Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmekde we abraýyny ýokarlandyrmakda, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan täsirli, ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde türkmen jemgyýetinde olaryň ornuny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Men Halk Maslahatynyň agzalarynyň belli bir böleginiň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenmegi halkymyzyň adalatlylyk, deňlik, ynsanperwerlik ýaly, demokratik kadalaryny jemgyýeti we döwleti ösdürmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrar diýip pikir edýärin.

Ata-babalarymyzyň jemgyýeti dolandyrmakda toplan oňyn ýörelgesinden ugur alnyp, baý durmuş we zähmet tejribesi bolan adamlary saýlamak we bellemek üçin, Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty 5 ýyl möhlete saýlanyp we bellenip bilner diýlip Konstitusiýanyň taslamasynda görkezilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.

Türkmenistanyň Mejlisi barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzda onuň kanun çykaryjylyk işini anyk guramakda toplanan oňyn tejribe esasynda deputatlaryň sany we ygtyýarlyk möhletleri baradaky konstitusion kadalar ozalkysy ýaly galdyrylsa, dogry bolar diýip pikir edýärin. Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimizde hereket edýän wekilçilikli edaralaryň Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldan ybaratdyr.

Bu bolsa, deputatlaryň saýlawlaryny geçirmegiň ykrar edilen oňyn tejribesine we saýlawlar baradaky kanunçylyga hem laýyk geler. Şunuň bilen birlikde, Esasy Kanuna şol bir adamyň şol bir wagtda Milli parlamentiň iki palatasyna hem saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadany girizmek teklip edilýär. Bu kada ýurdumyzda demokratik başlangyçlary hem-de durmuş taýdan adalatlylygy üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolar

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Şeýle hem, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna palatalaryň mejlisleriniň aýratynlykda geçirilýändigi baradaky kada girizilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti ýurtdaky ýagdaý hakynda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada türkmen halkyna hem-de Parlamente her ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edende, şonuň ýaly-da, daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary Parlamentde çykyş edenlerinde şu kadadan çykmaga ýol berilýär. Şeýle ýagdaýlarda bilelikdäki (umumy) mejlisleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Dünýäniň köp ýurtlarynyň tejribesine görä, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, kada bolşy ýaly, onuň ygtyýarlyklary Parlamentiň wekilçilikli palatasynyň Başlygyna geçýär. Eger-de, biz hem şeýle oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, Prezident saýlanýança, onuň ygtyýarlyklarynyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçýändigini Esasy Kanunymyzda beýan etsek, dogry bolar diýip hasap edýärin.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Baş prokuroryny, Içeri işler we Adalat ministrlerini Halk Maslahatynyň razylygyny almak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä belleýändigi hem-de wezipeden boşadýandygy görkezilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.

Oňyn halkara tejribesine we ýurdumyzda toplanan kanun çykaryjylyk tejribesine laýyklykda, Esasy Kanunyň taslamasynda Halk Maslahatynyň şu ygtyýarlyklaryny, ýagny:

1) Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullamak ýa-da ret etmek;

2) Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garamak;

3) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleleri çözmek;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Baş prokuroryny, Içeri işler ministrini, Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garamak;

5) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, oňa harby atlary we beýleki döwlet atlaryny dakmak;

6) Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözmek;

7) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak;

8) Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek ygtyýarlyklaryny beýan etmek teklip edilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklaryna bolsa, şu aşakdakylary, ýagny:

1) Konstitusiýanyň, konstitusion kanunlaryň we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garamak we kabul etmek, kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;

2) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak baradaky meselä garamak;

3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak baradaky meselelere garamak;

4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak;

7) döwlet sylaglaryny döretmek;

8) halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak;

9) Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözmek;

10) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitlemek;

11) Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek ygtyýarlyklaryny degişli etmek zerur hasap edilýär.

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Men Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanunlary kabul etmegiň tertibini anyk kesgitlemek barada Konstitusion toparyň öňünde duran meseleleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny hem bellemek isleýärin. Gelip gowuşýan tekliplere laýyklykda hem-de halkara tejribesini hasaba almak bilen, biziň Esasy Kanunymyzda kanun çykaryjylyk başlangyjy üçin hukugyň Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Ministrler Kabinetine hem-de Ýokary kazyýete degişlidigi beýan edilse, dogry bolar diýip hasap edýärin.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlaryň Halk Maslahatynyň garamagyna makullamak üçin iberilmelidigi barada hem düzgün girizilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Sebäbi, Halk Maslahatynyň ähmiýeti, Mejlisiň kabul eden kanunlaryna onuň umumydöwlet bähbitlerini ähli zatdan ýokarda goýmak nukdaýnazaryndan garaýanlygy bilen ýokarlanýar. Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsiniň sesleri bilen goldanan ýagdaýynda, bu kanun gol çekmek üçin Türkmenistanyň Prezidentine iberilýär.

Esasy Kanunymyza Halk Maslahaty tarapyndan makullanmadyk kanunyň Mejlisde gaýtadan seredilmegi, şeýle hem onuň ozalky görnüşinde deputatlaryň umumy sanyndan sesleriň üçden iki böleginden az bolmadyk köplügi bilen kabul edilen ýagdaýynda, şu kanunçylyk namasynyň kabul edildi diýlip hasap edilýändigi baradaky düzgün hem girizilse, dogry bolar diýip hasap edýärin.

Biz döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitlerine bir-biriniň işini sazlamaga gönükdirilen iki palatanyň utgaşykly işlemegi nukdaýnazaryndan hem şeýle düzgüni maksadalaýyk hasaplaýarys

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Men geçirilýän bu işlere mähriban halkymyzyň ýakyndan gatnaşýandygyny we goldaýandygyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin. Jemgyýetçilik pikirini doly we hemmetaraplaýyn hasaba almak maksady bilen, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanuny ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde fewral aýynyň dowamynda dolulygyna çap etmegi teklip edýärin.

Hil taýdan täze iki palataly Parlament gurluşyna geçilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler. «Döwlet – adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk eder. Bu bolsa, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.

Konstitusiýanyň täze taslamasynyň kabul edilmegi sebäpli, bar bolan kanunlary geljekde seljermek we olara degişli üýtgetmeleri girizmek zerurdyr. Bu işleri Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Iş topary kesgitlenen tertipde alyp barmalydyr.

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamynyň özgerdilmegine ähli türkmen jemgyýeti uly gyzyklanma bildirýär we oňa işjeň gatnaşýar. Şoňa görä-de, biz halkymyzyň başlangyçlarynyň hiç biriniň hem ünsden düşürilmeli däldigini, adamlaryň bolsa, hemişe öz pikirleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny duýup ýaşamagyny gazanmalydyrys.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda, zerur bolan ýagdaýlarda bu meseleleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen, wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini dowam etmelidiris.

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň özgerdilmegi Milli parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge we kanunlary taýýarlamagyň hem-de ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Täze kanun çykaryjy edara döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda hem-de ýurdumyzda durmuş adalatlylygynyň kadalaryny doly ykrar etmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biziň şu gün ara alyp maslahatlaşan taslamamyzda ministrliklerde, pudak we ylmy edaralarda, jemgyýetçilik birleşiklerinde döredilen iş toparlaryndan, şeýle hem raýatlardan gelip gowşan ähli teklipler hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, men «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyny ähli halkymyz ara alyp maslahatlaşar ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dolulygyna çap etmegi teklip edýärin.

Taslama çap edilenden soň gelip gowuşjak teklipleri ýene-de bir gezek düýpli öwrenmeli we Konstitusion Kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak işini dowam etmeli. Konstitusion Kanunyň gutarnykly taslamasyny biz Halk Maslahatynyň geljekki mejlisiniň garamagyna hödürläris. Şu maksat bilen, men Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion Kanunyň taslamasy ähli halkymyz tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soň, onuň gutarnykly görnüşini Konstitusion toparyň iýul aýynda geçiriljek mejlisiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrýaryn.

Konstitusion kanunçylygyň milli we dünýä tejribesini öwrenmek boýunça netijeli işi dowam etmek we hödürlenýän taslamany ara alyp maslahatlaşmaga halk köpçüliginiň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek häzirki döwürde biziň öňümizde duran esasy wezipedir. Şeýle hem, deputatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, dürli ministrlikleriň, pudak we ylmy edaralaryň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerlerde halk köpçüligi bilen duşuşyklary dowam etmeli.

Umuman, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işi dolulygyna halkymyza ýetirmeli. Konstitusion toparyň agzalarynyň we Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Iş toparynyň geljekde hem sazlaşykly işlejekdigine hem-de bu kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigine men pugta ynanýaryn.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwary

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 31.01.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy