Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi 01.02.2020

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler we birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda» kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu mesele ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň degişli täjirçilik teklipleri esasynda öwrenildi hem-de Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça pudagara toparyň birinji mejlisinde seredildi.

Bu resminama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen «John Deere Waldorf GmbH &Co.KG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Strategik ylalaşyga laýyklykda taýýarlanyldy. Bu ylalaşyga birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gol çekilipdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligiň halk hojalyk toplumynyň önümçilik ulgamyndaky ornuny barha pugtalandyrýandygyny, döwletimiziň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýandygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm ulgamynyň işiniň işjeňleşdirilmegi netijesinde täze iş orunlary döredilýär, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşleri we mukdary artdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta işewürligi mundan beýläk-de höweslendirmegiň wajypdygyny aýdyp, obasenagat toplumynda telekeçiligi ösdürmäge, olaryň oba hojalyk önümlerini öndürmäge ýurdumyzyň işewür düzümlerini has işjeň çekmek üçin zerur şertleri döretmäge ünsi çekdi. Milli Liderimiz hödürlenen kararyň taslamasyny makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de anyk tabşyryklary berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ätiýaçlandyryş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, bu ulgamda edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Bu ugurda öňde goýlan gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ulgamyň raýatlaryň we kärhanalaryň emläk bilen bagly bähbitlerini goramagyň kepili bolup hyzmat edýändigini hem-de halk hojalyk toplumyna uzak möhletli maýa serişdeleriň gelmegini üpjün edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň bu strategik ulgamynyň işini takyk guramagyň, döwletimiziň we türkmenistanlylaryň bähbidine zerur ätiýaçlandyryş serişdelerini döretmegiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläni içgin öwrenmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň hasabaty diňlenildi. Ol «2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny» yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň özi nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan ýangyç-energetika toplumynyň ýokary tehnologiýaly önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdi bilen baglanyşyklydyr.

Hasabatyň dowamynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler barada habar berildi. Şeýle hem geňeşçi bu turba geçirijiniň sebitiň we tutuş dünýäniň energiýa ulgamy, şol sanda häzirki zaman energetika binýadyny kemala getirmekde, ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmakda, maýa goýumlary çekmekde, söwda ulgamyny giňeltmekde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we daşky gurşawy goramakda ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna örän baýdygyny aýtdy. Bu gün türkmen «mawy ýangyjy» dünýäde iň uzyn gaz geçirijileriň biri bilen HHR-e iberilýär. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz energetika ulgamyna häzirki zaman serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryny, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, milli we dünýä ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmagy hemmetaraplaýyn çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudakda milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak boýunça tassyklanan Konsepsiýany nazara almak arkaly pudaklaýyn düzümleriň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň ähli ugurlaryny öz içine alýan ylmy taýdan esaslandyrylan halkara taslamalar babatda degişli maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň barlag we amaly işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan taslamalaryň ekologiýa edýän täsirini ylmy taýdan öwrenmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit guýularynyň önümliligini ýokarlandyrmagyň, täze nebit känlerini gözlemek boýunça geologiýa-gözleg işleriniň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz halkara magistralyň düzümleýin desgalarynyň tehnologiýa babatda ygtybarlylygyna we ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow dünýä tejribesini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň işini kämilleşdirmek hem-de pudagyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginde ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu halkara gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän bölegi üçin dürli serişdeleri we enjamlary satyn almak baradaky kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň döwletleriniň durnukly ösüşine kuwwatly itergi berjek TOPH taslamasynyň ykdysady we durmuş ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça gurluşygy amala aşyrylýan bu gaz geçirijisiniň milli energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädime öwrüljekdigini hem-de ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köpugurly esasda eksport etmekde möhüm ähmiýetini belledi. Umumy ykrar edilen, şol sanda abraýly halkara bilermenleri tarapyndan kesgitlenen türkmen topragyndaky «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorlary ýurdumyza dünýäde uly isleg bildirilýän tebigy gazy uzak möhletleýin esasda ugratmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, TOPH taslamasy dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk, işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak hem-de gurnamak işlerini amala aşyrmak hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şeýle hem degişli enjamlary satyn almak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek maksady bilen, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoulgamy döretmek bilen bagly taslama boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ahal welaýatynyň çäginden Balkanabat şäherine çenli uzynlygy 450 kilometr, güýjenmesi 220 kW bolan iki zynjyrly howa elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň çäginden Balkan welaýatyna çenli uzynlygy 560 kilometr, güýjenmesi 500 kW bolan howa elektrik geçiriji ulgamy barada maglumat berýän şekiller we çyzgylar görkezildi. Taslama laýyklykda, bu howa elektrik geçirijiniň ugrunda güýjenmesi 500 kW barabar bolan iki sany we güýjenmesi 220 kW barabar bolan iki sany, jemi 4 sany elektrik bekedini gurmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ägirt uly energetika we ykdysady kuwwatynyň, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de şereketleriniň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmalaryny artdyrýandygyny belledi.

Şonuň netijesinde, döwletimizde ýaýbaňlandyrylan, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga uly gyzyklanma bildirýän işewür toparlaryň wekilleri bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklar berkidilýär.

Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasyny durmuşa geçirmekde Hytaý Halk Respublikasynyň, Hindistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň bilelikdäki konsorsiumynyň işläp taýýarlan hem-de bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri özünde jemleýän maksatnama ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz energetika pudagynda iri sebit we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak meselelerine ýokary derejeli çemeleşýändigini belledi. Serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistanda energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasynyň çäklerinde täze halkalaýyn energiýa ulgamy kemala geler. Döwlet Baştutanymyz elektrik geçiriji ulgamyň ýüzlerçe kilometriniň çekiljekdigini belledi.

Şeýlelikde, özüniň möçberi boýunça ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda energiýa üpjünçilik ulgamynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirer. Döwlet Baştutanymyz munuň sazlaşykly ösýän welaýatlary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň kepiline öwrüljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak we bu ugurda ähli meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn işleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamyny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Hyundai» görnüşli şäheriçi awtobuslary we lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hünärmenleri Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäginde «Hyundai» korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar hem-de dürli görnüşdäki awtobuslaryň önümçilik kärhanasyna baryp gördüler.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ýewro — 4 ekologiýa standartyna gabat gelýän döwrebap hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan «Hyundai All New Super Aero Ñity» awtobuslaryny almak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» kärhanasynda öndürilen lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bu dikuçarlar paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulanmak, ilata tiz lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmaga niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Koreýanyň «Hyundai» korporasiýasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Koreý awtomobil gurluşynda öňdebaryjy hasaplanýan bu awtobuslar ýurdumyzyň şäheriçi we şäherara ugurlarynda giňden peýdalanylýar. Soňky ýyllarda şeýle görnüşdäki awtobuslaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Munuň özi ugurlary artdyrmaga we gatnaw ýygylygyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu awtobuslaryň rahatlygy we amatlylygy bilen ýolagçylaryň göwnünden turýandygyny nazara alyp, bu babatda işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk özüniň netijeliligini görkezdi. Şeýlelikde, taraplaryň ikisi-de bu gatnaşyklaryň uzak möhletleýin esasda dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de «Hyundai» korporasiýasynyň awtobuslarynyň ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýandygyny we ýurdumyzyň howa şertlerine gabat gelýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistana awtobuslaryň täze görnüşlerini getirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz bu awtobuslaryň türkmen halky üçin Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli ajaýyp sowgada hem-de paýtagtymyzyň bezegine öwrüljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak barada aýdyp, Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň okgunly we netijeli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi. Munuň özi Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlykdyr. Türkmen-tatar gatnaşyklary özara hyzmatdaşlygyň ägirt uly tejribesini we köpugurly mümkinçiliklerini özünde jemleýän netijeli gatnaşyklaryň anyk mysalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda bu kärhananyň önümleri bolan dikuçarlaryň kömegi arkaly ýurdumyzda ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi.

Milli Liderimiz bu gatnaşyklary geljekde hem pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny satyn almak baradaky teklibi makullady hem-de dikuçarlara ýokary hilli tehniki hyzmaty ýola goýmak we netijeli peýdalanmak boýunça guramaçylykly hem-de sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin wise-premýere zerur çäreleri görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzda 23-24-nji ýanwarda geçirilen türkmen-german iş toparynyň «tegelek stoluň» başyndaky gepleşikleriniň we işewür duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Germaniýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdiler, tejribe alyşmagy ýola goýmak barada ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen gepleşiklerde nemes işewürleriniň hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin tehnikalary getirmek, senagat kärhanalaryny gurmak, kaliý dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlyk etmek, Diýarymyzyň dokma senagatyna innowasion enjamlary ornaşdyrmak baradaky teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garalan teklipleriň birnäçesi boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de nemes kompaniýalarynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi.

Hasabatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak hem-de telekeçilik işini höweslendirmek boýunça taslamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak üçin halkara işewür çärelerini geçirmegiň örän wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň özleşdirmegiň innowasion önümçilikleri döretmäge hem-de eksport ugurly pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini aýdyp, germaniýaly hyzmatdaşlar bilen gazanylan ylalaşyklaryň hemmesini, şol sanda kiçi we orta telekeçilik ugry boýunça ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyny ösdürmegiň ýakyn bäş ýyl üçin strategiýasyny tassyklap, degişli Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda zerur guramaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow sanly ulgama geçmegiň wezipelerini nazara almak bilen, ylmy işgärleri taýýarlamak işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezini döretmek hakyndaky» kararyň taslamasy tassyklamak üçin hödürlenildi.

Bu merkeziň döredilmegi Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulandyr hem-de bilimiň ähli basgançaklarynda sanly ulgamy, olaryň elektron maglumat binýadyny hem-de bilim edaralarynyň arasynda bitewi ulgamy döretmäge gönükdirilendir. Şonuň esasynda sanly bilim portaly işlenip düzüldi.

Şeýle hem bilim edaralarynda döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylar. Merkez tarapyndan ylmyň pudaklary, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we beýleki ugurlar boýunça ýurdumyzyň programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ykdysadyýeti döretmek bilen baglylykda ylmy höweslendirmegiň zerurdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz akademiki toparlaryň, ýokary okuw mekdepleriň ylmynyň we önümçiligiň özara gatnaşyklarynyň has ysnyşykly bolmagyny üpjün etmegiň, olaryň innowasion kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Ylmy-barlaglara ýaş hünärmenleri has işjeň çekmek, talyplaryň ylmy-tehniki işi üçin şertleri döretmek, has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de innowasion maglumat merkezini döretmek hakyndaky Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we beýleki zerur hünärmenleri taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Ylymlar akademiýasy tarapyndan degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljek adamlaryň sany kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýete geçilýän döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak işinde ylmyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Okgunly tehnogen özgerişlikler döwründe hut ylym jemgyýetiň hem-de senagat ösüşiniň ýokary depginini kesgitleýär.

Döwlet Baştutanymyz durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda we önümçilik pudaklarynda ylmy-tehnologik kuwwaty artdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň ünsüni ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ylmy taýdan üpjün etmegiň wajyp meselelerine çekdi. Olar ýangyç çykarýan hem-de gaýtadan işleýän, turba geçirijileri çekmek ulgamlaryna degişlidir.

Gürrüň burawlamagyň we guýulary dikeltmegiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak, nebitgaz gatlaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak barada barýar. Şunlukda, bu işleriň ählisi tebigaty goramak talaplary bilen sazlaşykly bolmalydyr. Ýataklary işläp geçmek hem-de gazy ibermek ulgamyndaky taslamalar ylmy-usulyýet üpjünçiligini hem-de ekologiýa seljermesini talap edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem daşary ýurtlaryň degişli ylym merkezleri bilen bilelikde bu ulgamda barlaglary geçirmegiň, ýangyç-energetika toplumynyň intellektual ulgamlaryny, önümçilik işini aralykdan dolandyrmak usulyny döretmek boýunça öňdebaryjy tejribäni we nou-haulary alyşmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewany göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudak edaralarynyň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Pudak edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan ugur alyp, elektron resminama dolanyşygyny guramak göz öňünde tutulýar. Munuň özi maglumatlary, resminamalary we täzelikleri alyşmak işini has-da çaltlandyrmaga hem-de umuman, ministrligiň hem-de medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň işini kämilleşdirmäge kömek eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi hem-de medeniýet ulgamynda maglumat giňişligini döretmekde, şol sanda kitaphanalaryň, muzeýleriň gaznalaryna elýeterliligi üpjün etmekde, medeni çäreleri guramakda we geçirmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň giňden ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Munuň özi jemgyýetde medeniýetiň we bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň çözülmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz pudagy ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudaklarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistana halkara giňişlikde mynasyp wekilçilik etmäge ukyply, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny we özygtyýarly Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini hem-de ýeten belent sepgitlerini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimiziň ykdysady binýatlarynyň pugtalandyrylmagyna, jemgyýetimiziň ruhy taýdan kämilleşmegine gönükdirilen strategik ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň düýp manysy we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi hem-de sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatlarda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekmek üçin niýetlenen meýdanlarda sürüm, ýerleri tekizlemek we ýuwuş suwuny tutmak ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ekiş möwsümine oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary taýýarlamak boýunça zerur işler dowam edýär.

Şunuň bilen birlikde, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg işlerine — ösüş suwuny tutmak hem-de dökünler bilen iýmitlendirmek çärelerine giň gerim berildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, alymlaryň we tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerli howa hem-de toprak şertleri nazara alnyp, şu ýylda ekiljek ekinleriň görnüşleri we ýerleri kesgitlenildi.

Şeýle hem oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmakda hususy önüm öndürijileriň paýyny ýokarlandyrmak, oba hojalygyny dolandyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl saýaly we miweli agaç nahallary, üzüm ekiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan we oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge, pudagyň tehniki hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrylyşyny ýokarlandyrmaga, Diýarymyzda öndürilýän önümleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmelidigini hem-de şu ýyl ak ekinlerden bol hasyl almak üçin güýzlük bugdaýa degişli ideg işleriniň utgaşykly alnyp barylmalydygyny nygtap, ähli agrotehniki çäreleriň öz möhletinde geçirilmeginiň, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan, umumymilli bag ekmek maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň, halkymyz üçin ýokary durmuş şertlerini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça sebitiň ýurtlarynyň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň 27-28-nji ýanwar aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Forumyň gün tertibine howanyň üýtgemegi, onuň ählumumy howpsuzlyga täsiri hem-de ekologiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wajyp meseleler girizildi. Maslahatyň barşynda türkmen tarapynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlaryndan gelip çykýan daşky gurşawy goramak we ekologiýa boýunça anyk teklipleri beýan edildi.

Hususan-da, halkara maslahatlary we forumlary guramak teklip edilýär. Şolarda sebitde hem-de Owganystanda daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak we çölleşmä garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem «Ýaşyl Merkezi Aziýa» başlangyjynyň çäklerinde täze taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, şol sanda howanyň üýtgemegi hem-de şonuň bilen bagly howplary azaltmak boýunça sebit strategiýasyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Forumyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Berlin şäherine bolan gulluk iş saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň birnäçesi, şol sanda GFR-iň daşary işler ministri, Germaniýanyň Federal Kansleriniň daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisiniň orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi.

Şolarda ýurdumyzyň bitarap daşary syýasy ugrunyň ähmiýeti hem-de milli Liderimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyň barşynda özara bähbitli türkmen-german işewürler gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň zerurdygy tassyklanyldy.

Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça wekili hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyklar geçirildi. Energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Türkmen tarapy «Ýol kartasyny» düzmek baradaky teklibi hem beýan etdi. Ol Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleri öz içine alýar. Wise-premýer, daşary işler ministri häzirki wagtda bu resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekologiýa meselesiniň Bitarap Türkmenistanyň umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak bilen bagly esasy Konwensiýalarynyň birnäçesini tassyklap, bu möhüm ulgamda sebit hem-de ählumumy gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda çykyş edýär, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak we umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine jogapkärli çemeleşýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, beýleki iri forumlarda beýan eden hem-de dünýä bileleşiginiň goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp bolan anyk başlangyçlary şolaryň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine ekologiýa ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk, özara hormat goýmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolan türkmen-german gatnaşyklary barada durup geçip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatynyň bardygyny aýtdy we şondan netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk we uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Munuň üçin bolsa häzirki wagtda dürli ulgamlarda giň mümkinçilikler bar.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, bu hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 3 — 5-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek baradaky Buýruga gol çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça işleri ylmy esasda amala aşyrmak, tebigy we antropogen hadysalara gözegçilik etmek we çaklama geçirmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 6-7-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek baradaky Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şolary resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberip, bellenen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi we konstitusion kanunçylygyň milli, dünýä tejribesini öwrenmek, şeýle hem ýerlerde degişli wagyz-nesihat işlerini guramak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Mejlisi täze kanunçylyk resminamalarynyň üstünde işleýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasynda taýýarlanylan we kabul edilen kanunlaryň mazmunyny hem-de ähmiýetini ilatyň arasynda düşündirmek işleri dowam edýär.

Geçirilýän çäreleriň barşynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýän makalalar arkaly halkymyzyň bitewiligini we agzybirligini pugtalandyrmakda, milli demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmekde, raýat jemgyýetini berkitmekde konstitusion özgertmeleriň möhüm ähmiýetiniň bardygy beýan edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň düzgünnamalary bilen baglanyşykly meseleler giňden wagyz edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmekde milli parlamente möhüm ornuň degişlidigini hem-de bu ýokary jogapkärçiligiň deputatlary saýlawçylaryň ynamyna mynasyp derejede iş alyp barmaga borçly edýändigini belledi.

Milli Liderimiz ýerlerde durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň, guralýan duşuşyklary dowam etmegiň, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ünsüni olaryň öňünde durýan wajyp wezipelere çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp, dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli we dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk baýramy barada aýdyp, bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çärelere we dabaralara görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şeýle çärelerde ata Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, onuň saýlap alan parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoluna bolan üýtgewsiz ygrarlylygy öz beýanyny tapmalydyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň wajypdygyny aýratyn belledi. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, degişli Konstitusion Kanunyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny belledi.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu Kanunyň taslamasynyň ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edileninden soň gelip gowuşjak teklipleri nazara alyp, onuň gutarnykly görnüşini taýýarlamak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýdyp, olaryň işiniň döwrüň ruhuna we talabyna doly kybap gelmelidigini hem-de öňdebaryjy sanly tehnologiýalara esaslanmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça öňde boljak möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu işde ýerleriň toprak-howa şertleri nazara alnyp, bag nahallaryny seçip almakda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri zerurdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her ýylda geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň we jemgyýetiň okgunly ösüşinde ylym ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, pudaga sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak, dürli ugurlarda ylmy-amaly barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga höweslendirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de özgertmek, senagat pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we ony köpugurly esasda ösdürmek boýunça tagallalaryň zerurdygyny belläp, ähli degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


 


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 17.11.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy