YKDYSADY GALKYNYŞYŇ BINÝADY

YKDYSADY GALKYNYŞYŇ BINÝADY 21.02.2020

YKDYSADY GALKYNYŞYŇ BINÝADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylyp, ýokary depginli ösüşler gazanylýar. Jemi içerki önümiň möçberi ýylsaýyn artýar. Ýurdumyz boýunça iri taslamalara düýpli maýa goýulýar. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda täze sepgitlere ýetmek ugrunda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksatnamalaýyn esaslary goýlup, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem hususy telekeçiler tarapyndan tapgyrlaýyn esasda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar.
    Konsepsiýa laýyklykda, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde bank ulgamy tarapyndan edara-kärhanalara, telekeçilere öz müşderilerine internet sahypalary we dükanlary arkaly harytlary hem-de hyzmatlary hödürlemek, internet arkaly onlaýn hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerde söwda ulgamy çalt depginde ösýär. Internet torunyň bar bolan islendik nokadynda (kompýuter, planşet ýa-da ykjam telefon arkaly) internet söwdasynyň ýola goýulmagy müşderileriň wagtyny tygşytlamak bilen birlikde, olaryň ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri satyn almaklaryna hem giň mümkinçilikleri döredýär.
    “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda halkara ülňilere laýyk gelýän döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän ykdysady özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek babatynda alnyp barylýan işleriň durmuşa geçirilmegi, bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, dünýä ykdysadyýetine amatly şertler bilen goşulyşmagyna uly mümkinçilik berýär. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde sanly ykdasadyýeti ösdürmek işini depginli dowam etdirmek, Türkmenistanyň Maglumat tehnologiýalar merkezini döretmek, programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly döwrebap hünärmenleri taýýarlamak babatdaky meselelere garaldy.
    Bank ulgamyna “Internet-bank” hyzmatynyň girizilmegi wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleri çekmek, dürli tölegleriň çalt we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Internet arkaly bank hyzmatlary müşderiler üçin wagty tygşytlamak, hakyky wagt tertibinde köp sanly amallary çalt amala aşyrmak, täze bank hyzmatlaryny görüp, saýlap bilmek, ýaşaýyş jaý, jemagat we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary üçin hasaplaşyklary geçirmek, internet arkaly harytlary satmak, satyn almak ýaly artykmaçlyklary özünde jemleýär.
    Hawa, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly bank hyzmatlarynyň hili yzygiderli ýokarlandyrylýar.    
        
         Nartäç Berdiýewa,
    
        Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet  täjirçilik bankynyň
         Buhgalter hasaby we hasabaty müdirliginiň
         Içki buhgalter hasaby bölüminiň baş hünärmeni.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 22.03.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy