Ykdysadyýetiň möhüm daýanjy

10.03.2020

Ykdysadyýetiň möhüm daýanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak boýunça yzygiderli öňe gidişlikler gazanylýar.
     1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda ýurdumyzda  milli manadymyz dolanyşyga girizildi.  Şondan bäri milli manadymyz halkymyzyň gündelik durmuşynda ähli hasaplaşyklarda eriş-agaç bolup  hyzmat edip gelýär.  Pul serişdeleriniň  dolanyşygyny sazlaşykly alyp barmak karz edaralarynyň işiniň baş maksady bolup durýar. Häzirki döwürde banklar ýeterlik pul serişdeleri bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň  depginini üpjün edýär hem-de halkymyzyň erkin pul serişdelerini goýumlara çekmek boýunça şeýle hem, pul serişdeleriniň  dürli pudaklarda oýlanyşykly dolanyşygyna ýardam berýär.
           Pul-karz syýasaty bellenilen durmuş-ykdysady we syýasy maksatlara ýetmäge gönükdirilen puluň dolanyşygy we karz babatynda döwlet çäreleriniň umumy jemidir.  Bu döwlet syýasatynyň möhüm gurallarynyň biri bolup, bazar gatnaşyklarynda hojalygy ýöretmegiň we ykdysadyýete tasir etmegiň şertlerini emele getirmegiň guraly hasaplanylýar.  Bank işjeňliginiň häzirki döwrüň talabyna laýyk getirilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde aýratyn orna eýedir.Ýurdumyzda amala aşyrylýan bank özgertmeleri maksatnamalaýyn esaslarda durmuşa geçirilýär. Muňa “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” we “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” şaýatlyk edýär.
            Bu maksatnamalarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, durnukly pul-karz  syýasatyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň  durmuşa ornaşdyrylmagyny dowam etdirmeklik bellenendir. Bank ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we ony halkara maliýe bazarlaryna utgaşdyrmak ýaly wezipeleriň kesgitlenilmegi milli bank ulgamynyň işiniň geljekdäki ugurlaryna degişlidir.
          Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň ösmegi, kompýuter enjamlarynyň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy, pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizliginiň ýokarlanmagyna hem-de hasaplaşyklary  halkara usullaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.     
         Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklar boýunça bank hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň artmagy we bu kartlar arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň düýpli ösmegi nagt däl hasaplaşyklar ulgamynda oňyn özgertmeleriň alnyp barylýandygyny subut edýär. Bank hyzmatlarynyň has kämil görnüşleriniň yzygiderli girizilmegi, bu ugurda daşary ýurt tejribesiniň düýpli öwrenilmegi,  şeýle-de oňyn milli ýkdysadyýetimiziň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrylmagy bank işiniň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilmegine, hyzmatlaryň döwrebap görnüşleriniň döremegine, bank ulgamynyň müşderileriniň sanynyň yzygiderli artmagyna we milli banklaryň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzda pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe goldawyny bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmäge iň täze  innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.  
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly pul-karz syýasaty netijesinde bank ulgamynyň işini özgertmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen çäreler maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, maliýe binýadyny berkitmäge, olara  gözegçiligi  kämilleşdirmäge, bu ugurda amallaryň gerimini giňeltmäge we bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga oňyn täsir etdi.
          Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky,  alyp barýan işlerini mundan beýläk-de ösdürip, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine öz mynasyp goşandyny goşar.
                           
D.Nurgeldiýew        Pul dolanyşygy müdirliginiň
                               başlygynyň orunbasary                                              

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 20.03.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy