Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi

Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi 20.04.2020

Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi

Şu gün, dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.

Halkyň saglygyny döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan eden milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksadaokgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň we güýjüň esasy çeşmesi bolup durýar. Beden saglygyny saklamakda sportuň ekologiýa we gyzykly görnüşi bolup durýan welosiped sporty esasy orny eýeleýär.

Ir bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ady rowaýata öwrülen Ýanardag atly ahalteke bedewiniň hormatyna dikeldilen binanyň ýanyna geldi. Bu bedew Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilip, Watanymyzyň täze taryhynda ýurdumyzyň resmi nyşanyna öwrüldi.

Şöhratly bedewiň altyn öwüşginli şekili paýtagtymyzyň Köpetdag şaýoly bilen Andalyp köçesiniň çatrygynyň merkezinde ajaýyp binagärlik keşbine öwrüldi. Bu bina halkymyzyň «behişdi bedewlerine» bolan söýgüsini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Ýanardag mysaly erkin uçýan görnüşde şekillendirildi. Onuň aýaklarynyň ýerleşdirilişi ýerli uçup barýan guşy ýatladýar. Bedewiň gelşikli boýny, buýsançly başy, çeýe beden gurluşy ýaýdan çykan oky ýatladýar. Onuň öňe tarap okdurylyşy türkmen bedewlerine mahsus häsiýeti özünde jemleýär.

Bu binada Ýanardag bilen bilelikde taýçanagyň şekili janlandyryldy. Ol halkymyzyň milli atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Kuwwatly, buýsançly we erkin bedew bilen ýaşajyk taýçanagyň şekilleriniň utgaşdyrylmagynda örän çuňňur we köptaraply many bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «behişdi bedewleriň» dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynyň ugrunda yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda atçylyk toplumlary guruldy. Paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde şeýle merkezleriň üçüsi bar. Olar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndan, Aşgabadyň atçylyk sport toplumyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan ybarat.

Ýokary derejede enjamlaşdyrylan döwrebap toplumlarynda işleýän türkmen atşynaslary arassa ganly ahalteke atlaryny ýetişdirmek we seýislemek bilen meşgullanýarlar. Şeýlelik bilen, olar gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we nesilden-nesle geçirilip gelinýän milli ýörelgeleri dowam edýärler.

Häzirki döwürde bu ajaýyp türkmen atşynaslyk dessurlary ösüşiň täze tapgyryna çykdy. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy her ýylda giňden dabaralandyrylýar. Bu senäniň hormatyna guralan giň möçberli çärelere badalga berildi. Olar hepdäniň aýagynda jemlener.

Döwlet Baştutanymyz «Ýanardag» binasynyň ýanynda welosipedli ýörişe başlady. Bu künjegiň gözelligi, gök öwüsýän baýyrlar sport bilen meşgullanmak üçin oňyn şerti üpjün edýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikden ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbi görünýär.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde meýilleşdirilýän gurluşyklaryň binagärlik taslamalary taýýarlananda, olaryň ýerli aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny tabşyrýar. Munuň özi şäheriň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Aşgabatda amatly ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi ugrunda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç mahalynda bu künjekleriň gözelliklerini synlady. Bu ýeriniň howasy salkyn we ýakymly, gök öwüsýän giňişlikler ruhuňy göterýär. Ýylyň şu döwründe türkmen tebigaty aýratyn gözel görnüşe girýär hem-de daş-töwerege özüniň jana ýakymly täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz ýolugruna dürli meýdan otlary bilen örtülen töweregi synlady. Jülgeleriň ajaýyplyklary paýtagtymyzyň günorta çäklerini göwher halkasy ýaly gurşap alan häzirki zaman belent binalar bilen sazlaşýar.

Al-ýaşyl güller, gyzyl gülälekler asuda öwüsýän şemala ygşyldap ajaýyp sungat eserine çalymdaş, ussat suratkeş — Tebigatyň döreden täsin suratlarynyň haýran galdyryjy nusgalaryny ýatladýar.

Golaýda bolsa gün şöhlesi astynda lowurdaýan ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik toplumlary seleňleýär, ýurdumyzyň baş şäheri milli Liderimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilýän düýpli özgertmeler ýyllarynda dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabadyň bu künjeginde alnyp barylýan gurluşyk hem-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça çäreler okgunly ösýän paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar.

Şäherde arassaçylyk, abadançylyk işlerine ýokary derejede üns berilýär. Bu bolsa ynsan durmuşynyň ýokary hil derejesiniň möhüm bölegi bolup durýan amatly ekologiýa gurşawynyň kemala gelmeginiň möhüm şertidir.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmegiň täzeçil maksatnamasynyň başyny başlaýjy bolmak bilen, tebigaty goramak strategiýasynyň wezipelerini ulgamlaýyn esasda çözmegiň zerurdygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda ekologiýa meselelerine örän uly üns berilýär.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli bag nahalyny ekmek maksatnamasy şunuň ýaly köpugurly işleriň mysalydyr. Bu işleriň netijesinde giň «gök guşaklar» hem-de tokaý zolaklary emele gelýär, olar howa ýagdaýyna amatly täsir edýän ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň birinji aýy paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy boldy, çäräniň barşynda müňlerçe watandaşlarymyz bu umumymilli dabara hemişe badalga berýän milli Liderimiziň göreldesine eýerip, bu işlere goşuldylar hem-de Watanymyzyň gülläp ösýän mekana öwrülmegine şahsy goşandyny goşdular. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça 1 million 604 müň 200 düýp bag nahallary ekildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllygyna beslenýän 2020-nji ýylda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, jemi 10 million bag nahalyny ekmek bellenilýär. Bag ekmek çäresine ýurdumyzyň ähli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri gatnaşýarlar.

Hususan-da, paýtagtymyzyň töwereklerinde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallarynyň 5 millionyny, welaýatlarda hem şol möçberde agaç nahallary ekiler.

Şol bir wagtyň özünde ozal ekilen nahallary ideg etmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ösüp barha boý alýan tokaý zolaklary we baglar türkmen topragyny bezeýärler, howany arassalaýarlar, gurşawyň ekologiýa abadançylygyny, netijede, halkymyzyň saglygyny üpjün edýär.

Daşky gurşawy goramak we gözel tebigata aýawly garamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem-de welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy, saglygyny berkitmegi hem-de many-mazmunly ýaşamagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Çünki welosiped sürmek diňe bir peýdaly endik däldir. Gyzykly dynç almagyň bu görnüşi şahsy we toparlaýyn, jemgyýetçilik saglygyny berkitmegiň usuly hökmünde ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar, has takygy ol adamlaryň jebisleşmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginden Bitaraplyk binasyna tarap ugrady. Ýol ugra milli Liderimiz täze gurulýan binalary bilen şäheriň barha ajaýyp görnüşe gelýän keşbini synlady.

Gurulýan kaşaň binalar döwrebap ýol-ulag düzümleri, seýilgäh zolaklary bilen utgaşyp, şäheriň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem amala aşyrylýan gurluşyk taslamalarynyň ekologiýa talaplaryna hem-de kadalaryna doly laýyk gelmegine aýratyn üns berýär.

Göwnejaý ideg edilýän tokaý zolaklary, seýilgähler, seýil baglary dürli öwüşginli gülleri bilen uly şäherde diňe bir howanyň arassalygyny we ekologiýa deňeçerligini ýokary derejede saklamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, ruhuňy hem göterýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda şäheriň bu künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Olaryň biri --ýurdumyzyň Hökümet münberiniň binasynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherini uzakmöhletleýin esasda ösdürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan we nou-haulardan netijeli peýdalanmak, şäherde abadançylyk maksatnamalaryny ýokary hilli durmuşa geçirmek, ýokary derejeli amatlyklary we estetiki gurşawy döretmek şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Diňe bir gözel binagärligi däl-de, ýadygärlikler toplumlary, heýkeller, özboluşly suw çüwdürim toplumlary, binalaryň daşky bezegleri şäheriň çeperçilik gurşawyny emele getirýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary we çäreleri beýan edýär. Häzirki wagtda Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň çatrygynda Bütindünýä welosiped gününiň hormatyna bina edilýän ýadygärlik Aşgabadyň keşbini has-da gözelleşdirmäge ýardam berer.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama dünýä jemgyýeti tarapyndan sporty we bedenterbiýe – sagaldyş hereketini ösdürmekde ýurdumyzyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy.

3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar parahatçylyga, dostlukly we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.

2018-nji ýylda “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen welosiped sporty boýunça okuw türgenleşiginde “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak” hökmünde täze dünýä rekordy goýlup, Ginnessiň rekordlar kitabyna girizildi. Giň möçberli welosiped çäresine 3 müň 246 adam gatnaşdy. Şol ýyl türkmen paýtagty bu meşhur kitapda ýene orun alyp, Watanymyzyň haýran galdyryjy üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.

2019-njy ýylyň iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde welosipedde iň dowamly, bir nyzamly ýöriş geçirilip, nobatdaky dünýä rekordy täzelendi. Welosipedçiler biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzülip, şäherjigiň daşyndan öwrüm edip, 3 müň 300 metr aralygy geçdiler. Bu netije hem Ginnessiň rekordlar kitabyna girizildi.

Şu ýylyň aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Şeýle ýöriş Aşgabatda 3,5 müň adamyň gatnaşmagynda geçdi. Olar Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden badalga alyp, Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen şäheriň merkezindäki Döwlet münberine çenli aralygy geçdiler. Ýoluň uzaklygy 15 kilometre barabar boldy. Umuman, Türkmenistan boýunça, guramaçylaryň hasaplamalaryna görä, köpçülikleýin welosipedli ýörişlere 7 müň adam gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Paýtagtymyzda bina edilýän dürli maksatly desgalarda ýokary hil derejesine, olaryň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa şäheriň binagärlik keşbiniň sazlaşygyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda Aşgabadyň günorta tarapynda, bu künjekde gurluşygy alnyp barylýan desgalary synlady. Häzirki döwürde bu ýerde bina edilýän desgalaryň hatarynda Hökümet münberinden başga-da, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, şeýle hem «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalary gurulýar.

Olar ýakyn geljekde ak mermerli paýtagtymyzyň nobatdaky ajaýyplyklaryna öwrülip, bir bitewi sazlaşygy emele getirerler. Döwlet Baştutanymyz welosipedli gidip barşyna şäheriň beýleki desgalary bilen sazlaşygy emele getirýän gurulýan binalaryň bezeg aýratynlyklaryna baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň beden saglygynyň möhüm şertidigini yzygiderli nygtaýar. Şu gün hem döwlet Baştutanymyz ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýän welosiped sportunyň ähmiýetini ýene bir ýola äşgär etdi.

Welosiped sporty ýeňşe bolan ynamy pugtalandyrýar, türgenlere güýç toplamaga ýardam berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sportuň bu görnüşi ýokary derejeli ussatlar üçin bolşy ýaly, islendik adam üçin hem ünsüňi jemlemegi başarmak ýaly endigiň kemala gelmegine kömek berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Milli sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, çagalaryň we ýetginjekleriň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan häzirki zaman sport-sagaldyş düzüminiň giňeldilmegine hem-de halkara ülňülerine laýyk getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, ýurdumyzda gurulýan ähli bilim we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň taslamalary ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzülýän howuzlary, tennis kortlary we beýlekileri öz içine alýar.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara boş wagtyny peýdaly geçirmäge ýardam berýär. Beden maşklary adamyň ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär, pikirlenmek ukybyny güýçlendirýär, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam berýär. Bedenterbiýe maksada ýetmek ugrunda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi terbiýeleýär.

Bu işleriň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda täze ösüşe eýe bolandygyny bellemek gerek. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek 2020-nji ýylyň bahar paslynyň ajaýyp gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde 20 kilometr ýol aşyp, Bitaraplyk binasynyň ýanynda welosipedli ýörişi tamamlady.



(19.04.2020 ý.Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi)

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 14.05.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy