Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi 01.06.2020

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Ministrler Kabinetiniň binasyna welosipedli ugrady.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge berýän uly ünsi netijesinde sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda welosiped sportuny wagyz etmek we ösdürmek, ilaty, esasan-da, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine işjeň çekmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi halkymyzyň saglygyny berkitmegiň we gorap saklamagyň has ähmiýetli şertleriniň biri bolup durýar.

Daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan arassa ulaglardan peýdalanmak milli Liderimiziň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň esasy gün tertibine geçmezden ozal, geljek duşenbede Çagalary goramagyň halkara gününiň belleniljekdigini aýtdy. Eziz Diýarymyzda bu baýramyň giňden bellenmegi Garaşsyz döwletimiziň bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde abraýyny dünýä ýaýýar.

Ýürekleri joşgunly, göwünleri ganatly çagalarymyzyň şirin aýdym-sazlary, ajaýyp sahnalary, döredijilik we sport bäsleşikleri, şadyýan gülküleri biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, biz geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris.

Çünki Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň berk kepili bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de bu ýere ýygnananlary, mähriban halkymyzy we eziz çagalarymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Goý, bagtyýar nesillerimiziň şatlyk-şowhuny, şadyýan gülküsi hemişe belentden ýaňlanyp dursun!» diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak ýol arzuw etdi. Şondan soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga girişdi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer ygtyýarlylandyrmak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bu ugurda hereket edýän düzgünler, sanawlar seljerilip, döwlet paçlarynyň möçberlerine gaýtadan seredildi. Geçirilen toplumlaýyn işleriň netijeleri boýunça zerur resminamalar hem-de Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ygtyýarlylandyrmak işlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol işler häzirki şertlerde ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Milli Liderimiz «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakyndaky» Karara gol çekip hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasary mejlisiň barşynda ätiýaçlandyryş işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Hususan-da, degişli ugurda geçirilýän işleri tertipleşdirmek hem-de bu ulgamda hyzmatlaryň sanawyny artdyrmak maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň hem-de ulag toplumynyň işgärleriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünleriň rejelenen görnüşiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Taslamada talaplar we adalgalar «Ätiýaçlandyryş hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, Howa kodeksine hem-de Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine soňky ýyllarda girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara kybap getirildi.

Geçirilen işleriň netijeleri esasynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de hödürlenen teklibi makullap, bu ädimiň Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş ulgamynyň halkara ätiýaçlandyryş bazaryna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zerur resminamalar işlenip taýýarlanylanda dünýä tejribesinde bu ugurda, aýratyn-da, milli ykdysadyýetde öňdebaryjy tejribäni nazara almagyň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetine öwürmek, olaryň binýadynda hususy kärhanalary döretmek baradaky meseleleri gysga möhletlerde işlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu desga polat turbalar bilen doly üpjün edildi. Şeýle hem gaz geçirijiniň türkmen böleginde turba geçirijiniň hem-de gaz gysyjy desgalaryň gurluşyk işlerine tehniki gözegçiligi amala aşyrmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Gonkongyň degişli kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginde turba geçirijiler doly kebşirlenip, türkmen-owgan serhedine eltildi. Kebşirlenen turbalary oturtmak işleri dowam edýär.

Gaz geçirijiniň türkmen bölegi üçin kömekçi enjamlary we serişdeleri üpjün etmek barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň baglaşan şertnamasyna laýyklykda, gaz geçirijiniň ugrunda uly göwrümli açyp-ýapyjylary gurnamak göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň gurluşyk-gurnama işleri batly depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegidigini belledi. Ol tebigy gazyň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybarat bolup, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Ýurdumyzyň känlerinden gözbaş alýan energetika ulgamlary ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze gurluşynyň möhüm halkasyna öwrülmelidir. Milli Liderimiz tutuş dünýäde giň goldawa eýe bolan Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň şol howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda halkara guramalar, ygtybarly maliýe düzümleri we nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaýa ideg etmek bilen bir hatarda başlajak galla oragyny guramaçylykly geçirmäge, şol sanda elewatorlary, dänäni kabul edýän bölümleri, kombaýnlary we ammarlary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek hem-de ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň möhletini belläp bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenip, oňa laýyklykda, şu ýylyň güýz möwsüminde ýeralmany, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin jemi 21 müň gektar ýer bölüp bermek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler» atly ylmy-amaly maslahat bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça wezipeleriň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz meýdan işlerini ýokary hilli geçirmegiň, gowaça ideg etmekde agrotehniki kadalary berjaý etmegiň meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologiýa meselesine möhüm ünsüň berilýändigini belläp, bu ulgamda türkmen topragynyň gözelligini saklamaga, onuň baýlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Olaryň hatarynda bioköpdürlüligi we tebigy ýerleri gorap saklamak boýunça çäreler, suw hojalyk taslamalary hem-de giň gerimli bag ekmek maksatnamasy bar.

Ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň çäklerinde dünýä bileleşigini tolgundyrýan ekologiýa meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşýandygyny, degişli ugurda ençeme halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, häzir oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly döwri dowam edýär diýip belledi. Şonuň bilen birlikde, howanyň gyzmagy netijesinde ekinleriň zyýankeşleri bolan kebelekler we çekirtgeler hem köpeldi. Olar ýetişdirilen hasyla uly zyýan ýetirip biler.

Döwlet Baştutanymyz şol zyýankeşlere garşy göreşde ähli gulluklaryň güýjünden peýdalanmak barada aýdyp, bu ugurda görlen çäreler barada duşenbe güni geçiriljek wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň gowy netijeleri berýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Merdana daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri, ene toprakdan ýokary hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri hem gazanýarlar. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanýan netijeleri bizi has-da guwandyrýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem olaryň yhlasly we halal zähmeti netijesinde ýurdumyzyň meýdanlarynda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Häzir gallaçylarymyzyň durmuşynda örän möhüm we jogapkärli döwür — orak möwsümi ýetip geldi. Gallaçylaryň öňünde duran indiki wezipe köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Hormatly ýaşulularymyzdan bolsa ýerlerde orak möwsümini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz edermen gallaçylarymyza, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklaryň berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.
«Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar!» diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew çagyryldy. Wise-premýer Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýyl gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga beriljek önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan işler hem-de olaryň zerur gurluşyk serişdeleri we enjamlar bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi.

Şu ýylyň dowamynda ulanylmaga bermek meýilleşdirilen binalarda we desgalarda gurluşyk işleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Olaryň gurluşygyny tassyklanan meýilnamada bellenen möhletinde tabşyrmak üçin hemme zerur çäreler görülýär. Desgalary gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 25 ýyllygy mynasybetli bina edilýän desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly ähli meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada wise-premýere görkezme berdi.

Milli Liderimiz ähli düzümleriň utgaşykly işlemeginiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekip, bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň bellenen möhletinde ýokary hil derejesinde tamamlamak üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topary döretmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer utgaşykly ulag syýasatyny alyp barmak maksady bilen, kanunçylygy we tölegleriň görnüşlerini laýyklaşdyrmagyň hem-de gümrük, wiza we beýleki amallary ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ulag-kommunikasiýa toplumynyň düzümine girýän agentlikler tarapyndan bu ugurdaky işlere degişli seljerme geçirilendigi habar berildi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Balkan welaýatyna iş saparynyň netijeleri barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlarda gatnawlary hem-de halkalary baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek baradaky wezipeleriň öňde durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz ulag ulgamyndaky taslamalaryň, şol sanda Türkiýä çykalgasy boljak Merkezi Aziýa üçin Modal Şosse ýoluny döretmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis-Lazuli) hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini gurmak we işjeňleşdirmek taslamalarynyň möhümdigini belläp, bu wajyp ugurlaryň döredilmeginiň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksatlarynyň amala aşyrylmagy babatda örän uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Onlarça ýurtlaryň üstünlikli ulanýan ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgesini üpjün edip, Türkmenistan ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberlerini has-da artdyrmak, üstaşyr-ulag gatnawlarynyň çäklerini giňeltmek üçin mümkinçilikleri döretmek bilen awtoulag pudagynyň ösdürilmegine uly üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Balkan welaýatyny ösdürmek baradaky meselelere ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän möhüm wezipelerini çözmek, ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen çäreleri tapgyrma-tapgyr ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem gözegçilik edilýän düzümlerde işleriň häzirki ýagdaýy, hususan-da, söwda toplumynda haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak we halkara hyzmatdaşlygy hem-de hususy işewürligi ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmegiň ägirt uly ykdysady kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, söwda hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bu ugurda dünýä tejribesini ornaşdyrmak hem-de söwda işini kanunçylyk esasynda düzgünleşdirmek, telekeçiligi işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek, ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, şahsy başlangyçlary höweslendirmek, degişli ugurda innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça işleriň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz wise-premýere bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji maýda Türkmen halysynyň baýramynyň giňden belleniljekdigini nygtady. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan halyçylyk pudagynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde olara mundan beýläk-de uly üstünlikleri, daraklarynyň sesiniň hemişe batly ýaňlanyp durmagyny arzuw etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öz halal zähmeti bilen Garaşsyz Watanymyzyň ösüşine uly goşant goşup, has tapawutlanan halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak kararyna gelendigini habar berip, degişli Permana gol çekdi hem-de ony resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de wise-premýer Ç.Gylyjowa halyçylara mynasyp bolan döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigini, şeýle hem onuň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu günler ýörite döredilen toparyň agzalarynyň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň dürli ugurlar boýunça türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň ösmegine uly goşant goşýan ukyply we zehinli döredijilik işgärleriniň iň oňat işlerini saýlap alýandygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň jemleriniň jemleniljekdigini hem-de «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlaryna şu ýylyň iýul aýyndan başlamagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da ösdürmäge itergi berýän hem-de ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam edýän her ýyl geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik gözden geçirilişiniň ähmiýetini nygtap, täze zehinleri ýüze çykarmak we hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça işleriň güýçlendirilmegini nazara alyp, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz iýun-iýul aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen medeni çäreler, şol sanda döredijilik bäsleşikleriniň netijeleriniň jemlenilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmek işinde, ýaşlary terbiýelemekde bu medeni çäreleriň ägirt uly ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli baýramçylyk çärelerinde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň agzybirligi we döredijilikli güýjüniň aýdyň beýan edilmegi üçin bu çäreleri ýokary derejede geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow öňde boljak Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ynsanperwerligiň hem-de olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarly döwlet, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi hem-de beýleki iri halkara sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar, sport arkaly dostlugyň we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, Olimpiýa hereketiniň wagyz edilmegine aýratyn üns berilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmegi milli Liderimiziň sport syýasatynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, öňde boljak halkara baýram mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän sport toplumlarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň, dürli ýaşdaky raýatlaryň işjeň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, bedenterbiýe-sport we medeni çäreler guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde öňde boljak baýramçylygyň — Bütindünýä welosiped gününiň möhümdigini nygtap, yzygiderli fiziki işjeňligiň, pyýada ýöremegiň, welosiped sürmegiň ýa-da sport bilen meşgullanmagyň saglygy berkitmek üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alyp, biz bu ugurda mundan beýläk-de giň gerimli işleri alyp bararys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de baýramçylyga gabatlanylan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň ulag babatdaky köptaraplaýyn resminamalara goşulmagy boýunça teklipleri barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybarat bolup durýandygy bellenildi. Şunda BMG, şol sanda onuň sebitleýin komissiýalary, ýagny Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu düzümler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglylykda, Ýewraziýa giňişliginde ulag ulgamyny kämilleşdirmek, üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek we netijeli peýdalanmak baradaky meselelere uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ulag diplomatiýasyny amala aşyrmaga, degişli halkara hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan utgaşdyrylýan birnäçe köptaraplaýyn resminamalara goşulmagy baradaky teklipleri taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň bu köptaraplaýyn resminamalara goşulyşmagy bilen bagly meseleler ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň we beýleki guramalaryň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlaşmalaryň çäklerinde seredildi. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerinden we tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu ugurda anyk çäreler görüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geografiýa taýdan örän amatly ýerde ýerleşip, sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidip, Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda bar bolan ägirt uly kuwwatyny umumy bähbitler ugrunda amala aşyrýandygyny belledi. Ýurdumyz bu ileri tutulýan ulgamda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde giň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.

Utgaşdyrylan, özara ýakynlaşdyrylan hem-de ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň kemala getirilmegi tutuş halkara jemgyýetçiliginiň strategik bähbitlerine kybap gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridir, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bu ugurdaky strategiýasy uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Ýurdumyz netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistan ählumumy ulag gatnaşyklaryna has-da işjeň we başlangyçlar bilen çykyş edip gatnaşmagy maksat edinýär hem-de şol gatnaşyklary giňeltmäge we täze anyk meýilnamalar hem-de taslamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda ýurdumyzyň köptaraplaýyn resminamalara goşulyşmagy baradaky teklipleri makullap, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça yzygiderli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi göz öňünde tutulýan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky meseläni gozgap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy şu gün şanly 60 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, uzak ömür we maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Şol namalar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ugurlaryny düzgünleşdirip, demokratiýany, kanunçylygy ösdürmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk düzümini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň meselelerini we konstitusion özgertmeleri halk maslahatynyň agzalary bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň ýerlerde göçme maslahatlarynyň geçirilendigini habar berdi.

Şol maslahatlarda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça welaýatlarda alnyp barylýan işler, gelip gowuşýan teklipler, Türkmenistanyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň hereket edýän kanunlaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiziň başlangyjynyň, amala aşyrýan taryhy özgertmeleriniň ýurdumyzyň ilaty tarapyndan doly goldawa eýe bolýandygy aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Parlamentiň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, Mejlisiň amala aşyrýan kanun çykaryjylyk işiniň jemgyýetiň bähbidine gabat gelmelidigini, şunda halk wekilleriniň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbidine wekilçilik edip, kanun taslamalarynda döwletimiziň durmuş bähbitli ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milli Parlamentiň deputatlarynyň welaýatlaryň ýaşaýjylary bilen duşuşmagyny hem-de Konstitusion topara gelip gowuşýan teklipleri giňden ara alyp maslahatlaşmagy dowam etmekleriniň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ilatyň arasynda wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow göni wideoaragatnaşyk arkaly harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby doktrinamyzdan ugur almak bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanyndaky ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak üçin degişli resminama gol çekdi hem-de resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, öňde goýlan wezipeler bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň çäklerinde Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, olaryň ünsüni öňde duran wezipelere çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri jan saglygyny başynyň täjine deňäp gelýär. Ata-babalarymyz sagdyn ýaşamagyň kadalaryny esaslandyrmak bilen, dünýäniň maddy we ruhy medeniýetine uly goşant goşupdyr. At çapmak, altyn gabak atmak, göreş tutmak, çilik, keçe-keçe, düzzüm ýaly iň gowy gylyk-häsiýetleri, sagdynlygy, synçylygy terbiýeleýän oýunlar halkymyzyň medeniýetli dynç almagy başarandygyna güwä geçýär.

Häzirki döwürde milli däplerimizi dowam etdirip, biz raýatlarymyzyň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän welosiped sportuny hem ösdürýäris. Sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmak, welosipedli ýörişleri guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenýän şu ýylda biz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabat şäherinde «Welosiped» binasyny açýarys. Bedenterbiýe-sport çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirýäris. Bu bolsa Bütindünýä welosiped gününiň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny pugtalandyrýar. Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk hem-de ruhubelentlik ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň giňden dabaralanýandygyny tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa Bitarap döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary hem-de ähli türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň mejlisini tamamlap, Ministrler Kabinetiniň binasyndan çykyp, «Oguzhan» köşkler toplumyna geldi.



29.05.2020 ý. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 05.08.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy