Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi 27.06.2020

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer degişli Konsepsiýada kesgitlenen wezipeleri çözmek bilen baglylykda, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň karz beriji edaralary tarapyndan döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary esasynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada habar berildi.

Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Milli VISA karty» atly täze bank kartyny ulanyşa girizmek boýunça degişli işler geçirildi. Wise-premýer munuň ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu toplumyň durnukly işlemeginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine sazlaşykly goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Şunda bank önümlerini halkara derejä çykarmak arkaly olaryň sanyny artdyrmak, ugurdaş edaralaryň işine öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Milli VISA kartyň» täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza pudagyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda «Türkmenistanyň deňiz portlarynda nebit we nebit önümleri bilen ýük dolanyşygynyň tertibini» kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşyny we gaýtadan işlenilişini durnukly artdyrmak meselelerine ilkinji derejede üns berip, garamagyndaky düzümleriniň işine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de birnäçe maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine hem-de bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara degişli anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzir Hazar sebiti geosyýasy we geoykdysady işleriň möhüm merkezleriniň birine okgunly öwrülýär, bu ýerde deňiz, gury ýer we howa ýollary, geljegi uly energetika ugurlary bilen birlikde, dünýä derejesindäki kuwwatly ulag-üstaşyr halkasy kemala getirilýär.

Bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň ulag strategiýasyna laýyklykda hem-de kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerini nazarda tutup, has oňaýly logistiki ugurlary işläp taýýarlamak zerur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda Hazarýaka Döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylda geçirilen V sammitinde anyk başlangyçlaryň öňe sürlendigini, şonda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilendigini belledi.

Milli Liderimiz wise-premýere netijeli logistikany üpjün etmek, ilkinji nobatda, ýurdumyzda öndürilýän nebitgaz senagatynyň önümlerini eksport etmek üçin deňiz portunyň häzirki zaman düzümlerine eýe bolan ýöriteleşdirilen deňiz terminallarynyň we beýlekileriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatlarda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, kombaýnlary doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan gallany kabul ediş bölümlerine bökdençsiz ýetirmek üçin awtoulaglardan netijeli peýdalanmakda zerur çäreler görülýär. Kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Galla oragy bilen birlikde, ýerleri sürmek we tekizlemek, olary indiki ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Gowaça ideg etmek işleri dowam edýär. Agrotehniki kadalara laýyklykda, ekinleriň hatarara bejergisi, olary azot dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

Mundan başga-da, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök hem-de bakja önümleriniň ýazky görnüşleriniň hasyly ýygnalýar, olary sowadyjy ammarlarda ýerleşdirmek, gök önümleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dänelik ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlaryny we suw serişdelerini rejeli ulanmak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça yzygiderli işleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň gallaçylyk pudagyndaky üstünligiň esasy bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu galla oragy möwsüminde ýokary netijeleri gazanan kärendeçi daýhanlaryň hem-de mehanizatorlaryň tutanýerli zähmetine mynasyp baha berilmelidigini, olaryň tejribesiniň giňden ýaýradylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýerleri geljekki bugdaý ekişine taýýarlamagyň depginlerini güýçlendirmegi, gowaça ýokary hilli ideg edilmegini hem-de gök önümleriň talabalaýyk saklanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, elektroenergetika ulgamynyň kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünde aýratyn durup geçdi.

Bellenilişi ýaly, elektroenergetikany ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, elektroenergiýanyň daşary ýurtlara iberilişiniň mukdaryny yzygiderli köpeltmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzir birnäçe iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň sarp edijilerini — ýerli ilaty hem-de senagat we durmuş-medeni ähmiýetli köp sanly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman, kuwwatly energetika toruny döretmegiň tutuş halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny belläp, wise-premýere degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň hem-de giňeltmegiň hasabyna ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatyny artdyrmak üçin hemme şertleri göz öňünde tutmagyň zerurdygy barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ulgamyň, hususan-da, poçta gullugynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň çäginden daşyna iberilmegi gadagan edilýän goýumlaryň sanawynyň hem-de ony tassyklamak baradaky resminamanyň taslamalary barada habar berildi. Şol resminamalar «Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň teklipleri nazara alnyp taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň edaralarynyň işine innowasion we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi hem-de ilatymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän poçta we beýleki degişli hyzmatlaryň hödürlenilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynyň edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ýurdumyzyň sebitlerine bolan iş saparlarynyň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça bellenen gaýragoýulmasyz wezipelerden ugur alnyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde ýerlerde önümçilik düzümleriniň sanyny artdyrmak baradaky taslamalaryň sanawy taýýarlanyldy.

Şu resminama laýyklykda, agzalan döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak, döwrebap tehnologiýalar, suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan täze ekerançylyk we bagçylyk meýdanlaryny özleşdirmek, döwrebap ýyladyşhanalary gurmak meýilleşdirilýär.

Göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga, olary bellenen talaplara laýyklykda saklamaga hem-de gaýtadan işleýän senagatyň goşmaça önümçilik kuwwatlyklaryny we täze iş orunlaryny döretmäge, içerki bazarda haryt bolçulygyny, şeýle hem eksporty artdyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde telekeçiligiň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik ulgamlarynda eýeleýän ornuny has-da berkidýändigini, döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan goşandyny yzygiderli artdyrýandygyny belledi.

Obasenagat toplumyna hususy ulgamyň wekilleriniň giňden çekilmegi geljekde azyk bolçulygyny üpjün etmäge, ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmaga, bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmaga ýardam eder. Milli Liderimiz hödürlenen taslamalaryň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi jemlemek hakynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän döredijilik forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýetiniň ägirt uly kuwwatyny görkezýän çäreleriň ençemesi guraldy.

Şolaryň hatarynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň we neşir önümleriniň sergisi hem-de şygryýet agşamy, halk dessançylarynyň, bagşylaryň, folklor-etnografik toparlaryň we ýaş zehinleriň çykyşlary bar. Kinofilmleriň hem-de sahna oýunlarynyň ilkinji gezek görkezilişi-de üstünlikli geçirildi. Ylmy maslahatlaryň gün tertibine sungatyň dürli görnüşlerini ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyzda geçirilýän giň gerimli özgertmeler ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasyny merdana halkymyzyň baý mirasy we onuň şöhratly taryhy hem-de häzirki bagtyýar güni barada gürrüň berýän täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl geçirilýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegine itergi berýän hem-de täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam berýän «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik çäresiniň ähmiýetini belläp, onuň jemleýji dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de Medeniýet hepdeligini geçirmegiň nobatyny dabaraly ýagdaýda Lebap welaýatyna bermegi tabşyrdy, ol Lebap welaýatynda indiki ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hem-de medeniýet ulgamynyň işgärlerine hormatly atlary dakmak mynasybetli dabaralary bu wakalaryň ähmiýetine kybap ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, täze häzirki zaman bilim toplumlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň geçirýän giň gerimli işleriniň çäklerinde, döwrüň talabyna laýyklykda milli bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge, şeýle hem giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Diýarymyzda açylýan mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyzda döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup, olarda ýaş türkmenistanlylaryň umumy orta bilim almagy, şeýle hem irki döwürden başlap, barlag we döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin hemme amatly şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere döredilýän ýöriteleşdirilen bilim toplumlarynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bilim derejesine köp babatda ýurdumyzyň geljegi bagly bolan ösüp gelýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň öňümizde durýan esasy wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şahsyýetiň esasy häsiýetleriniň, ahlak ugurlarynyň we gymmatlyklarynyň binýadynyň hut çagalyk döwründe kemala gelýändigini nazara alyp, biz has irki döwürden başlap, çagalaryň sazlaşykly, hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge ünsümizi jemlemelidiris.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hut çagalara bolan gatnaşyk häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuş we ruhy taýdan sagdynlygyny kesgitleýär. Jemgyýetimizde ýaş nesilleriň ahlak we maşgala gymmatlyklarynyň dowamaty, her bir ýaş türkmenistanlylaryň ähli ukybyny açyp bilmegi hem-de geljekde durmuşda üstünlik gazanyp bilmegi üçin başlangyç şertleri döretmek baradaky alada ugur alynýan esasy ýörelgelerdir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa hasabat bermek üçin söz berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habary ýetirdi.

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek babatda halkara maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Bu resminama BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we agza ýurtlaryň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy bu daşary syýasy ýeňiş bilen gutlap, milli Liderimize giň gerimli asylly işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu waka ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga we ösüşi üpjün etmäge saldamly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda geçirilen hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyň Bilelikdäki Beýannamasynyň Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilendigi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň altysynda hem çap edilendigi barada BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz bu waka ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki ýokary at-abraýynyň şaýatnamasy, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary netijeliliginiň ýene-de bir tassyknamasy hökmünde garaýarys.

Bu resminamanyň biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de bu abraýly halkara guramanyň degişli köptaraplaýyn resminamalarynda tassyk edilen Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllygyny belleýän ýylymyzda kabul edilmeginiň aýratyn many-mazmuny bardyr. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtady.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň başlangyjy boýunça dünýä bileleşiginiň bähbitlerine Baş Assambleýanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak meseleleri boýunça örän möhüm Rezolýusiýalary işläp taýýarlandygyny we kabul edendigini belledi.

Olaryň arasynda energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa we sport meselelerine bagyşlanan Rezolýusiýalar bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek we durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk usullary döretmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 28-nji maýynda Aşgabatda kabul edilen, Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek meselelerine bagyşlanan Bilelikdäki Beýannama häzirki döwürde halkara bileleşiginiň öňünde duran ykdysady, durmuş we ynsanperwer wezipeleri iş ýüzünde çözmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär hem-de Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek we ösdürmek işlerine nobatdaky goşandy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz türkmen halkyny we mejlise gatnaşýanlaryň hemmesini şu örän möhüm daşary syýasy waka bilen gutlap, ýurdumyzyň mundan beýläk hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek ugruna ygrarly bolup, öňe gitjekdigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, Daşary işler ministrligine häzirki döwürde halkara gün tertibinde duran ähli möhüm meseleler boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen institutlary we edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Garajaýewi ýurdumyzyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şol resminamalary wise-premýere, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge, demokratik institutlaryny milli däplerimize hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda berkitmäge gönükdirilen özgertmeleriň hukuk taýdan üpjün edilişi barada habar berdi.

Häzirki wagtda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, bedenterbiýe we sport, adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi bermek we beýleki meselelere degişli kanunçylyk resminamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanun taslamalarynyň uly toplumy taýýarlanyldy.

Şol resminamalaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, olaryň üstünde täzeden işlemek dowam etdirilýär. Şunda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleri we halkara hukugyň kadalary nazara alnyp, degişli ministrliklerden hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekliplere içgin garalýar.

Iş topary tarapyndan ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan teklipler öwrenilýär. Şeýle hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak işi dowam edýär.

Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de beýleki edaralaryň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde giň jemgyýetçilik bilen duşuşyklary geçirýärler. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky meseleler utgaşdyrylýar.

Ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzda geçirilýän durmuş-ykdysady hem-de konstitusion özgertmeleriň, hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň, şeýle hem kabul edilýän täze kanunçylyk resminamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary bilen bilelikde işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanun çykaryjylyk işiniň giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup durýandygyny hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýat institutlaryny pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetde demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taýýarlanylyşyna ünsi çekip, oňa bilim ulgamyndaky özgertmeler baradaky teklipleriň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz gelip gowuşýan teklipleriň ählisini düýpli öwrenmegiň hem-de Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň garamagyna hödürleniljek Konstitusion kanunyň taslamasynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem deputatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn we ylmy edaralaryň degişli hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýerlerde jemgyýetçilik bilen duşuşyklary geçirmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini halka ýetirmegi dowam etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan harby özgertmeleriň ileri tutulýan wezipelerini çözmek babatda geçirilýän işler, gözegçilik edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hem-de işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak meselelerini çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine berk eýerýändigini nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere ýaş esgerleri halkymyzyň iň gowy däpleriniň esasynda terbiýelemek hem-de Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň giň manysy bar. Bu sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewüligini emele getirýär, sungat bilen şygryýetiň durmuşdaky ähmiýetini has-da artdyrýar. Sebäbi medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetmegine medeniýet we sungat işgärleri uly goşant goşýarlar. Medeniýet we sungat işgärleriniň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gelip çykýan aýdyň wezipeleri, tutumly işleri çeper wasp etmekde, watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli giň gerimli wezipelere ruhlandyrmakda, medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmekde alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şoňa görä-de, biz ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, bagşy-sazandalaryň, artistleriň, suratkeşleriň, muzeý, kitaphana, kino, habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, folklor, tans toparlarynyň agzalarynyň döredijilikli zähmetine, zehin-başarnyklaryna aýratyn hormat goýýarys. Olaryň netijeli işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz nusgawy edebiýatymyzyň düýbüni tutan akyldar şahyrlarymyzyň sarpasyny belent tutýarys. Olaryň pähim-paýhasa ýugrulan baý edebi mirasyny giňden öwrenýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, kämillige, parasatlylyga eýlenen dürdäne goşgulary il-ýurda wepalylygyň beýik mekdebine öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň erkinlik, abadançylyk, agzybirlik baradaky belent arzuw-hyýallary häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly goşgulary dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilip, agzybirligiň aýdymyna, ynsanperwerligiň owazyna, dost-doganlygyň senasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy, ähli medeniýet işgärlerimizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan döredijilikli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.06.2020 ý.Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 15.07.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy