Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky kärendeçilere “Daýhan karzy” atly karzy hödürleýär

21.08.2020

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky kärendeçilere “Daýhan karzy” atly karzy hödürleýär

Hormatly Kärendeçiler!
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly we gant şugundyry  hasyllaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçilere “Daýhan karzy”  atly karzy  hödürleýär.

Karzyň möçberi - bir gezekde 10 000 (on müň) manadan ýokary bolmadyk möçberde; döwlet tabşyrygyna degişli önümlerden alan öňki üç ýylynyň sap peýdasyndan hasaplanyp, onuň bir aýa düşýän ortaça möçberiniň 40 göteriminden geçmezlik şerti bilen;
Karzyň göterimi - ýyllyk 10 (on) göterim;
Karz ugrunyň möhleti-1 (bir) ýyl;
Karzyň gaýtarylmaly möhleti - ekinleriň görnüşi boýunça:
                          pagta hasyly boýunça     -  dekabr aýynyň 25-ne çenli;
                          bugdaý hasyly boýunça  -  awgust aýynyň 25-ne çenli;
                          şaly hasyly boýunça        -  oktýabr aýynyň 25-ne çenli;
                          gant şugundyry boýunça  - dekabr aýynyň 25-ne çenli.

Karzyň üpjünçiligi  -  tölege ukyply daýhan birleşiginiň kepil haty
                                    ýa-da girew emlägi.

Habarlaşmak üçin, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna we onuň şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz!
Telefon belgilerimiz: 38-01-73, 38-01-54.
Ahal welaýaty 8-00137-33-4-39,
Balkan welaýaty 8-00246-5-21-51,
Daşoguz  welaýaty 8-00322-9-38-67,
Lebap welaýaty 8-00422-9-13-48,
Mary  welaýaty 8-00522-6-76-40.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 28.09.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy