Milli hukuk ulgamy kämilleşýär

Milli hukuk ulgamy kämilleşýär 11.09.2020

Milli hukuk ulgamy kämilleşýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşler we özgertmeler amala aşyrylýar.  Ýelden ýüwrük bedewlerimiz Ata Watanymyzyň täze eýýamyndaky ösüşleriniň nyşanyna öwrüldi. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ösüşleriniň we özgertmeleriniň özeninde konstitusion özgertmeler ýatyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalaryň biri hem “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegi  bolar.                                
Ösüşleriň häzirki tapgyry kanunçylyk binýadymyzyň döwrebap kämilleşdirmegini talap edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy-Esasy  Kanunymyzdyr. Onuň kämil bolmagy geljegimiziň üstünliklerini kepillendirýär. Konstitusiýamyza giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar ýurdumyzyň kanun çykaryjy täze edarasynyň işini has gowy guramaga, milli Parlamentimiziň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem, özgertmeleriň maksady demokratik-hukuk, dünýewi  döwletiň esaslaryny pugtalandyrmakdan hem-de durmuş we syýasy ugrlaryny amala aşyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelik-de, döwlet Baştutanymyzyň taryhy başlangyçlary bilen yglan eden konstitusion özgertmeler hem kuwwatly döwlet gurmak ýolunda mähriban halkymyza doly derejede gulluk etmek ukyby bolan döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde döredilen iş toparyna, döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşan teklipler doly seljerilip, umumylaşdyrylyp, toparyň ýygnaklarynda ara alynyp maslahatlaşylandan soň, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”  Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň taryhy başlangyçlary bilen Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatly ýokary derejede iş alyp barmak ukyby bolan döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň täze ulgamynyň kemala gelmegi üçin kanunçylyk-hukuk esaslar hem-de Diýarymyzyň raýatlarynyň saýlanmaga we saýlamaga bolan konstitusion hukuklaryndan erkin peýdalanyp, ýurduň wekilçilikli edaralarynyň üsti bilen döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga giňden gatnaşmaklary üçin täze konstitusion hukuk şertler üpjün ediler.
Ýurdumyzdaky konstitusion özgertmeler halk hojalygynyň hem ösüşleriniň gözbaşyna öwrüler. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda ähli ugurlary döwrebap we innowasion ösüşler gurşap aldy. Milli Liderimiziň durnukly ösüş syýasatynda sebitleriň ykdysady babatda ýokary depginli ösüşini gazanmak hem-de täze innowasion önümçilikleri döretmek, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply, daşarky önüm önderijilerden satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan taýýar önümleri öndürmek, olaryň dünýä bazarlaryna çykarylýan möçberlerini durnukly artdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek - esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini has-da artdyrdy. Konstitusion özgertmeler milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolunda örän ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakadyr. “Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giň gerim alan konstitusion özgertmeler Garaşsyz, hemişelik  Bitarap döwletimizde kanunçylygyň berkidilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy üçin ygtybarly esas bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny pugtalandyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary eziz Diýarymyzyň täze taryhynda aýratyn ähmiýetli syýasy-jemgyýetçilik waka bolup durýar. Göz öňünde tutulýan konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini has gowy guramaga, milli Parlamentimiziň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, döwrüň öňe çykarýan derwaýys meselelerini netijeli çözmäge, deputatlaryň saýlawçylar bilen has ykjam gatnaşyklaryny ösdürmäge amatly şertleri döreder we esasy kanunymyzyň döwrebaplaşdyrylmagy ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda täze ösüşleriň gazanylmagyna itergi berer.  
Ýurdumyzy Konstitusion özgertmeler bilen täze ösüşlere we belentliklere alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!  

Sapargeldi Kurtow -Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik
bankynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap şahamçasynyň
Buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň hünärmeni,                                              
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.                    

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 24.09.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy