Maşgala bolup bank hyzmatyndan peýdalanyň

01.10.2020

Maşgala bolup bank hyzmatyndan peýdalanyň

Maşgala bolup bank hyzmatyndan peýdalanyň
        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany”  ýylynda    hormatly   Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde elektron tehnologiýalaryň we internet ulgamynyň işjeň ösmegi netijesinde ýurduň islendik sebitinde ildeşlerimiziň sanly bank hyzmatlaryndan  bökdençsiz peýdalanyp bilmegi üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Sanly bank, gije-gündiziň dowamynda bank edarasyna barmazdan özi üçin zerur amalyny geçirmegiň amatlylygyndan peýdalanmak bilen bir hatarda müşderi üçin gymmatly wagtyny we  harajatlaryny tygşytlamaga  mümkinçilik berýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara alyp, ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen bank kartlary arkaly hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmak, köp sanly täze görnüşli bank önümlerini ilata hödürlemek bilen bir hatarda nagt däl hasaplaşyklaryň howpsuz, amatly, amala aşyrylmagy gazanylýar we olaryň goraglylygy üpjün edilýär. Häzirki wagtda günüň islendik wagtynda bankyň ýa-da edaralaryň iş wagtyna garamazdan nagt däl tölegleri amala aşyrmak mümkinçiligi bolan “Internet-bank” hem-de “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karz we onuň göterimini tölemek, bank kart hasabynyň hereketini dolandyrmak ýaly hyzmatlardan peýdalanmaklyk işi üstünliklere eýe bolýar.



“Internet-bank” we Mobil-bank” hyzmatyna birikmek we internet ulgamynyň, ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň hasabyna ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky “Maşgala” bank kartynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar. Maşgalada zähmet çekýän raýat öz islegi bilen bank kart hasabyna birikdirmek bilen, maşgala agzalarynyň adyna açylan bank karty ulanyp, ähli hödürlenýän bank hyzmatlaryndan peýdalanyp biler. “Maşgala” bank kartynda “Internet-bank” hyzmaty arkaly hepdelik sarp ediljek pul mukdaryny müşderiniň özi özbaşdak kesgitläp bilýär.
“Maşgala” bank kartynda hepdelik sarp ediljek pul serişdesiniň möçberini goýmagyň “Internet-bank” hyzmaty arkaly yzygiderligi:
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet salgysyny ýazmaly. Bankyň internet sahypasynyň kömegi bilen müşderi islendik ýerde bank işgäri gatnaşmazdan, öz hasabynyň ýagdaýyny görüp we bank karty bilen bagly amallary ýerine ýetirip bilýär.
Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň resmi internet sahypasy açylandan soňra, baş sahypa bölümine girmeli. Açylan penjireden “Internet hyzmatlary” bölümine girmeli. Internet hyzmatyna kompýuter enjamlaryna ýa-da öýjükli telefonlaryna  birikdirmegiň netijesinde, “Internet-bank” hyzmatlaryndan  peýdalanyp bolýar.
  Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň Internet sahypasyna “Internet-bank” hyzmatyna birikdirilen ulanyjynyň adyny (login) we açar sözüni (parol) ýazmaly. “Internet-bank” hyzmatynyň üsti bilen elektron görnüşde bank kartlary bilen bagly amallary ýerine ýetirip bolýar.
  “Internet-bank” sahypasy açylandan soňra, müşderä degişli bolan bank kartlaryndan “Maşgala” bank kartyny saýlamaly.
   “Maşgala” bank karty baradaky maglumatlar açylan sahypadan “Kart galyndysy" bölüminden nagt we nagt däl görnüşinde sarp ediljek pul serişdesiniň möçberini kesgitläp bolar.
  Bank ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda uly tagallalary edýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!



Roza Bazarbaýewa,
Türkmenistanyň "Daýhanbank"  döwlet täjirçilik
bankynyň Daşoguz welaýat  şahamçasynyň  
Plastik kart bölüminiň  esasy hünärmeni                                                      

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 24.10.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy