Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi 31.12.2020

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýyla ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi. Onuň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama gabat gelýär.

Şeýle hem milli parlamentiň Başlygy geljek ýylyň nyşanynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenilýän taslamasynyň yglan edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyp alnandygyny habar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemledi.

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmändigi bellenildi.

Garaşsyz döwletimiz beýleki ýurtlar, esasy halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny bellenen derejede giňeltdi we berkitdi. Örän möhüm halkara soraglary çözmäge gönükdirilen netijeli teklipler bilen çykyş etdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Geçip barýan ýylda halkara saparlaryň hem amala aşyrylandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy. Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýurdumyza iş sapary amala aşyryldy.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara döwlet Baştutanymyzyň onlaýn görnüşde ýokary derejede geçirilen ençeme köptaraplaýyn duşuşyklara, şol sanda: Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň “COVID-19” pandemiýasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk” atly mowzuk bilen geçirilen ýokary derejedäki wideoduşuşygyna; Goşulyşmazlyk Hereketiniň Gatnaşyk toparynyň «Bilelikde COVID-19-a garşy» atly mowzuk bilen geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna; Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen üç taraplaýyn duşuşyga; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşandygy habar berildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde hem-de Halkara Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy.

Biziň möhüm halkara meseleleri çözmäge gönükdirilen netijeli tekliplerimiz dünýäniň esasy halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Muňa mysal hökmünde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama kabul edildi.

Biz Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalary amala aşyrmaga ýardam bermek arkaly bu ýurdy hemmetaraplaýyn goldamak boýunça hem netijeli işleri alyp bardyk diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Umuman, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletleriniň resmi wekilleri, şol sanda döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, ýurdumyzda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, şeýle hem dürli halkara korporasiýalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen 20 gezek ikitaraplaýyn duşuşygy, 40 gezek hem telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, biziň daşary syýasatymyzyň baş ugrunyň, ozalkysy ýaly, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna we häkimlere ýüzlenip, ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda netijeli işleriň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Koronawirus pandemiýasy we köp ýurtlaryň çäklendirme çärelerini girizen şertlerinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Dürli senagat pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ýokary hilli işläp düzüp hem-de amala aşyryp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitledik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Saglygy goraýyş babatda hem öz wagtynda zerur çäreleriň görlendigi bellenildi. Ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen görlen çärelerden daşary, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ep-esli berkitdik we häzir hem bu işi dowam edýäris.

Şu ýylyň dowamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi we Estetiki merkez, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häzirki zaman «Bagabat» şypahanasy, Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Ýokanç keseller hassahanasy işe girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutup, biz kabul edilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin, haýal etmän ähli zerur bolan çäreleri gördük diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 49, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisi, döwlet derejesinde dürli maslahatlaryň hem 57-si geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, halkara derejedäki duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu soraglar boýunça döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi, zerur bolan resminamalara hem gol çekildi.

Milli Liderimiz döwlet dolandyryşy, içerki hem-de daşarky maliýe, söwda ulgamlary, şeýle hem zähmet we haryt bazarlary ýaly ugurlarda özgertmeleri geçirmegiň depginleriniň güýçlendirilendigini aýtdy. Bu bolsa orta möhletli döwürde önümçiligiň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz wagtynda dogry kararlary we çözgütleri kabul etmegi, sazlaşykly, netijeli hem-de maksada okgunly işleriň geçirilmegi, şeýle hem mähriban halkymyzyň giňden goldamagy ykdysadyýetde we daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagyň girewi boldy.

Netijede, çylşyrymly şertlere garamazdan, şu ýyl bize örän köp işleri bitirmek we köp sanly meseleleri çözmek başartdy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda wekilçilikli hem-de kanun çykaryjy häkimiýeti mundan beýläk-de kämilleşdirmek işi alnyp barylýar.

Halkara çäreler ýokary derejede geçirildi. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly ýubileýi giňden bellenildi. Umuman, 2020-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisi diýen ýaly üstünlikli amala aşyryldy.

Şeýle hem milli Liderimiz geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigini belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de 10 göterim artdyrdyk. Zähmet haklaryny tölemekde hem hiç hili mesele ýok.

2020-nji ýylyň üstünlikleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl 1 million 476 müň tonna galla ýygnalyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini belledi.

Ýurdumyzda 1 million 280 müň tonna pagta hasyly ýygnaldy. Mundan başga-da, häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Bu gurluşyklar durmuşa geçirilýän taslamalaryň örän giň gerimlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar, täze iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobildir polat ýollary gurlup, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary emele getirilýär.

Amala aşyrylýan bu tutumly işler biziň ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşýan saldamly goşandymyzdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desganyň şu ýyl işe girizilendigini habar berdi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň we beýleki ýurtlara eksport etmäge niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmagyň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda ýerli çig mallary peýdalanýan, häzirki döwrüň tehnikalary hem-de tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalary guruldy hem-de gurulýar.

Mysal üçin, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýokary hilli keramiki önümleri öndürýän, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda demirbeton önümlerini çykarýan iri zawodlar, Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda gury gurluşyk garyndylary we gips kartony kärhanasy, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bezeg metal önümleri zawody ulanylmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şu ýyl ýurdumyzda umumy meýdany 2 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi aýratyn guwançly ýagdaýdyr.

Türkmenistan — Owganystan–— Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny we beýleki halkara taslamalary amala aşyrmagy hem dowam edýäris.

Umuman, 2020-nji ýyl hemmeler üçin örän kynçylykly boldy, syýasy we ykdysady babatda dürli ýaramaz wakalar köp bolup geçdi. Ýöne, muňa garamazdan, biz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň şu ýyl hem gowy, ýagny 5,9 göterim derejede bolmagyna garaşýarys.

Geçip barýan ýylyň netijelerine baha berip, umuman, örän kynçylykly bolsa-da, bu ýyl biziň üçin oňat ýyl boldy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri mejlise gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Geljekki nesillerimiziň bitiren bu işlerimize mynasyp baha berjekdigine ynanýaryn. Ählumumy çökgünligiň agyr synagyndan geçip, biz öz öňümizde has uly maksatlary we wezipeleri goýarys. Geljek ýyl bolsa belent sepgitleri gazanmagyň ýyly bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

2021-nji ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläris. Bu bolsa, gazanylan netijeleri jemlemegiň hem-de geçilen ýola ser salmagyň döwri bolar. Halkymyz üçin örän möhüm bolan bu senäni anyk işler we täze taslamalary amala aşyrmak bilen belläp geçeris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işini hem yzygiderli dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistanyň Milli Geňeşine geljek ýyl geçiriljek saýlawlar Garaşsyz döwletimiz üçin ýene-de bir möhüm waka bolar.

Bu saýlawlaryň ýokary raýat işjeňliginiň hem-de jemgyýetimiziň syýasy kämilliginiň mysalyna öwrüljekdigine ynanýaryn diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal düýbüni tutan demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawly bolmagydyr, her adamyň öz islegini erkin beýan edip bilmegidir. Şeýle hem söz azatlygynyň goralmagydyr we raýat jemgyýetiniň berkidilmegidir. Munuň özi ýurduň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Şoňa görä-de, bu kadalaryň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda, kanunlarymyzda we tertip-düzgünimizde öz beýanyny tapýar.

Biz ykdysadyýetde, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda yzygiderli çäreleriň giň gerimli toplumyny amala aşyrmagy dowam ederis. Ilatyň ähli gatlaklarynyň zerurlyklaryna we isleglerine düýpli üns bereris.

Saglygy goraýşyň mümkinçiliklerini yzygiderli berkidip, zerur bolanda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin goşmaça serişdeleri goýbereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde halkymyzyň agzybirligi, her bir raýatyň Garaşsyzlyk gymmatlyklarymyzy gözüniň göreji ýaly goramagy örän möhümdir.

Biz halkara howpsuzlyk ulgamyny berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrumyzy dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ornuny pugtalandyrmaga ýardam bereris.

Milli bähbitlerimizi berk gorap, häzirki köpugurly dünýäde özüniň netijelidigini görkezen sazlaşykly we oýlanyşykly daşary syýasatymyzy yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, her ýyl bir şygary yglan edýändigimizi, şol şygaryň hem öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň beren maglumatyna görä, deputatlar we halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde teklip edilýän geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny makullady.

Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda milli Liderimiz geljek, 2021-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda ähli çäreleriň, şol sanda binalary we desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermek boýunça çäreleriň eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2021-nji ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny metbugatda we teleýaýlymlarda ýerleşdirmek barada tabşyryk berildi. Döwlet Baştutanymyz şu gezek Täze ýyl baýramynyň anna gününe düşýändigi sebäpli, ýurdumyzyň ilatynyň bu baýramy dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek baradaky karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygy günlerinde raýatlarymyzyň oňaýly dynç almaklary üçin şäherleriň we obalaryň kadaly durmuş üpjünçiligini ýola goýmakda möhüm şertleri döredýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny degişli derejede guramak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary hökmünde B.Öwezowa Täze ýyl baýramy günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy degişli derejede guramak, wise-premýer M.Geldinyýazowa bolsa bu işlere ýardam bermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirmek hem-de şonda Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ministrliklerde we pudak edaralarynda nobatçylyk etmegiň tertibine seretmek tabşyryldy. Nobatçylyk etjek işgärler we olaryň telefon belgileri şol tertipde görkezilmelidir. Bu häkimlere hem degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellenilmelidigini, jemagat hojalygy, elektrik energiýasy hem-de suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talabalaýyk işlemeginiň guralmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe we energetika ministri Ç.Pürçekowa 29-njy dekabrda gije birnäçe sagadyň dowamynda elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençlik üçin berk käýinç yglan etdi.

Wise-premýer B.Öwezowa bütin ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günleri raýatlarymyz oňat dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçer ýaly ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulag-kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we pudaklary mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgama guramaçylykly geçmek we häzirki zaman ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýratyn maglumat berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde birnäçe durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudaklaryň önümçilik we serişde binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylýandygy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de Watanymyzyň 2021-nji ýylda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine çagyrylan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Häkimler häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda Täze ýyly mynasyp garşylamak we geljek ýyl üçin kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler.

Şeýle hem çykyş edenler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa jemgyýetimizde agzybirligi, bütewiligi, ýurdumyzda durnuklylygy pugtalandyrmak, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak we bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreler barada giňişleýin habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyşynyň başynda milli Liderimizi şu günki mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Täze, 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýyl döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara beslendi. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenilen ýylynda döwlet syýasatynda, durmuş-ykdysady ulgamda we halkara gatnaşyklarda ýokary sepgitlere ýetildi diýip, wise-premýer sözüni dowam etdi.

Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda döwlet derejesinde zerur işleriň geçirilendigini belledi. Türkmenistanyň daşary syýasatynda gyzyklanma bildirýän döwletler we halkara guramalar bilen ýurdumyzyň ýola goýýan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy.

Şu ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde amala aşyrmakda ygtybarly hukuk binýady bolan “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem milli Liderimiziň teklibi boýunça BMG-niň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň we Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek we döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2021-nji ýyly mynasyp derejede garşylamak boýunça zerur işleriň geçirilýän günlerinde “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanandyklary üçin ähli kärdeşleriniň adyndan milli Liderimize hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Täze, 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 2020-nji ýyl Türkmenistan üçin taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynyň ähli düzümlerinde ýokary netijeler gazanyldy. Munuň özi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda has ähmiýetli boldy diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, geljek ýylyň şowly bolmagyny, Täze ýylyň täze üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda nobatdaky möhüm ädimleri ätmegini arzuw etdi we hemmeleri ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady.


(30.12.2020 ý.Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi)

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 07.01.2021 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy