Döwrüň talabyna eýerip

29.01.2021

Döwrüň talabyna eýerip

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilen 2020-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ykdysady, medeni we syýasy taýdan ösdürmek bilen ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini has-da kuwwatlandyrmak bilen birlikde milli ykdysadyýetimiziň oba senagat toplumyny ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hasabyna ösdürmek, ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny döretmek we oba senagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak barada ägirt uly işler amala aşyryldy.
  2020-nji ýylda, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ulgamynda 50 sany şahamça we olaryň düzüminde 10 sany bank gulluklary hereket edip, bankyň müşderilerine bank hyzmatlary ýerine ýetirildi.
  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda däne kombaýnlaryny yzygiderli satyn alyp bermegi bilen bugdaý meýdanlarynda däne  kombaýnlary bökdençsiz işledilip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny  öz wagtynda we gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak işleri guramaçylykly ýola goýuldy. Şeýle hem bereketli türkmen ýaýlasynyň altyn öwüsýän bugdaý atyzlarynda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly öndürilip, döwlet harmanyna 1 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy we bank tarapyndan bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda doly geçirildi.
          Bank we onuň şahamçalary tarapyndan döwlet tabşyrygyna girýän pagta, bugdaý, şaly we gant  şugundyry  hasyllaryny  ösdürip  ýetişdirmek-
ligiň  ähli  döwründe  bugdaý  öndürijileriň  önümçilik  harajatlary  ekiniň
1 gektaryna edilýän harajatlaryň meýilnama hasabyna laýyklykda açylan ýeňillikli karz ugrunyň hasabyna bökdençsiz maliýeleşdirildi.
  Bank tarapyndan ýurdumyzyň oba senagat toplumyna hyzmat edýän bank hökmünde ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek we ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiligini artdyrmak bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak  we önüm öndürijilere edilýän bank hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek baradaky işleri ýokary işjeňlik bilen alnyp baryldy. Bankyň müşderisi bolan we döwlet tabşyrygyna girýän pagta, bugdaý, şaly we gant şugundyry hasyllaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçilere “Daýhan karzy” atly täze karzy bermek ýola goýuldy.
Kärendeçilere “Daýhan karzynyň” berilmeginde olaryň soňky 3 ýylda pagta, bugdaý, şaly we gant şugundyry hasyllaryny döwlete tabşyryp, önümleriň ýerlenilmeginden gelen girdejileriň hasabyna alan ortaça peý-dasy boýunça maliýe ýagdaýynyň durnuklylygy, karzyň möçberiniň 3 ýyldaky ortaça peýdasynyň 40 göteriminden ýokary bolmazlygy, bank kart hasabyna her ýylda geçirilýän gutarnykly hasaplaşykda pul serişdeleriniň möwsümleýin gelmegi we kärendeçiniň karz taryhynyň oňyn bolmagy ýaly şertler göz öňünde tutuldy.
Bank tarapyndan kärendeçilere berilýän “Daýhan karzynyň” möçberi  karz alyjy-kärendeçiniň soňky 3 (üç) ýyldaky ortaça peýdasy (gutarnykly hasaplaşykda eline almaga degişli serişdeleri) esasynda hasaplanylýar we ortaça peýdanyň 40 (kyrk) göteriminden hem-de  bir gezekde 10 (on) müň manada çenli berilýär.
Bank tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzy bermeklik kämilleşdirildi. Karzyň möçberi - 30 000 (otuz müň) manada çenli bolup, karzyň göterimi - ýyllyk 10 (on) göterim, karzyň möhleti - 3 (üç) ýyla (alty aý ýeňillikli döwri bilen) çenli, karzyň üpjünçiligine - tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi alynýar.
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine “Cash back” hyzmaty hem ýerine ýetirildi. “Cash back” hyzmaty bank önümi bolup, ol “Goýum bank karty”, şeýle hem önüm öndürijilerimiz üçin niýetlenen “Altyn asyr” bank kartlaryna we Pensiýa we  hemaýat kartlaryna birikdirilen. “Goýum bank karty” bank karty ýörite raýatlarymyzyň erkin duran nagt pul serişdelerini banka çekmek üçin, hem-de ilatymyzy durmuş taýdan goldamak maksady bilen işlenip düzüldi. Bu bank kartynyň aýratynlygy oňa milli manatda çäklendirilmedik  möçberde nagt  serişdeler kabul edilýär we duran serişdesiniň üstüne ýyllyk 5% hasaplanyp geçirilýär.
Raýatyň islegine görä, pul serişdesini bankomatyň üsti bilen bellenen çäk esasynda nagt alyp we nagt däl görnüşinde bankomatlaryň, töleg terminallaryň üsti bilen tölegleri geçirmek arkaly ulanyp, hem-de bankyň ähli welaýat, etrap we şäher şahamçalarynyň üsti bilen pul serişdelerini  nagt görnüşinde dolulygyna yzyna alyp bilýär.
   “Cash back” hyzmaty munuň özi pul sylagy bilen sylaglandyrmak hyzmatydyr. Ýagny, raýatlarymyza amatly hem-de ygtybarly tölegleriň biri bolan nagt däl hasaplaşyklaryň üsti bilen töleg amala aşyrylanda “Goýum bank karty” atly bank kartyna 1%, önüm öndüriji kärendeçilerimiz üçin niýetlenen “Altyn asyr” bank kartyna 5%, Pensiýa we hemaýat kartlaryna 5% “Cash back” sylaglandyrma hyzmaty tölenilýär.  Bu diýildigi,  “Goýum bank karty” bank kartyndan edilen her bir nagt däl hasaplaşylan söwdaňyzdan ýa-da peýdalanan hyzmatyňyzdan 1% arzanladyş we önüm öndüriji kärendeçilerimiz üçin niýetlenen “Altyn asyr” we “Pensiýa we hemaýat” bank kartyndan her bir nagt däl edilen söwdaňyzdan ýa-da hyzmatyňyzdan 5% arzanladyş bar diýmekdir. Mundan başga-da bank kartlarynda duran serişdelere ýyllyk 5% hasaplanyp, bu hem öz gezeginde müşderilerimize goşmaça girdeji getirýär.
   Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimiz gün saýyn ösýär we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi özgerýär. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky raýatlarymyzyň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen “Owerdraft” atly bank karzyny hem işe girizdi. Bu karz, “Altyn asyr” bank kartyna birikdirilýär. Karz alýan raýatyň her aýda alýan zähmet hakynyň 50 (elli) göterimden ýokary bolmadyk möçberindäki karz berilýär. “Owerdraft”  karzy bir ýyl möhleti bilen, ýyllyk 10 göterim derejesinde şertnama baglaşylyp, 30 (otuz) günden köp bolmadyk döwür aralygyny öz içine alýar.
  Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere berýän goldawy esasynda, içki karzlarymyzy ýurdumyzda öndürilýän önümlere gönükdirilmegi netijesinde,  daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek we daşky bazarlara eksport etmek mümkinçiliginiň artmagyna elter. Şeýle hem, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky,  Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň” tertibine üýtgeşme girizilmegi esasynda hususy telekeçileriň alyp barýan işlerinde bökdençlikleriň döremezligi hem-de erkin duran pul serişdelerini banka çekmek we pul dolanyşygynda nagt däl hasaplaşygyň paýyny artdyrmak üçin amala aşyrylýar. Hususy telekeçileriň hyzmat edilýän bankynyň şahamçalarynyň kassalaryna tabşyran nagt pullarynyň 75 göterime çenli şol aýyň islendik wagtynda yzyna alyp bilýär.
Nagt däl töleg terminallarynyň üsti bilen fiziki şahslardan gelen serişdäniň 50 göterimine çenli çäklerinde öz islegine görä hyzmat edilýän bankynyň şahamçalaryndan nagt pullary almaga mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da lomaý söwda işi bilen meşgullanýan telekeçilerimize bölek satuw söwdasy bilen meşgullanýan telekeçi bilen baglaşylan almak-satmak şertnamasy esasynda hasaplaşyk geçirilende, bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň öz hyzmat edýän bank şahamçasyndan nagt görnüşinde pul serişdelerini tabşyryp, töleg tabşyrygy esasynda lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň hasaplaşyk hasabyna nagt görnüşinde geçiren serişdelerinden onuň telekeçilik maksatlary üçin nagt pullaryň 70 göteriminiň çäklerinde çykdajylar edilýär. Bu hem, bolsa ýurdumyzda telekeçilik işini  goldamakda we olaryň işinde bökdençligiň döremezligi  ugrunda alyp barylýan ädimleriň biridir.
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan goýumlara serişdeleri nagt we nagt däl görnüşlerinde çekmek, depozitleriň hilini gowulandyrmak (möhletli goýumlaryň çekilen serişdeleriň düzüminde paýyny artdyrmak babatda) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň üsti bilen mahabatlandyrmak işlerine uly üns berildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Talap edilýänçä (ilatyň goýumlary) - 150%, möhletli goýumlaryň ösüş depgini - 107%  ýokarlandy. Hazirki wagtda “Goýum” bank kartynyň we “Maşgala” kartynyň bähbitleri, amatlyklary barada mahabat işlerine uly üns berilýär we degişli çäreler geçirilýär.
Nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi üçin bankymyz tarapyndan degişli işler yzygiderli tertipde geçirildi.
Ýagny, bankymyzyň bankomatlaryndan we terminallaryndan, internet we mobil bankdan nagt däl görnüşinde geçirilen amallaryň möçberi -  1623 mln manat bolup, onuň ahli amallardan tutýan udel agramy - 20 % bolan. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkezijiniň möçberi - 640 mln manat. Bu görkezijini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde nagt däl görnüşinde geçirilýän amallar 983 mln manat aratapawut bolup, ösüş depgini 254%  boldy.  
        Karz almaga isleg bildirýän raýatlarymyzyň ýüz tutmalaryny “Online” görnüşinde kabul etmek hyzmaty bankyň internet sahypasynda ornaşdyryldy.
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky 2020-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýardam bermeklige we halkyň, esasanda oba ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen möhüm çäreleri amala aşyrmagy başardy. Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ykdysadyýetini ösdürmek, halal zähmetleri bilen öz girdejilerini artdyrýan önüm öndürijileriň sanyny barha artdyrmak we oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak baradaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine maliýe goldawyny bermek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem has-da kämilleşdirmek bilen yzygiderli alyp barar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň yksadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi giň gerimde dowam edýär. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy halkara tejribeleri esasynda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp ýokary ykdysady ösüşler gazanylýar.
Goý, türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda bolçulykly ertirlere alyp barýan  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Altyn Durdyýewa,
Türkmenisanyň “Daýhanbank” döwlet
täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik
we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 09.02.2021 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy